Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w25 Awgust sah. 26—30
  • Utanjaň bolsam-da, missioner bolup gulluk etdim

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Utanjaň bolsam-da, missioner bolup gulluk etdim
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2025
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • UZAK WAGTLY GULLUGA BAŞLAÝŞYM
  • MISSIONER BOLASYM GELDI
  • HOWPLY ÝURTDA MISSIONER BOLDUK
  • BAŞGA ÝURTDA MISSIONER BOLDUK
  • KÖP KYNÇYLYKLARA DÖZ GELDIM
  • ÝEHOWA ŞÜKÜR!
  • Bolgariýadaky ýörite kampaniýa üstünlikli geçdi
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2010
  • Ýehowa meni hemişe goldaýardy
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2021
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2025
w25 Awgust sah. 26—30
Marianna Werthols.

TERJIMEHAL

Utanjaň bolsam-da, missioner bolup gulluk etdim

MARIANNA WERTHOLS GÜRRÜŇ BERDI

ÇAGA wagtym utanjaňdym we adamlardan çekinýärdim. Ýöne Ýehowa adamlary söýmegi öwretdi. Kakamyň, 16 ýaşly uýanyň göreldesi, ýanýoldaşymyň mähirli sözleri we sabyrlylygy maňa missioner bolup gulluk etmäge kömek etdi. Geliň, durmuşym hakda gürrüň bereýin.

Men 1951-nji ýylda Awstriýanyň Wena şäherinde dünýä indim. Maşgalam katolik dinine uýýardy. Men utanjaň bolsamam, Hudaýa ynanýardym we köplenç Oňa doga-dileg edýärdim. Dokuz ýaşymdakam kakam Ýehowanyň Şaýatlary bilen okuw geçip başlady. Ondan soň ejemem Mukaddes Kitap okuwyna başlady.

Gyz jigim Elizabet (çepde)

Birnäçe wagtdan biz Wenadaky «Dobling» ýygnagyna gatnap başladyk. Biz maşgalamyz bilen köp zatlary bile edýärdik. Meselem, Mukaddes Kitaby okaýardyk, öwrenýärdik, ýygnaklara gatnaşýardyk we kongreslerde meýletin kömek edýärdik. Kakam kiçiligimden Ýehowany söýmegi öwretdi, gyz jigim ikimiziň pioner bolup gulluk etmegimizi isleýärdi we ol hakda häli-şindi doga edýärdi. Ýöne meniň pioner bolasym gelmeýärdi.

UZAK WAGTLY GULLUGA BAŞLAÝŞYM

1965-nji ýylda 14 ýaşymda suwa çümdürildim. Maňa wagyz etmek we nätanyş adamlar bilen gürrüňdeş bolmak kyn bolýardy. Meniň özüme göwnüm ýetmeýärdi, deň-duşlarym ýaly bolasym gelýärdi. Suwa çümdürilenime köp wagt geçmänkä, Ýehowa gulluk etmeýän oglan-gyzlar bilen dostlaşdym we köp gatnaşyp başladym. Olar bilen oturyp-turuşmak maňa ýaraýardy. Ýöne olar bilen aramy üzüp bilmeýändigime ynsabym köseýärdi.

Marianna bilen Doroteýa.

Doroteýadan köp zat öwrendim (çepde)

Şol wagtlar ýygnagymyza Doroteýa atly gyz geldi. Ol 16 ýaşyndady. Men onuň öýden-öýe yhlasly wagyz edýänine haýran galýardym. Men Doroteýadan känbir uly bolmasam-da, onuň ýaly ýanyp duran wagyzçy däldim. Men özüme şeýle diýýärdim: «Meniň ene-atam Ýehowanyň Şaýady. Doroteýanyň maşgalasyndakylar bolsa, hakykatda däl. Üstesine-de, ol ýarawsyz ejesine seredýär. Ýöne Doroteýa haçan görseň wagyzda». Ony görüp meniňem Ýehowa köpräk gulluk edesim gelýärdi. Şeýdip, ikimiz kömekçi pioner bolduk, soňra pioner gullugyna başladyk. Doroteýanyň yhlasy maňa-da ýokuşdy. Onuň kömegi bilen men hakykat bilen gyzyklanan adama Mukaddes Kitapdan okuw geçip başladym. Şondan soň islendik ýerde, öýden-öýe we köçede wagyz edenimde adamlar bilen arkaýyn gepleşip bilýärdim.

