Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • ijwyp mak. 12
  • Maňa azar berseler näme?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Maňa azar berseler näme?
  • Ýaşlaryň sowallary
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Oňa nämeler degişli?
  • Adamlar başgalara näme üçin azar berýärler?
  • Köplenç nähili adamlara azar berýärler?
  • Saňa azar berenlerinde näme edersiň?
  • Mekdepde maňa azar berseler näme?
    Ýaşlary gyzyklandyrýan 10 soragyň jogaby
  • Azar berenlerinde Ýehowa bil bagla
    Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2023
  • Azar berseler özümi nädip goramaly?
    Ýaşlaryň sowallary — peýdaly maslahatlar, II tom
Ýaşlaryň sowallary
ijwyp mak. 12

ÝAŞLARYŇ SOWALLARY

Maňa azar berseler näme?

  • Oňa nämeler degişli?

  • Adamlar başgalara näme üçin azar berýärler?

  • Köplenç nähili adamlara azar berýärler?

  • Saňa azar berseler näme edip bilersiň?

Şeýle-de deň-duşlaryň we mugallymyň berýän maslahatyny oka hem-de «Sen nähili pikir edýärsiň?» diýen çarçuwany özleşdir.

Azar berilmeklige sowuk-sala garamaly däl. Britaniýada geçirilen bir barlagda, esasan-da, ýerli habar beriş serişdelerinde aýdylmagyna görä, janyna kast eden ýetginjekleriň 40 göterimi muny azar berilýändigi üçin etdiler.

Oňa nämeler degişli?

Azar bermek diýlende, diňe bir urlup-ýenjilmek göz öňünde tutulmaýar. Oňa şu aşakdakylar hem degişli.

  • Söz bilen hüjüm edýärler. «Synpdaşlarymyň maňa dakan atlary we diýen sözleri ömürem ýadymdan çykmaz. Olar sebäpli men özümi dereksiz we hiç kime gerek däl ýaly duýýardym. Gaýtam, meni uran bolsalar gowy bolardy». Selina, 20 ýaşynda

  • Aralaryna sygdyrmaýarlar. «Synpdaşlarym meni ýekeleýärdiler. Arakesmede olar bilen naharlanjak bolanymda bolsa, meni aralaryna sygdyrmaýardylar. Men tutuş bir ýylymy aglap geçirdim, ýeke özüm aýlanyp ýörýärdim». Heýli, 18 ýaşynda

  • Sen hakda ýalan zatlary ýaýradýarlar. «Kompýuteriň bary-ýogy birki düwmesine basyp, adamyň bar abraýyny ýele sowrup, hatda ömrüni-de kül edip bolýar. Bu ulaldylyp aýdylan ýaly bolup görünse-de, durmuşda şeýle ýagdaýlar bolýar». Daniýel, 14 ýaşynda

Adamlar başgalara näme üçin azar berýärler?

Munuň birnäçe sebäpleri bar.

  • Olaryň özlerine-de azar berlipdi. Antoniýa atly ýetginjek oglan şeýle diýýär: «Men deň-duşlarym tarapyndan şeýle köp ejir çekdim welin, özüme ynamymy artdyrmak üçin başgalara azar berip başladym. Soňra näme edýändigim barada oýlananymda, eden hereketimiň nädogrudygyna düşündim».

  • Erbet täsire düşýärler. Jeý Makgrou kitabynda şeýle ýazýar: «Köplenç ýaşlar ene-atasynyň, uly dogan-uýalarynyň we başga-da maşgala agzalarynyň erbet göreldesine eýerýärler» («Life Strategies for Dealing With Bullies»).

  • Olar özlerine göwni ýetýändir öýtse-de, aslynda, özlerine ynamy ýok. Barbara Koloroso kitabynda şeýle diýýär: «Çagalar başgalara azar berip, özleriniň artykmaçlygyny görkezjek bolýarlar. Aslyýetinde bolsa, olar içki duýgularyny we özlerine bolan ynamsyzlygyny gizlemäge çalyşýarlar» («The Bully, the Bullied, and the Bystander»).

Köplenç nähili adamlara azar berýärler?

  • Ýeke gezýänlere. Köplenç başgalara goşulyp bilmän, ýeke gezýän ýetginjeklere azar berýärler.

  • Köpçülikden tapawutlanýan ýaşlara. Adatça, daş keşbi, milleti, dini ynançlary başgalardan tapawutlanýan, hatda bir ýeri şikesli bolan ýaşlara azar berýärler.

  • Özüne ynamy bolmadyk ýaşlara. Başgalara azar berýänler özüne ynamy bolmadyk ýetginjekleri derrew bilýärler. Köplenç şeýle ýetginjekler gaýtawul bermeýändikleri üçin aňsatlyk bilen olaryň eline düşýär.

Saňa azar berenlerinde näme edersiň?

  • Üns berme. «Azar berýän adamlar maksadyna ýetendigini biljek bolýarlar. Eger olara üns bermeseň, seni günüňe goýarlar» diýip, Kaýli atly gyz aýdýar. Mukaddes Ýazgylarda: «Akyldar adam gaharyny saklap, oňa basalyk edýändir» diýilýär (Süleýmanyň tymsallary 29:11).

  • Ar aljak bolma. Sen ar aljak bolsaň, ýagdaýy öňküdenem beterleşdirersiň. Mukaddes Ýazgylarda: «Ýamanlyga ýamanlyk bilen gaýtargy bermäň» diýilýär (Rimliler 12:17; Süleýmanyň tymsallary 24:19).

  • Howply ýagdaýlardan daşda dur. Mümkin boldugyndan, azar berýän adamlardan we kynçylyk döredip biljek ýagdaýlardan gaça dur (Süleýmanyň tymsallary 22:3).

  • Ýumşak jogap bermäge çalyş. Mukaddes Ýazgylarda: «Ýumşak jogap gahary ýatyrýandyr» diýilýär (Süleýmanyň tymsallary 15:1).

  • Oýna sal. Meselem, saňa «çişik» diýýän bolsalar, «pökgüje bolsaň, näme armanyň bar» diýip bilersiň.

  • Hiç zat diýme-de, git. 19 ýaşly Nora şeýle diýýär: «Hiç zat diýmeseň, bu seniň olara garanyňda, akylly-başlydygyňy, güýçlüdigiňi we özüňe erk edip bilýändigiňi görkezýär».

  • Özüňe bolan ynamyňy artdyr. Rita şeýle diýýär: «Olar seniň sabyr käsäň dolandygyny duýsalar, ýagdaýdan hökman peýdalanarlar».

  • Birine gürrüň ber. Bir geçirilen barlaga görä, Internet arkaly zyýan ýetirilen ýaşlaryň köpüsi (esasanam, oglanlar) utanjyndan ýa-da ar alynmakdan gorkup, muny hiç kime gürrüň bermeýärler. Ýadyňda bolsun, dymsaň, azar berýänleriň güni geler. Emma birine gürrüň berseň, beladan sowulmak üçin ilkinji ädimi ätdigiň bolar.

Deň-duşlaryň maslahaty

«Azar beriljek ýerlerden we ýagdaýlardan gaça dur. Şeýle adamlaryň hem kynçylyklarynyň bolýandygyny unutma. Eger şuny göz öňünde tutsaň, olaryň aýdýanlaryny göwnüňe almarsyň.

Özüňe ynamly bol. Ynanýan zatlaryňy goramaga gorkma. Başgalara azar berýänler köplenç seniň gorkmaýandygyňy görseler, hüjüm etmegini bes ederler».

Mugallymyň maslahaty

«Azar bermeklige sowuk-sala garamaly däl. Hatda 3-nji synpda okaýan okuwçylar hem sapak wagty ýakalaşýarlar! Käbir çagalar abraý gazanyp, özlerini ýokary tutmak üçin başgalary kemsidýärler.

Köplenç çagalar ar alarlar öýdüp, azar berýän ýaşlaryň edýän işlerini aýtmakdan gorkýarlar. Şeýle-de hiç kim arkasyny almaz diýip pikir edýärler. Emma men şonda-da olary ululardan birine aýtmaga höweslendirýärin. Bu maslahata eýermek paýhasly we olary başgalaryň azar bermeginden gorap biler» (Jenili, ABŞ-da mugallym bolup işlän).

Sen nähili pikir edýärsiň?

Dogry ýa-da ýalňyş

  1. Başgalara azar berýän adamlar hemişe-de bardy.

  2. Azar bermeklik ýöne bir garagollyk, oňa kän bir üns bermeli däl.

  3. Azar berenlerinde, senem gaýtargy bermeli.

  4. Biri azar berýän bolsa, muňa özüň günäkär.

  5. Azar berilýän adamlaryň käbiri özleri başgalara azar berip başlaýarlar.

  6. Birine azar berip duran bolsalar, görmezlige salmaly.

  7. Köplenç özüne ynamy bolmandygy üçin ýaşlar başgalara azar berip öwünýärler.

  8. Şeýle adamlar özgerip biler.

JOGAPLARY

  1. Dogry. Mukaddes Ýazgylarda «nefiller» barada aýdylýar. Olaryň ady «başgalary ýykýan» diýmegi aňladýar (Gelip çykyş 6:4).

  2. Ýalňyş. Azar berilýän adam howp astyna düşýär. Gynansak-da, olaryň käbiri janyna kast etdiler.

  3. Ýalňyş. Başgalara azar berýän adamlar köplenç güýçli bolýarlar. Şonuň üçin olara gaýtargy berseň, ýagdaýy has-da kynlaşdyrarsyň.

  4. Ýalňyş. Azar berilýän adamy günäkärlemek nädogry. Bar günä azar berýäniň özünde!

  5. Dogry. Gynansak-da, azar berilýän adamlar gaharyny çykarmak üçin başgalara şeýle daraşyp başlaýarlar.

  6. Ýalňyş. Şeýle ýagdaýda görmezlige salmak nädogry. Eger birine azar berip durandyklaryny görüp hem geçip gitseň, ony çözmegiň deregine gaýtam, ýagdaýy has-da beterleşdirersiň.

  7. Dogry. Azar berýän adamlaryň käbiriniň özüne göwni ýetýänem bolsa, olaryň köpüsi özüne bolan ynamyny artdyrmak üçin şeýle edýärler.

  8. Dogry. Azar berýän adamlar başgalaryň kömegi bilen garaýşyny we özüni alyp barşyny üýtgedip biler (Efesliler 4:23, 24).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş