Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w21 Fewral sah. 25
  • Ýylgyryşda gudrat we güýç bar

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ýylgyryşda gudrat we güýç bar
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2021
  • Meňzeş maglumat
  • Bütin dünýäde stendli wagyz etmegiň peýdasy
    Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2018
  • Hakyky mesihçiler söýgüsi bilen tanalýar. Agzybirligiň gadyryny biliň
    Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2018
  • Ýygnaklara näme üçin barmaly?
    Ýaşlaryň sowallary
  • Hudaýa sežde edilýän ýerler
    Ýehowanyň islegini ýerine ýetirýän gurama
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2021
w21 Fewral sah. 25

Ýylgyryşda gudrat we güýç bar

Helen ýylgyryp stendli wagyz edýär. Iki gyz ýanyndan geçip gidýär.

BIR gün Filipiniň uly şäheri Bagiýoda Helen uýa stendli wagyz edip durdy. Şonda iki gyz stendiň gapdalyndan geçip gidýär. Helen gyzlara mähirli ýylgyryp seredýär. Gyzlar Helen bilen gepleşmeýär, ýöne uýanyň ýylgyryşy olaryň göz öňünden gitmeýär.

Gyzlar awtobusly öýüne barýarkalar, Ýygnak jaýynyň öňünden geçýärler we jw.org ýazgyny görýärler. Şonda olaryň stendde hem şol ýazgyny görendikleri ýadyna düşýär. Olar awtobusdan düşüp, Ýygnak jaýyna gelýärler we ýygnak duşuşygynyň haçan geçirilýändigini bilýärler.

Iki gyz Heleni Ýygnak jaýynda görüp ýylgyrýar.

Soňra gyzlar ýygnaga gelýärler. Olar Ýygnak jaýynda kimi görendir öýdýärsiňiz?! Elbetde, Heleni! Gyzlar güler ýüzli Heleni derrew tanaýarlar. Helen şeýle gürrüň berýär: «Nätanyş gyzlaryň meniň ýanyma gelýändigini görenimde biraz aljyradym. Bir zat bolaýdymyka diýip gorkdum». Gyzlar Helene stendli wagyz edip durka görendiklerini aýdýarlar.

Gyzlar dogan-uýalary şeýle bir gowy görýärler welin, özlerini edil maşgala agzalarynyň arasynda ýaly duýýarlar. Ýygnak duşuşygy tamamlanandan soň, dogan-uýalar Ýygnak jaýyny arassalamak üçin syryp-süpürip başlaýarlar. Gyzlar muny görüp: «Biziň hem kömek edesimiz gelýär» diýýär. Gyzlaryň biri şäherden göçüp gidýär, beýlekisi bolsa ýygnak duşuşyklaryna gatnaşýar we Mukaddes Kitapdan okuw geçip başlaýar. Dogrudanam, ýylgyryşda gudrat we güýç bar.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş