Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w21 Fewral sah. 20—24
  • Ýehowa meni hemişe goldaýardy

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ýehowa meni hemişe goldaýardy
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2021
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • ENE-ATAM KALBYMA HAKYKATY GUÝDY
  • ÝEHOWANY SAÝLADYM
  • ÝEHOWA AK PATASYZ GOÝMAÝAR
  • TÄZE BORÇLAR
  • GYZYKLY SYÝAHAT
  • DURMUŞYM DÜÝPGÖTER ÜÝTGEDI
  • Doly wagtly gullugyň berýän sylaglary
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2014
  • Ýetmiş ýyllap ýehudynyň eteginden tutýaryn
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2012
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2021
w21 Fewral sah. 20—24
Stiwen Hardi.

TERJIMEHAL

Ýehowa meni hemişe goldaýardy

STIWEN HARDI GÜRRÜŇ BERDI

BIR ýaş dogan menden: «Siz haýsy aýady gowy görýäňiz?» diýip sorady. Men Nakyllar 3:5, 6-njy aýatlary gowy görýändigimi aýtdym. Aýatda şeýle diýilýär: «Ýehowa bütin ýüregiň bilen bil bagla, düşünjäňe daýanma. Her ädimiňde Hudaýdan maslahat sora, şonda ähli işleriňde üstünlik gazanarsyň». Hawa, Ýehowanyň kömegi bilen men hemişe üstünlik gazanýardym.

ENE-ATAM KALBYMA HAKYKATY GUÝDY

1920-nji ýyllarda ejem we kakam Ýehowa barada bilim alyp başlaýarlar. Ýöne olar şol wagt biri-birini tanamaýardylar. Men 1939-njy ýylda dünýä indim. Biz Angliýada ýaşaýardyk. Men ejem-kakam bilen ýygnak duşuşygyna barýardym we wagyz mekdebine-de ýazylypdym. Ilkinji sapar nutuk bilen çykyş eden günüm hiç ýadymdan çykmaýar. Şonda men alty ýaşlarymdadym. Boýum münbere ýetmänsoň, meni oturgyja mündürdiler. Dogan-uýalaryň hemmesi maňa seredýärdi. Men aljyrap, nutuk bilen zordan çykyş etdim.

Stiwen Hardi çaga wagty ene-atasy we dogan-uýalar bilen wagyz edýär. Olaryň plakatlarynda kongresde aýdyljak nutugyň ady ýazylan.

Ene-atam bilen wagyzda

Men ilkinji sapar sekiz ýaşymda öýden-öýe wagyz etdim. Şonda ýanymda ejemem, kakamam ýokdy. Ýöne kakam maňa gürrüňdeşlik üçin teklip ýazyp beripdi. Öý eýesine teklip ýarady, soňra men oňa «Wepaly Hudaý» diýen kitaby berdim. Men begenjimden ýaňa ylgap kakamyň ýanyna bardym. Hoş habary wagyz etmek we ýygnak duşuşyklaryna barmak meni Ýehowa uzak wagtly gulluk etmäge höweslendirdi.

Kakam meni hem «Garawul diňi» žurnalyna ýazdyrdy. Şol sebäpli men žurnalyň her sanyny alýardym we höwes bilen okaýardym. Okan zatlarym imanymy berkitdi we men özümi Ýehowa bagyş etdim.

1950-nji ýylda ejem we kakam bilen Nýu-Ýork şäherine kongrese gitdim. 3-nji awgust, penşenbe gününiň temasy «Missionerleriň güni» diýip atlandyrylypdy. Şol gün Keri Barber dogan suwa çümdüriljekler üçin nutuk bilen çykyş etdi. Soňra ol Ýolbaşçylyk maslahatynyň agzasy bolup hem gulluk edipdi. Ol suwa çümdüriljek dogan-uýalara iki sorag berdi. Şonda men hem ýerimden turup: «Hawa!» diýip jogap berdim. Men 11 ýaşymda bolsam-da aýgytly ädim ädýändigime düşünýärdim. Men ýüzüp bilmeýärdim, suwa girmäge gorkýardym. Şonda agam ýanym bilen gidip: «Alada etme, hemme zat gowy bolar» diýdi. Doganlaryň biri meni göterip suwa çümdürdi, ýene bir dogan bolsa meni göterip suwdan çykardy. Men nämäniň nämedigine düşünmän galdym, aýagym howdanyň düýbüne-de degmedi. Şol günden bäri Ýehowanyň kömegi bilen ähli işlerimde üstünlik gazanýaryn.

