MESIHÇILERIŇ DURMUŞY
Bütin dünýäde stendli wagyz etmegiň peýdasy
Resullaryň işleri kitabynyň 5-nji babyna görä, I asyrdaky mesihçiler ybadathana we köp adamlaryň bolýan ýerlerine gidip, hoş habary wagyz edýärdiler (Res 5:19—21, 42). Şu günler biz hem köpçülik ýerde stendli wagyz etmegiň gowy netije berýändigini görýäris.
«BÜTIN DÜNÝÄDE STENDLI WAGYZ ETMEGIŇ PEÝDASY» DIÝEN WIDEONY GÖRÜŇ WE AŞAKDAKY SORAGLARA JOGAP BERIŇ:
Stendli wagyz işi nirede we haçan başlanýar?
Tigirli stendli wagyz etmegiň nähili peýdasy bar?
Mi Ýun Ýu bilen bolan wakadan näme öwrenip bilýäris?
Jeýkop Salomi bilen bolan waka stendli wagyz etmegiň peýdasyny nädip görkezýär?
Ennis bilen ýanýoldaşynyň ökdelik bilen stendli wagyz edişinden näme öwrenip bileris?