Bütin dünýäde parahatlygy dikeltmek başardarmy?
Bütin dünýäde uruşlaryň we dawa-jenjelleriň yzy üzülenok. Birleşen Milletler Guramasy we başga-da guramalar parahatlygy saklamak üçin köp işleri edýär. Meselem, olar dawa-jenjeliň bolýan ýerlerinde tertip-düzgüni ýola goýmak üçin öz harby işgärlerini iberýär. BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş: «Birleşen Milletler Guramasy bütin dünýäde parahatlygy dikeltmegi özüne maksat edinýär» diýýär.
Köp ýyldan bäri parahatlygy dikeltmek üçin edilýän işler azda-kände peýda berýär. Mysal üçin, Birleşen Milletler Guramasy we başga-da guramalar parahat ýaşaýjylary goraýarlar, uruş sebäpli öýüni taşlap giden adamlara yzyna dolanmaga kömek edýärler, mätäçlere zerur zatlaryny ýetirýärler we zyýan ýeten ýerleri bejerýärler. Ýöne näçe tagalla etselerem parahatlygy dikeldip bilmeýärler. Haçanam bolsa bütin ýer ýüzünde ähli adamlar asuda ýaşarmy? Mukaddes Kitapda bu barada näme diýilýär?
Kynçylyk köp, çözgüdi bar
Kynçylyk: birek-birek bilen ylalaşmazlyk. Dürli ýurtlardaky harby işgärlere we guramalara arkalaşyp işleşmek kyn bolýar. Köplenç olaryň arasynda düşünişmezlik döreýär, hersi öz pikirini öňe sürýär.
Çözgüdi: «Gögüň Hudaýy... bir patyşalygy döreder... Ol ähli patyşalyklary (ynsan hökümetlerini) ýok eder, özi bolsa ebedi durar» (Danyýar 2:44).
Mukaddes Kitaba görä, tizden Allatagala uruşlaryň soňuna çykar we bütin ýeriň ýüzünde parahatlygy dikelder (Zebur 46:8, 9). Ol ähli patyşalyklary aýryp, ýerine öz patyşalygyny döreder. Hudaýyň Patyşalygy höküm sürende ähli adamlar agzybir we parahat ýaşar. Parahatlygy döredýän guramalar gerek bolmaz.
Kynçylyk: güýji we mümkinçiligi çäkli. Parahatlygy döredýän guramalaryň ýeterlik işgärleri, puly we başga-da gerekli zatlary bolmansoň, edýän tagallalary başa barmaýar. Şeýle-de olar janyna howp abanýan ýagdaýlarda işlemeli bolýar.
Çözgüdi: «Hudaý... Mesihi... gökde sag tarapynda oturtdy... her bir hökümetden, häkimiýetden, güýçden, hökümdarlykdan we her bir atdan beýgeltdi» (Efesliler 1:17, 20, 21).
Gudratygüýçli Ýehowaa Hudaý Isa Mesihi Patyşalygynyň Patyşasy edip belledi we gowy hökümdarlyk eder ýaly ähli mümkinçilikleri döretdi (Danyýar 7:13, 14)b. Allatagala Isa pygambere hiç bir hökümdarda bolmadyk güýç-kuwwaty, bilimi, akyl-paýhasy we düşünjäni berdi (Işaýa 11:2). Mundan başga-da Isanyň perişdelerden ybarat güýçli goşuny bar (Ylham 19:14). Onuň çözüp bilmejek kynçylygy ýok.
Gelejekde Isa pygamber Hudaýyň beren güýji, akyldarlygy arkaly diňe bir uruşlary aýyrman, ähli adamlary howpsuz we asuda durmuşda ýaşadar (Işaýa 32:17, 18).
Kynçylyk: hökümetiň goýýan çäklendirmeleri. Käte parahatlygy döredýän guramalar hökümetiň goýýan çäklendirmeleri ýa-da olara anyk görkezme berilmeýändigi üçin özüne tabşyrylan işleri doly edip bilmeýärler. Şonuň üçin olar adamlary gorap, parahatlygy dikeldip bilmeýärler.
Çözgüdi: «Gökde we ýerde ähli ygtyýar maňa (Isa) berildi» (Matta 28:18).
Hudaý Isa bütin ýeriň ýüzünde parahatlygy dikeltmegi tabşyrdy we muny etmäge erk-ygtyýar hem berdi (Ýahýa 5:22). Isa hijem adalatsyzlyk etmez, ygtyýaryny öz peýdasyna ulanmaz (Işaýa 11:3—5). Şonuň üçin Mukaddes Kitapda Isa pygambere «Parahatlyk şazadasy» diýilýär. Ol «adalatly hem dogruçyl» höküm sürer (Işaýa 9:6, 7).
Hudaýyň Patyşalygy parahatlygy dikelder
Adamlaryň döreden guramalary käbir ýerlerde uruşlary ýatyrsalaram, bütin ýeriň ýüzünde parahatlygy dikeltmäge güýji ýetmeýär. Olar adamlaryň ýüregindäki ýigrenji köki bilen aýryp bilmeýär.
«Parahatlygyň bar ýerinde ony saklamak aňsat, ýöne ýok ýerinde nädip saklajak?!» (Dennis Jett, ABŞ-nyň öňki ilçisi).
Emma Hudaýyň Patyşalygynyň parahatlygy döretmäge güýji ýetýär, sebäbi ol adamlara ýüregindäki ýigrenji köki bilen sogurmaga kömek edýär. Meselem, Isa pygamber ýerde ýaşanda şägirtlerine adamlary söýmegi, birek-birek bilen parahat ýaşamagy öwretdi. Onuň özi hem gowy görelde boldy.
Isa Hudaýyň Patyşalygyna tabyn bolýan adamlaryň biri-birine bolan söýgüsi bilen tanaljakdygyny aýtdy. Mukaddes Kitapda aýdylyşy ýaly, Allatagala Patyşalygynda ýakynyny ýigrenýän adamlary ýaşatmaz.
Ähli ynsanlary ýaradan Ýehowa Hudaý parahatlygy dikeltmegiň iň gowy ýoluny bilýär. Hudaý Patyşalygy arkaly parahatlygy döredýän guramalaryň başarmadyk zadyny eder.
a Mukaddes Kitaba görä, Ýehowa — Hudaýyň ady (Zebur 83:18). «Ýehowa kim?» diýen makalany okaň.
b Danyýar 7:13, 14-nji aýatlarda «ynsan ogly» diýlende, Isa pygamber göz öňünde tutulýar (Matta 25:31; 26:63, 64).