ÝEHOWANY SAÝLADYM

Men orta mekdebi tamamlanymdan soňra pioner bolup gulluk etmek isleýärdim, ýöne mugallymlar ýokary okuw jaýynda okamaga höweslendirdiler. Men mugallymlaryň sözüni ýykyp bilmän, uniwersitetde okap başladym. Emma men tizden hem ýokary okuw jaýynda okap, hem Ýehowa yhlasly gulluk edip bilmejekdigime düşündim we okuwdan çykmaly diýen karara geldim. Soňra men Ýehowa ýürekden doga etdim we mugallymlara hat ýazyp, gelen kararymy hormat bilen düşündirdim. Şeýlelikde, men birinji ýylyň soňunda okuwdan gaýtdym we Ýehowa doly bil baglap, pioner gullugyna başladym.

1957-nji ýylyň iýul aýynda men Wellingboro şäherinde uzak wagtly gulluga başladym. Men Londondaky Beýtele kömek sorap ýüz tutdum. Şonda olar meniň ýanyma köp wagtdan bäri pioner bolup gulluk edýän Bert Waýsiý dogany iberdiler. Waýsiý dogan maňa gowy gün tertibini düzüp, ökdelik bilen wagyz etmegi öwretdi. Biziň ýygnagymyzda men, Waýsiý dogan we alty sany garry uýa bardy. Men ýygnaklara gowy taýýarlanyp, yzygiderli gatnaşýardym. Şeýdip, men Ýehowa doly bil baglap, imanym hakda çekinmän wagyz etmegi öwrendim.

Meni harby gullugyna çagyrdylar. Men gulluga gitmejekdigimi aýdanymda az wagtlyk tussag etdiler. Türmeden boşanymdan soň, ýörite pioner bolup gulluk edýän Barbara bilen tanyşdym. 1959-njy ýylda biz toý etdik. Doganlar bizi nirä belleseler, şol ýerde-de gulluk etmäge taýyndyk. Bizi Angliýanyň demirgazyk-günbatarynda ýerleşýän Lankaşir şäherine bellediler. 1961-nji ýylyň ýanwarynda meni Londondaky Beýtelde Patyşalyk gullugynyň mekdebinde bir aýlyk okamaga çagyrdylar. Okuwy tamamlanymdan soňra meni aýlanýan gözegçi edip bellediler we Birmingem şäherine iki hepdelik okuwa iberdiler. Barbara hem meniň bilen okamaga rugsat berdiler. Soňra biz Lankaşir bilen Çeşir şäherlerinde gulluk edip başladyk.

ÝEHOWA AK PATASYZ GOÝMAÝAR

1962-nji ýylyň awgust aýynda biz dynç alyp ýörkäk, filialdan hat geldi. Görsek, doganlar Gilead mekdebinde okamak üçin arza doldurmagymyzy haýyş edipdirler. Biz Ýehowa doga edip oýlandyk we arzany dolduryp derrew ugratdyk. Bäş aýdan soňra Bruklindäki Beýtele bardyk we Gilead mekdebiniň 38-nji klasynda on aýlap okadyk.

Gilead mekdebinde diňe bir Mukaddes Kitap we gurama hakda öwrenmän, bütindünýä doganlyk söýgüsi hakda-da öwrendik. Biz ýaş bolsak hem Gilead mekdebinde okamaga çagyrylandygymyz üçin Ýehowa örän minnetdardyk. Biz bile okan dogan-uýalardan köp zatlary öwrendik. Men okuw döwri Fred Rask dogan bilen her gün eginme-egin işleşýärdim. Ol Gilead mekdebiniň mugallymydy. Fred Rask dogan: «Hemişe Mukaddes Kitaba esaslanyp maslahat ber» diýip öwredýärdi. Şeýle-de Neýtan Norr, Fredrik Frens we Karl Kleýn doganlaryň çykyş eden nutuklaryndan köp zatlary öwrendik. Pesgöwünli Makmillan doganyň nutugy ýüregimize hasam täsir edipdi. Ol Ýehowanyň 1914—1919-njy ýyllarda guramasyna nädip ýolbaşçylyk edendigi hakda gürrüň beripdi.

TÄZE BORÇLAR

Biz okuwy tamamlap barýardyk. Neýtan Norr dogan Barbara ikimiziň Burundä bellenendigimizi aýtdy. Indi biz Afrikada gulluk etmelidik. Biz Beýteliň kitaphanasyndan «Ýyllyk» kitabyny alyp, Burundide näçe wagyzçynyň bardygyny bilmek isledik. Emma biz hiç zat tapmadyk. Sebäbi Burundide heniz wagyz edilmändir. Biz Burundi hakda hiç zat bilmeýärdik, şonuň üçin örän alada etdik. Biz doga edip, Ýehowa bar aladamyzy aýtdyk welin, ýüregimiz giňäp gitdi.

