OÝA BOLUŇ!
Kyn günlerde şatlygyňy ýitirmezlige näme kömek eder? Mukaddes Kitapda näme diýilýär?
Häzirki kyn günlerde biz daş-töweregimizdäki bolýan zatlary isleýşimiz ýaly üýtgedip bilmeýäris. Käte elimizden gelýän zat bolmaýar. Ýöne dogry garaýyşda bolsak, şatlygymyzy ýitirmeris. Mukaddes Kitapda aýdylyşy ýaly, şadyýan adam nähili kynçylyga duşsa-da, onuň «her güni toýdur» (Nakyllar 15:15). Onda şatlygyňy ýitirmezlik üçin näme etmeli? Geliň, Mukaddes Kitapdan käbir maslahatlara seredeliň.
Gaýgy-alada etmäň
Mukaddes Kitapda: «Gaýgy-alada ynsany çökerýär. Hoş söz köňli galkyndyrýar» diýilýär (Nakyllar 12:25).
Mukaddes Kitapdaky maslahatlar bize gaýgy-aladamyza döz gelmäge kömek eder. «Mukaddes Kitapda gaýgy-aladalar barada näme diýilýär?» atly makalany okaň.
Ýekelik duýgusyny ýeňiň
Mukaddes Kitapda: «Hak dost elmydama söýýär. Ol aladaly günüňde dadyňa ýetişýän dogandyr» diýilýär (Nakyllar 17:17).
Mukaddes Kitapda gowy dostlary tapmaga kömek edýän maslahatlar bar. Eger ýakyn dostlarymyz bolsa özümizi ýeke duýmarys. «Ýalňyzlyk duýgusyny ýeňmek üçin dostlaşyň! Mukaddes Kitabyň maslahatlary» diýen makalany okaň.
Hudaýy we ýakynyňyzy söýüň
Mukaddes Kitapda: «„Ýehowa Hudaýyňy bütin ýüregiň, bütin janyň we bütin aň-düşünjäň bilen söý“... „Ýakynyňy özüňi söýşüň ýaly söý“» diýilýär (Matta 22:37—39).a
Doga-dileg etmek Hudaýa ýakynlaşmaga, ony ýürekden söýmäge g edýär. Köpräk bilmek üçin «Hudaý doga-dileglerimizi eşidýärmi?» atly makalany okaň.
Isa pygamber başgalary söýmek barada maslahat berdi. Onuň beren maslahatyna «altyn düzgün» hem diýilýär. Biz bu düzgüne eýersek, başgalary söýýändigimizi görkezeris. Köpräk bilmek isleseňiz «Altyn düzgün näme?» atly makalany okap bilersiňiz.
Mukaddes Kitabyň kyn ýagdaýlarda bagtly bolmaga ýene nädip kömek edýändigini bilmek üçin mugtuna Mukaddes Kitapdan okuw geçiň.
a Mukaddes Kitapda Allatagalanyň adynyň Ýehowadygy aýdylýar. Zebur 83:18.