Pawel Gluza/500Px Plus/Getty Images
OÝA BOLUŇ!
50 ýylyň dowamynda ýabany haýwanlaryň sany 73 göterim azaldy. Mukaddes Kitapda näme diýilýär?
2024-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda «Ýabany tebigatyň bütindünýä gaznasy» adamzadyň tebigata ýetirýän täsiri hakda tolgundyryjy hasabaty berdi. Hasabata görä «soňky 50 ýylyň dowamynda (1970—2020) bütin ýer ýüzünde ýabany haýwanlaryň sany ortaça 73 göterim azaldy». Soňra hasabatda şeýle diýilýär: «Öňümizdäki bäş ýyl, gelejekde ýer ýüzünde ýaşaýşyň nähili boljakdygyny görkezer».
Şeýle hasabatlar köp adamlary howsala salýar. Biz owadan Ýer şaryny gowy görýäris, şol sebäpli tebigatyň gözgyny ýagdaýdadygyny görüp örän gynanýarys. Bu adaty duýgy, sebäbi Allatagalanyň niýetine görä, adamlar haýwanlaryň aladasyny etmelidi (1 Musa 1:27, 28; Nakyllar 12:10).
Belki-de, siz şu sorag hakda oýlanansyňyz: «Men tebigaty we janly-jandarlary nädip gorap bilerin?» Mukaddes Kitapda näme diýilýär?
Ýer şary üçin umyt bar
Adamlar tebigaty goramak üçin elinde baryny edýär. Emma tebigatyň gelejegi adamlara däl-de, Allatagala bagly. Mukaddes Kitabyň Ylham 11:18-nji aýadynda Allatagalanyň «ýer ýüzüni dargadýanlary... ýok etjekdigi» hakda pygamberlik edilen. Şu sözlerden iki zady öwrense bolýar:
1. Allatagala ýer ýüzüniň ýok edilmegine ýol bermez.
2. Hudaý tizden aýgytly hereket eder. Näme üçin şeýle diýse bolar? Sebäbi adamlar tebigata has köp zyýan ýetirýär we ýabany haýwanlaryň görnüşleri ýitip barýar.
Allatagala şu kynçylygy nädip çözer? Ol gökdäki hökümdarlygy, ýagny Patyşalygy arkaly çözer (Matta 6:10). Hudaýyň Patyşalygy adamlara tebigaty goramagy we haýwanlaryň aladasyny etmegi öwreder (Işaýa 11:9).