Biz Afrika baranymyzda gökden düşen ýaly bolduk. Sebäbi ol ýeriň medeniýeti, howasy we dili düýbünden tapawutlanýardy. Biz fransuz dilini öwrenmelidik, nirede ýaşajagymyzy bilmeýärdik. Iki günden soň Garri Arnott bizi görmäge geldi. Biz onuň bilen Gilead mekdebinde okapdyk. Ol bize jaý tapmaga kömek etdi. Ol biziň ilkinji missioner öýümiz boldy. Soňra Arnott dogan bellenen ýurduna Zambiýa gitdi. Başda biz hezil edip wagyz edýärdik, ýöne döwlet işgärleri bize azar berip başladylar. Sebäbi olar Ýehowanyň Şaýatlary hakda hiç zat bilmeýärdiler. Olar bize döwlet tarapynda işlemäge rugsat berilmedik bolsa, ýurtda ýaşap bilmejekdigimizi aýtdylar. Şonuň üçin Afrikanyň beýleki ýurdy Uganda gitmeli bolduk.

Biziň Uganda gitmäge wizamyz ýokdy. Şonuň üçin biynjalyk bolýardyk, emma Ýehowa bil baglaýardyk. Dadymyza kanadaly dogan ýetişäýdi. Ol wagyzçylaryň ýetmeýän ýerinde gulluk etmek üçin Uganda gelipdir. Ol biziň ýagdaýymyzy migrasiýa gullugynyň işgärine düşündirdi. Ol resminamalary düzedýänçäk, ýurtda ýaşamaga rugsat berdi. Ýehowanyň kömegi bilen bar zat ap-aňsat çözüldi duruberdi.

Bärsi Burundi ýaly däldi. Hoş habar köpden bäri wagyz edilýärdi we 28 sany Ýehowanyň Şaýady bardy. Adamlar iňlis dilinde gepleýärdi. Emma adamlaryň ýüregine täsir etmek üçin ýerli halkyň dilini öwrenmelidik. Biz Kampala şäherinde wagyz edýärdik we luganda dilini öwrenmegi ýüregimize düwdük. Bize birnäçe ýyl gerek boldy, emma eden tagallamyz ýerine düşdi, sebäbi biz okuw geçýänlerimiziň ýagdaýyna has gowy düşünip başladyk. Olar çekinmän gaýgy-aladalaryny aýdýardylar we öwrenen zatlaryny begenip gürrüň berýärdiler.

GYZYKLY SYÝAHAT

Surat: 1) Kartada Stiwen Hardiniň Afrikada wagyz eden ýerleri görkezilen. 2) Stiwen ulagynyň ýanynda otyr. 3) Stiweniň gelni Barbara gök-önümleri ýuwýar.

Ugandadaky gyzykly syýahat

Biz akýürekli adamlaryň hoş habary diňleýändigini görüp, örän begenýärdik. Aýlanýan gözegçi edip bellänlerinde, guş bolup uçaýjak bolduk. Keniýanyň filialy bize tutuş ýurdy aýlanyp, wagyz edilmedik oba-şäherleri anyklamagy tabşyrdy. Sebäbi şol ýerlere ýörite pionerleri ugratjak bolýardylar. Biz Ýehowanyň Şaýatlarynyň aýak sekmedik ýerlerine barýardyk. Obanyň ilaty bizi gujak açyp garşy alýardylar we nahara çagyrýardylar.

Soňra ýene bir ýumuş tabşyrdylar. Men Hindi ummanyndaky Seýşelle adalarynda wagyz etmelidim. Munuň üçin men Kampaladan otluda iki günläp ýol söküp, Keniýanyň port şäheri Mombasa barýardym. Soňra bolsa gämä münüp gidýärdim. 1965—1972-nji ýyllar aralygy Barbara hem meniň bilen Seýşelle adalaryna wagyz etmäge gitdi. Ol ýerde iki wagyzçy bardy. Soňra topar döredi, biraz wagtdan hem ýygnak döredi. Biz Eritreýadaky, Efiopiýadaky we Sudandaky dogan-uýalary hem ideýärdik.

Uganda ýurduny harby güýçler dolandyryp başlady. Ýagdaý ýyl-ýyldan kynlaşýardy. Şol kyn günlerde men Mukaddes Kitapdaky: «Patyşanyňkyny patyşa, Hudaýyňkyny Hudaýa beriň» diýen sözlere gulak asmagyň paýhaslydygyna göz ýetirdim (Mar. 12:17). Daşary ýurtdan gelen adamlar golaýdaky polisiýa bölümine baryp, adyny ýazdyryp gaýtmalydylar. Biz hem derrew polisiýa bölümine baryp adymyzy ýazdyrdyk. Birnäçe günden missioner dogan bilen Kampaladan gelýärkäk, bizi howpsuzlyk gullugynyň işgärleri saklady. Biziň ýüregimiz ýaryldy. Olar bizi içaly hasaplap, polisiýa bölümine alyp gitdiler. Biz özümiziň içaly däl-de, parahat adamlardygymyzy düşündirmek üçin jan etdik. Biziň aýdýan zatlarymyz olaryň bir gulagyndan girip, beýleki gulagyndan çykýardy. Soňra bizi tussag etdiler we missionerleriň öýüniň golaýyndaky polisiýa bölümine äkitdiler. Şonda polisiýa işgärleriniň biri bizi tanap, bellige durandygymyzy aýtdy. Biz örän begendik, gerdenimizden ýük aýrylan ýaly boldy.

