Ýalançy dünýäde hakykat barmy?
Şu günler hakykat bilen ýalany tapawutlandyrmak kyn. Sebäbi köpler hakykat boýunça däl-de, öz islegine, garaýşyna görä ýaşaýarlar. Häzir köp adamlar: «Aslynda, hakykat ýok» diýip pikir edýärler.
Adamlaryň şeýle pikir etmegi bizi geň galdyrmaýar. 2000 ýyl mundan öň Rim hökümdary Pontiýus Pilatus Isany ýaňsylap: «Hakykat diýýäniň näme?» diýip soraýar (Ýahýa 18:38). Elbetde, Pilatus soragynyň jogabyna garaşmasa-da, şu sorag örän wajyp. Mukaddes Kitapda hakykat barada aýdylýan zatlar, size şu ýalançy dünýäde dogry ýoly tapmaga kömek eder.
Aslynda, hakykat barmy?
Hawa. Mukaddes Kitapda agzalýan «hakykat» delillere esaslanýar we ýokary ahlak kadalara gabat gelýär. Mukaddes Kitapda Ýehowaa Hudaýyň hakykatyň Gözbaşydygy, «hakykatyň Hudaýydygy» aýdylýar (Zebur 31:5, çykgyt). Hudaý öz hakykatyny Mukaddes Kitaba ýazdyrdy. Hakykat garaňky dünýäde ýol görkezýän ýagtylyk bilen deňeşdirilýär (Zebur 43:3; Ýahýa 17:17).
Hakykaty nädip tapmaly?
Hudaý Mukaddes Kitapdaky hakykata köre-körlük bilen ynanmagymyzy islemeýär. Gaýtam, duýgularymyza görä däl-de, akyl-paýhasymyzy ulanyp, hakykaty tapmagymyzy isleýär (Rimliler 12:1). Ol «bütin aň-düşünjämiz» bilen özüni tanamagymyzy we söýmegimizi hem-de Mukaddes Kitapda aýdylan zatlaryň hakykatdygyna göz ýetirmegimizi isleýär (Matta 22:37, 38; Resullar 17:11).
Ýalan nädip peýda boldy?
Mukaddes Kitapda ilkinji ýalan sözi Hudaýyň duşmany Şeýtan Iblisiň aýdandygy ýazylan. Oňa «ýalanyň atasy» diýilýär (Ýahýa 8:44). Ol ilkinji ýaradylan ynsanlara Hudaý barada ýalan zatlary aýtdy (1 Musa 3:1—6, 13, 17—19; 5:5). Şondan bäri ol ýalan zatlary ýaýratmagy, Hudaý barada hakykaty ýoýmagy dowam edýär (Ylham 12:9).
Şu günler ýalan sözlemek näme üçin giňden ýaýran?
Mukaddes Kitapda biziň günlerimize «soňky günler» diýilýär. Şeýtan häzir has köp adamlary aldap, ýoldan çykarýar. Adamlaram peýda görjek bolup, biri-birini aldaýarlar (2 Timoteos 3:1, 13). Hatda dindar adamlaram ýalan sözlemegi hiç zatça görmeýärler. Mukaddes Kitapda biziň günlerimizdäki adamlar barada şeýle pygamberlik edilen: «Olar gulagyna ýakymly zatlary gürrüň berýän mugallymlary gözlärler. Hakykaty diňlemekden ýüz öwrerler» (2 Timoteos 4:3, 4).
Näme üçin hakykaty bilmeli?
Adamlar birek-birege hakykaty aýdanda, olaryň arasynda ynam döreýär. Ynam bolmasa adamlaryň arasyndaky gatnaşyklar bozulýar, maşgalalar dargaýar. Mukaddes Kitapda Hudaýa edýän seždämiziň hem hakykata esaslanmalydygy aýdylýar. Ol ýerde şeýle diýilýär: «(Hudaýa) sežde edýänler hem ruhda we hakykatda sežde etmelidir» (Ýahýa 4:24). Mukaddes Kitapdaky hakykat ýalan dini düşünjeleri bilmäge we olardan azat bolmaga kömek edýär. Köpräk bilmek üçin «Hudaýy rehimsiz görkezýän ýalan zatlar» atly makalany okap bilersiňiz.
Hudaý näme üçin hakykaty bilmegimizi isleýär?
Hudaý siziň halas bolmagyňyzy isleýär. Munuň üçin siz Hudaý barada hakykaty bilmeli (1 Timoteos 2:4). Eger siz Hudaýyň kada-kanunlaryny öwrenip, şolara görä ýaşasaňyz, Hudaýyň dosty bolarsyňyz (Zebur 15:1, 2). Adamlar hakykaty tapar ýaly, Allatagala ýer ýüzüne Isa pygamberi iberdi. Hudaý Isanyň tabşyryklaryna gulak asmagymyzy isleýär (Matta 17:5; Ýahýa 18:37).
Hudaý ýalanyň soňuna çykarmy?
Elbetde, soňuna çykar. Allatagala öz peýdasyna çapyp, ýalan sözleýän adamlary ýigrenýär. Ol düzelmek islemeýän ýalan sözlemegini goýmaýan adamlary ýok etjegini wada berýär (Zebur 5:6). Şonda «dogrusyny aýdýan ebedi ýaşar» (Nakyllar 12:19).
a Mukaddes Kitaba görä, Ýehowa — Hudaýyň ady (Zebur 83:18). «Ýehowa kim?» diýen makalany okaň.