Pioner gullugyna başlanyma bir ýyl bolup-bolmanka, ýygnagymyza awstriýaly Heýniz atly dogan geldi. Ol hakykaty Kanada, doganynyň ýanyna gideninde eşidipdi we şondan soň Ýehowanyň Şaýady bolupdy. Heýnizi biziň ýygnagymyza ýörite pioner edip bellediler. Men ony birinji gezek görenimde haladym. Heýniziň missioner bolup gulluk edesi gelýärdi. Men bolsa missioner bolmak hakda asla pikirem etmeýärdim. Şonuň üçin başda ony gowy görýändigimi bildirmedim. Ýöne soňra Heýniz ikimiz duşuşyp başladyk we toý etdik. Şeýdip, Awstriýada bile pioner gullugyna başladyk.

MISSIONER BOLASYM GELDI

Heýniz maňa köplenç missioner bolmak isleýändigini aýdýardy. Ýöne ol meni hiç haçan missioner bolmaga mejbur etmeýärdi. Gaýtam höweslendirip: «Biziň çagamyz ýok. Biz Ýehowa has köpräk gulluk etmek üçin näme edip bileris?» diýip soraýardy. Men gaty çekinjeň bolamsoň, missioner bolmaga ýaýdanýardym. Dogry, utanjaň bolsam-da pioner bolup gulluk edýärdim. Ýöne «missioner bolmak» diýen pikiriň özi howsala düşürýärdi. Heýniz sabyrlydy, meni missioner bolup gulluk etmäge häli-şindi höweslendirýärdi. Ol maňa utanjaňlygym hakda däl-de, adamlaryň aladasyny etmek hakda oýlanmaga kömek etdi. Heýniziň beren maslahatlary uly goldaw boldy.

Heýniz Salsburgdaky kiçiräk ýygnagymyzda «Garawul diňi» duşuşygyny geçirýär (Awstriýa, 1974)

Ýuwaş-ýuwaşdan mende-de missioner bolup gulluk etmek islegi döredi. Biz Gilead mekdebinde okamak üçin arza doldurdyk. Ýöne filiala jogapkär dogan iňlis dilini has gowy öwrenmegi maslahat berdi. Üç ýyl geçensoň, bizi Awstriýanyň Salsburg şäherindäki ýygnakda gulluk etmäge bellediler. Biz ýedi ýyllap şol ýerde gulluk etdik. Heýniz etrap gözegçisidi, biz bir ýyllap serb-horwat dilinde gepleýän ýygnaklary idedik. Serb-horwat dili aňsat bolmasa-da, biz köp adamlara Mukaddes Kitapdan okuw geçýärdik.

1979-njy ýylda doganlar bize Bolgariýa gidip gelmegi haýyş etdiler. Ol ýeriň hökümeti Ýehowanyň Şaýatlaryna wagyz etmegi gadagan edipdi. Şonuň üçin biz syýahat etmäge barýan ýaly görünmelidik. Biz ol ýerde wagyz etmeli däldik, diňe Bolgariýanyň paýtagty Sofiýa şäherinde ýaşaýan bäş sany uýa edebiýat eltip bermelidik. Men öler ýaly gorkýardym, ýöne Ýehowa bize kömek etdi. Şol bäş uýany hökümet islendik wagt türmä basyp bilýärdi. Ýöne uýalaryň şatlygyny ýitirmän, mertlik bilen gulluk edişine telpek goýdum. Olary görüp: «Ýehowa guramasynda nähili iş tabşyrsa ederin» diýdim.

Biraz wagtdan biz ýene Gilead mekdebinde okamak üçin arza doldurdyk we bizi mekdebe çagyrdylar. Mekdebi Birleşen Ştatlarda iňlis dilinde okarys diýip pikir edýärdik. Ýöne 1981-nji ýylyň noýabrynda guramamyz Gilead mekdebini Germaniýada hem geçirip başlady. Şonuň üçin biz Germaniýada okadyk. Mekdep nemes dilinde geçirilensoň, maňa düşünmek kyn bolmady. Mekdepden soň bizi nirä belländirler öýdýärsiňiz?