Şol günler şäherara barlag postlaryny goýdular. Postdan geçmek aňsat däldi, sebäbi esgerler hemişe diýen ýaly içgilidi, azar-ýamanyny berýärdiler. Biz her sapar Ýehowa doga edip, rahatlyk bermegini soraýardyk we postdan sag-aman geçýärdik. Gynansak-da, 1973-nji ýylda missionerleri Ugandadan çykardylar.

Stiwen mimeograf maşynynda işleýär.

Abidjan şäherinde mimeograf maşynynda «Hudaýa gullugymyzyň» nusgasyny köpeldýärin (Kot-d’Iwuar filialy)

Soňra bizi Günbatar Afrikada ýerleşýän Kot-d’Iwuara bellediler. Bize aňsat düşmedi, sebäbi bäriniň medeniýeti düýbünden tapawutlanýardy. Adamlar fransuz dilinde gepleýärdi. Şeýle-de dürli medeniýetli missionerler bilen oňşup ýaşamalydy. Akýürekli adamlaryň hoş habary diňleýändigini görenimizde, Ýehowanyň bizi goldaýandygyna göz ýetirdik. Biz Ýehowa bil baglaýardyk. Ol biziň ähli işimize ak pata berýärdi.

Barbarada rak keseliniň bardygy anyklanyldy. Biz birnäçe sapar Ýewropa gidip bejergi aldyk. Ýöne 1983-nji ýylda Afrikada gulluk edip bilmejekdigimize göz ýetirdik. Biziň ikimiz hem örän gynandyk.

DURMUŞYM DÜÝPGÖTER ÜÝTGEDI

Biz Londondaky Beýtelde gulluk edýärdik. Barbaranyň ýagdaýy gün-günden agyrlaşýardy. Barbara aradan çykanda, men ýeke galdym, özümi ýalňyz duýdum. Beýteldäki dogan-uýalar meni hemişe goldaýardy. Bir är-aýal maňa Ýehowa bil baglap, ajy hasrata döz gelmäge kömek etdi. Birnäçe wagtdan soň Beýtelde meýletinçi bolup gulluk edýän Enn uýa bilen tanyşdym. Ol ýörite pioner bolup hem gulluk edipdir. Enn imany berk, Ýehowany ýürekden söýýän uýady. 1989-njy ýylda biz maşgala gurduk we şondan bäri Londondaky Beýtelde gulluk edýäris.

Stiwen we Enn Hardi

Enn bilen Britaniýanyň täze Beýtel binasynyň öňünde

Men 1995—2018-nji ýyllar aralygynda Baş edaranyň wekili hökmünde takmynan 60 ýurda aýlandym. Men Ýehowanyň halkyna hemişe bereket berýändigine göz ýetirdim.

Biz 2017-nji ýylda Afrika gitdik. Enn ikimiz Burundide wagyzçylaryň köpelendigini görüp begendik. 1964-nji ýylda wagyz eden köçämde ajaýyp Beýtel gurlupdyr. Burundide 15 500-den gowrak wagyzçy gulluk edýän ekeni.

2018-nji ýylda Baş edaranyň wekili hökmünde birnäçe ýurtlara aýlandym. Men Kot-d’Iwuara-da bardym. Abidjan şäherine baranymda özümi öýümde ýaly duýdum. Biz Beýteliň myhman otagynda bolduk. Beýtelde gulluk edýän doganlaryň telefon belgilerini görenimde, Sosso doganyň adyna gözüm düşdi. Abidjanda missioner bolup gulluk edýän wagtym, ol şäher gözegçisi bolup gulluk edýärdi. Görüp otursam, meniň diýýän Sossom däl-de, onuň ogly eken.

Ýehowa berýän wadasynda durýan Hudaý. Men başdan geçiren kynçylyklarymdan wajyp sapak edindim. Eger Ýehowa bil baglasak, üstünlik gazanmaga kömek eder. Men Gün kimin barha ýagty saçýan dogruçyllaryň ýolundan ýöremegi ýüregime düwdüm, sebäbi şol ýol ebedi ýaşaýşa eltýär (Nak. 4:18).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş