Okyjylaryň sowallary
Hoş habary wagyz etmegi haçan bes ederis?
Isa pygamber: «Patyşalyk baradaky hoş habar bütin ýer ýüzünde ähli milletlere wagyz ediler, soňra dünýäniň soňy geler» diýdi (Mat. 24:14). Matta 24-nji babyň şu we 6, 13-nji aýatlarynda grekçe «telos» sözi «soňy» diýip terjime edilen. Şol söz Şeýtanyň dünýäsiniň soňuny, ýagny Armageddon urşunda ýok ediljek wagtyny aňladýar (Ylh. 16:14, 16). Diýmek, biz Patyşalyk baradaky hoş habary Armageddon urşy başlaýança wagyz ederis. Biz şu aýatlara öň başgaça düşünýärdik.
Öň edebiýatlarymyzda ýalan dinler ýok edilip, uly betbagtçylyk başlanda hoş habary wagyz etmegi bes ederis diýip düşündirilýärdi (Ylh. 17:3, 5, 15, 16). Biz uly betbagtçylyk başlanda Ýehowa adamlara hoş habary kabul etmäge mümkinçilik bermez diýýärdik (Işa. 61:2). Şeýle-de diňe uly betbagtçylyk başlamanka Ýehowa wepalydygyny subut eden adamlar halas bolar öýdýärdik. Biz olary b. e. öň 607-nji ýylda Iýerusalim weýran edilende halas bolan ýehudylar bilen deňeşdirýärdik. Şonda heniz Iýerusalim weýran edilmänkä erbetligi ýigrenip, Ýehowa sežde eden ýehudylar halas bolmak üçin bellik alypdy (Hyz. 5:11; 9:4). Ýöne şeýle deňeşdirme Matta 24:14-däki sözlere gabat gelmeýär. Isanyň sözlerinden hatda Armageddonyň öňüsyrasynda adamlaryň hoş habary kabul etmäge mümkinçiliginiň bardygyny görse bolýar.
Matta 24:14-iň täzeçe düşündirilişi, Ylham 16:21-nji aýada hem gowy düşünmäge kömek edýär. Ylham kitabynda biziň buza meňzeş habary aýtjakdygymyz nygtalýar. Biz şu aýatlaryň ikisi barada-da gözleg geçirdik we ikisinde-de şol bir habaryň aýdylýandygyna göz ýetirdik. Pawlusyň sözleri muňa düşünmäge kömek etdi. Biziň aýdýan habarymyz «ýakymly ys kimin» ýaýrap, halas boljaklar üçin «ýaşaýyş berýän» hoş habar, Hudaýyň duşmanlary üçin bolsa «ölüm getirýän» şum habar (2 Kor. 2:15, 16). Heläk boljaklar Patyşalyk habaryny ýigrenýärler, sebäbi ol şu dünýäniň zalymdygyny, Şeýtanyň elindedigini we tizden ýok ediljekdigini paş edýär (Ýah. 7:7; 1 Ýah. 2:17; 5:19). Diýmek, Matta 24:14 we Ylham 16:21-nji aýatlara görä, biziň aýdýan habarymyz kimler üçin hoş habar, kimler üçin bolsa şum habar bolar.
Ylham 16:21-de aýdylýan buz «biçak uly». Uly betbagtçylykda hoş habar adamlaryň ýüregini sarsdyrar, şonda Ýehowanyň ady hakda her bir adam eşider (Hyz. 39:7). Ýalan dinler ýok edilensoň, ýakymly ysy, ýagny hoş habary halajak adamlar bolarmy? Hawa, bolup biler. Belki-de, käbir adamlaryň Ýehowanyň Şaýatlarynyň ençeme ýyllap ýalan dinleriň ýok ediljekdigi hakda wagyz edendikleri ýadyna düşer. Käbirleri bolsa ilkinji gezek eşider.
Müsürliler bilenem şeýle bolupdy. Ýehowa «Müsüriň ähli taňrylaryny höküm edip», olara on jeza beripdi. Şondan soň «ysraýyllaryň ýany bilen başga-da birgiden adam» Müsürden çykyp gaýdypdy (2 Mus. 12:12, 37, 38). Belki-de, olar Musanyň aýdyşy ýaly bolandygyny görüp, Ýehowanyň halkyna goşulandyr.
Ýalan dinler ýok edilip, Armageddon urşy başlamanka hem şeýle bolup biler. Ýehowanyň halkyna goşulan adamlarda ýer ýüzünde ýaşap ýören saýlanan mesihçileri goldamaga mümkinçilik bolar. Elbetde, Armageddonyň öň ýany saýlanan mesihçiler göge alnar (Mat. 25:34—36, 40). Diýmek, adamlar Armageddon urşy başlamanka durmuşyny üýtgetmeli, şonda Isa höküm çykaranda olary «goýunlaryň» hataryna goşar.
Aýatlaryň aýdyň düşündirilmegi Ýehowanyň beýik söýgüsini hem-de rehimdar Hudaýdygyny ýene bir gezek subut edýär. Dogrudanam, Ol «hemmeleriň toba edip, halas bolmagyny isleýär» (2 Pet. 3:9).