HOWPLY ÝURTDA MISSIONER BOLDUK

Bizi Keniýa döwletinde gulluk etmäge bellediler. Ýöne Keniýanyň filialy bizden Ugandada gulluk etmegi haýyş etdi. Şondan on ýyl öň, Uganda döwletini general Idi Amin dolandyrýardy. Ýurduň ýagdaýy gözgynydy, müňlerçe adamlar gyrylýardy, millionlarça adamlar bolsa kösenip ýaşaýardy. 1979-njy ýylda general Idi Amini tagtdan düşürdiler. Ine şol sebäpli-de, biz Ugandada gulluk etmäge gorkýardyk. Gilead mekdebi bize Ýehowa bil baglamagy öwretdi. Şonuň üçin Uganda döwletine gulluk etmäge gitdik.

Ugandada ýaşaýyş aýylgançdy. 2010-njy ýylyň «Ýyllyk kitabynda» Heýniz ol barada şeýle gürrüň berýär: «Hökümet adamlary suw, tok we başga-da gerekli zatlar bilen üpjün etmeýärdi. Adamlar biri-birini atýardy, gijelerine ogurlyk bolýardy. Garaňky düşensoň, hiç kim öýünden çykmaýardy, hatda ertire sag-aman çykar ýaly, talaňçylyk bolmaz ýaly dileg edýärdiler». Şeýle kynçylyklara garamazdan, Ugandadaky dogan-uýalar Ýehowa gulluk etmegini bes etmeýärdi.

Waýswalaryň öýünde nahar bişirýäris

1982-nji ýylda Heýniz ikimiz Ugandanyň paýtagty Kampala şäherine göçdük. Biz bäş aýlap Sem bilen Kristina Waýswalaryň öýünde ýaşadyk. Olaryň bäş çagasy bardy, dört garyndaşy hem bile ýaşaýardy. Olar köplenç günüň dowamynda birje gezek iýip içýärdiler. Ýöne Sem bilen Kristina örän myhmansöýerdi. Olarda ýaşaýan wagtymyz öwrenen zatlarymyz missioner gullugynda köp kömek etdi. Meselem, biz ýuwunmak we hajathana üçin suwy tygşytly ulanmagy öwrendik. 1983-nji ýylda bolsa, Heýniz ikimiz Kampalada aýratyn öýe göçdük.

Kampalada gulluk etmek örän gyzyklydy. Bir gezek biz bir aýyň dowamynda 4 000-den gowrak edebiýat paýladyk. Adamlar Hudaý we Mukaddes Kitap barada gürrüň etmegi gowy görýärdiler. Heýniz hem, men hem 10—15 adama okuw geçýärdik. Biz okuw geçýän adamlardan köp zatlary öwrendik. Olar her hepde ýygnaga pyýada gelip, pyýada gidýärdiler. Ýöne hiç haçan zeýrenmeýärdiler, özlerem hemişe şadyýandy.

1985, 1986-njy ýyllarda Ugandada iki gezek uruş boldy. Eli ýaragly esgerler köçeden geçýän adamlara gözegçilik edýärdiler. Esgerleriň özleri heniz çagady. Şol wagtlar köçede wagyz etmek howpludy. Biz howply ýagdaýlardan gorar we akyldarlyk berer ýaly, Ýehowa dileg edýärdik. Hudaý dileglerimize jogap berýärdi. Hakykat bilen gyzyklanýan adamlara duşanymyzda gorkymyz zym-zyýat bolýardy.

Heýniz, men we Tatýana (ortadaky men)

Biz Ugandada daşary ýurtdan gelen adamlara-da wagyz edýärdik. Meselem, bir gezek tatarystanly är-aýal Myrat we Dilber Ibatullin bilen tanyşdyk. Myrat lukman bolup işleýärdi. Är-aýalyň ikisem okuw geçip, suwa çümdürildi we häzirem Ýehowa wepaly gulluk edýärler. Soňra men ukrainaly Tatýana Wileýska bilen tanyşdym. Şol wagtlar ol göwünçökgünlige düşüp, özüni öldürjek bolup ýören eken. Biz Tatýana bilen okuw geçdik. Ol suwa çümdürilip Ukraina gitdi. Soňra ukrain dilinde edebiýatlarymyzy terjime etmäge kömek etdia.

BAŞGA ÝURTDA MISSIONER BOLDUK

1991-nji ýylda Heýniz ikimiz Awstriýa dynç almaga gidipdik. Şonda filial bize Bolgariýada gulluk etmäge bellenendigimizi habar berdi. Birnäçe ýyl öň Ýewropa ýurtlarynda, şol sanda Bolgariýada-da Ýehowanyň Şaýatlarynyň wagyz işi gadagan edilendi. Şol döwür Heýniz ikimiz dogan-uýalara gizlin edebiýat äkitmek üçin Bolgariýa gidipdik. Ýöne Bolgariýada Ýehowanyň Şaýatlarynyň wagyz işine rugsat edilensoň, filial bizi ol ýere missioner edip iberdi.

Biz Awstriýadan göni Bolgariýa gitdik. Şol sebäpli Ugandadaky goşlarymyzy alyp bilmedik, dogan-uýalar bilen hem sagbollaşmadyk. Biz Germaniýanyň Beýteline baryp, ulag aldyk we Bolgariýa gitdik. Bizi Sofiýa şäherindäki 20 wagyzçydan ybarat topara bellediler.

Bolgariýada wagyz etmek aňsat bolmady. Birinjiden, olaryň dilini bilmeýärdik. Ikinjiden, bolgar dilinde diňe «Ebedi ýaşaýşa eltýän hakykat» bilen «Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar» atly kitaplar bardy. Bize Mukaddes Kitapdan okuw geçýänleri tapmak kyn bolýardy. Şeýle kynçylyklara garamazdan, kiçijik toparymyz yhlasly wagyz edýärdi. Bolgariýanyň prowaslaw buthanasy biziň wagyz edýändigimizi halamaýardy. Şonuň üçin hem garşy çykyp başladylar.

1994-nji ýyldan başlap Bolgariýa hökümeti Ýehowanyň Şaýatlaryny dini gurama hökmünde kabul etmedi. Adamlar bizi gorkunç din hasaplaýardylar. Şonuň üçin hökümet birnäçe doganlary tussag etdi. Gazet-žurnallarda, telegepleşiklerde biz barada erbet zatlary aýdýardylar. Olar: «Ýehowanyň Şaýatlary gan goýbertmän çagalaryny öldürýärler, biri-birine-de şeýle etmegi öwredýärler» diýýärdiler. Şol döwür wagyz etmek has-da kyn boldy. Adamlar köplenç üstümize gygyrýardy, polisiýa işgärini çagyrýardy, hatda eline ilen zady zyňýardy. Ýurda-da edebiýat getirmek gaty kyndy. Ýygnak geçirmek üçin kireýine jaý tapmak hem aňsat däldi. Bir gezek kongres gidip durka polisiýa işgäri gelip, kongresi geçirmegi bes etdirdi. Heýniz ikimiz adamlaryň mesihçileri ýigrenýändigini görüp ör-gökden geldik. Sebäbi Ugandada beýle däldi, adamlar hoş habary höwes bilen diňleýärdi. Bize şeýle kynçylyklarda ruhdan düşmezlige näme kömek etdi?

Şol döwür biz dogan-uýalar bilen köp gatnaşýardyk. Olar hakykaty bilendigine, biziň bilen tanyşandygyna we berýän goldawymyza gaty begenýärdiler. Biz bir-birimiziň aladamyzy edip kömek edýärdik. Heýniz ikimiz şol döwür bolan ýagdaýlardan bir zady öwrendik: eger adamlary söýsek we olaryň aladasyny etsek, tabşyrylan ýumuş ýük bolmaýar-da, şatlyk berýär.

Marianna bilen Heýniz Werthols.

Bolgariýadaky filialda (2007)

Birnäçe ýyldan soň Bolgariýada wagyz etmek aňsatlaşyp başlady. 1998-nji ýylda hökümet Ýehowanyň Şaýatlaryna wagyz etmäge rugsat berdi we bolgar diline birnäçe edebiýatlar terjime edildi. 2004-nji ýylda bolsa filial guruldy. Häzir Bolgariýada 57 ýygnak we 2 953 wagyzçy bar. 2024-nji ýylda Ýatlama agşamyna 6 475 adam gatnaşdy. Bolgariýanyň Sofiýa şäherinde başda diňe bäş uýa bardy, häzir bolsa dokuz ýygnak bar. Heýniz ikimiz «az adamdan müň adam dörär» diýen pygamberligiň ýerine ýetişini gözümiz bilen gördük (Işa. 60:22).

KÖP KYNÇYLYKLARA DÖZ GELDIM

Men durmuşda keselçilik bilenem göreşmeli boldum. Birnäçe gezek lukmanlar mende çişiň bardygyny anykladylar. Hatda bir gezek kellämde-de çiş döräpdir. Men himiýaterapiýa bejergisini aldym we çişi aýyrtmak üçin Hindistana gitdim. Lukmanlar 12 sagatlap operasiýa etdiler we çişiň köp bölegini aýyrdylar. Men aýaga galýançam Hindistanyň Beýtelinde boldum. Soňra ýene Bolgariýa gulluk etmäge gaýtdym.

Şol wagtlar Heýnizde hem seýrek duş gelýän, nesilden-nesle geçýän keseliň (Huntington) bardygy anyklandy. Oňa ýöremek, geplemek, hereketlerine erk etmek kyn bolýardy. Keseli güýjedigiçe, Heýniz meniň kömegime has-da mätäç bolýardy. Men köplenç ýadaýardym, soňabaka onuň aladasyny edip bilmerin diýip gorkýardym. Bobi atly ýaş dogan Heýnizi hemişe wagza alyp çykýardy. Ol Heýnizi ýanynda alyp gitmäge utanmaýardy. Heýnize kömek gerek bolanda, köplenç Bobini çagyrýardym. Biz şu dünýäde çaga edinmedik, ýöne Ýehowa ogul, ýagny Bobini berdi (Mar. 10:29, 30).

Soňra Heýniz rak bilen keselledi we 2015-nji ýylda aradan çykdy. Meniň ony örän göresim gelýär. Heýniziň ýoklugyna öwrenişmek gaty kyn boldy. Ol hemişe meniň ýatlamalarymda ýaşaýar (Luka 20:38). Men köplenç Heýniziň aýdan mähirli sözlerini, beren maslahatlaryny ýatlaýaryn. Heýniz bilen birnäçe ýyllap gulluk etmäge mümkinçilik berendigi üçin Ýehowa örän minnetdar.

ÝEHOWA ŞÜKÜR!

Ýehowa maňa ähli kynçylyklardan baş alyp çykmaga kömek etdi. Şeýle-de utanjaňlygymy ýeňip, missioner bolup gulluk etmäge ýardam etdi (2 Tim. 1:7). Ýehowanyň kömegi bilen gyz jigim ikimiz uzak wagtly gulluk edýäris. Gyz jigim äri bilen Ýewropada serb dilinde gepleýän ýygnaklary ideýär. Şeýdip, kakamyň çaga wagtymyz eden dilegleri, arzuw-islegleri hasyl boldy.

Ýehowa Mukaddes Kitap arkaly hemişe ýüregime rahatlyk berýär. Men kyn günlerde Isa ýaly «yhlasly doga etmegi» öwrendim (Luka 22:44). Ýehowa dileglerime ýygnagymdaky mähirli, birek-birege söýgüsini bildirýän dogan-uýalar arkaly jogap berýär. Olar meni hemişe myhmançylyga çagyrýarlar, söýgüsini bildirýärler. Men hemişe özümi bagtly duýýaryn.

Men köplenç direliş hakda oýlanýaryn we maşgalamyzyň ýene-de başynyň jem boljagyny göz öňüne getirýärin. Ene-atamyň toý tutan günündäki ýaly ýaşdygyny, öýümiziň öňünde durşuny, gyz jigimiň saçak bezeýşini we Heýniziň atyň ýanynda durşuny göz öňüne getirýärin. Şonda ähli erbet duýgular zym-zyýat bolýar, ýüregim Ýehowa minnetdarlykdan püre-pür bolýar.

Ýehowanyň geçmişde eden we gelejekde etjek ýagşylyklary hakda oýlananymda, Dawut ýaly: «Ýehowanyň ýagşylygyna iman etmedik bolsam, ýagty jahanda nirelerde bolardym?! Ýehowa umyt bagla, mert hem dogumly bol! Ýehowa umyt bagla!» diýýärin (Zeb. 27:13, 14).

a  Tatýana Wileýskanyň terjimehalyny okap bilersiňiz (g00-U 22/12 sah. 20—24).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş