Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Turkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • ijwyp mak. 48
  • Nähili geýinmeli?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Nähili geýinmeli?
  • Ýaşlaryň sowallary
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Ýalňyşdyrýan üç zady bil we ondan gaça dur.
  • Siziň egin-eşigiňiz Hudaýy şöhratlandyýarmy?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2016
Ýaşlaryň sowallary
ijwyp mak. 48
Ýaşlar egin-eşik saýlaýar

ÝAŞLARYŇ SOWALLARY

Nähili geýinmeli?

Adamyň üst-başyna, egin-eşigine seredip nähili adamdygyny bilip bolýar. Egin-eşigiňi görüp adamlar sen barada nähili pikir eder?

  • Ýalňyşdyrýan üç zady bil we ondan gaça dur

  • Deň-duşlaryň näme diýýär?

Ýalňyşdyrýan üç zady bil we ondan gaça dur.

1. Reklamanyň täsirine düşmek.

Tawus atly ýetginjek gyz şeýle gürrüň berýär: «Şu günler soňky çykan zatlary köp reklama edýärler welin, onuň täsirine düşenimi duýman galýaryn. Köp adamlaryň soňky çykan eşikleri geýýänini görüp, olardan galmajak bolup şolar ýaly geýinesiň gelýär».

Rekalamanyň täsirine diňe gyzlar däl, hatda oglanlaram düşýär. Bir kitapda şeýle diýilýär: «Oglanlaryň hem köpüsi diýen ýaly moda kowalaşýar. Olaram soňky çykan zatlardan galmajak bolup, her zat edýärler» («The Everything Guide to Raising Adolescent Boys»).

Özüňi barla. Mukaddes Kitapda: «Sada adam her söze ynanýar, ätiýaçly adam her ädimini ölçerýär» diýilýär (Nakyllar 14:15). Şu prinsipe görä, reklama edilýän «özüne çekiji», «açyk», «dar» egin-eşikleri göreniňde özüňe şeýle soraglary ber:

  • Şol egin-eşigi alsam kime peýda berer?

  • Meni nähili adam edip görkezer?

  • Adamlar men barada we ynanýan zatlarym barada näme pikir eder?

Maslahat. Soňky döwür nähili egin-eşikleriň reklama edilýändigine üns ber? Olar nähili ýaşamaga höweslendirýär? Reklamalar sende şol zady hökman almaly diýen höwes döredýärmi? Keýik atly ýetginjek gyz şeýle gürrüň berýär: «Modalar owadan, boý-syratly görünmäge we gowuja geýinmäge höweslendirýär. Reklamany döredýän adamlaram ýaşlary şeýle zatlaryň özüne çekýändigini gowy bilýär».

2. Ilden galmajak bolup geýinmek.

Maksat atly oglan şeýle gürrüň berýär: «Bir eşik moda bolsa, hemmeler şony geýjek bolýar. Senem şol eşigi geýmeseň, gepiňi edýärler». Annagül atly gyz hem: «Gep modada däl-de, adamlardan galasyň gelenok» diýýär.

Özüňi barla. Mukaddes Kitapda: «Mundan beýläk şu dünýäniň täsirine düşmäň» diýilýär (Rimliler 12:2). Egin-eşikleriňi gözden geçirip, özüňe şeýle soraglary ber:

  • Eşiklerim şu dünýäniň täsirine düşýändigimi görkezýärmi?

  • Diňe ady belli firmalaryň çykarýan egin-eşiklerini geýmeli diýip pikir edýärinmi?

  • Adamlara görünjek bolup geýinýärinmi?

Maslahat. Diňe moda kowalaşyp ýa-da ilden galmajak bolup däl-de, mertebäňi peseltmeýän we janyňa rahat egin-eşikleri geý. Özüňe näçe ynamyň güýçli bolsa, ilden galmajak bolup azara galmarsyň, gelşikli geýnersiň.

3. Näçe dar, açyk bolsa, şonça-da gowy diýip pikir etmek.

Jennet atly gyz şeýle diýýär: «Dogrymy aýtsam, käte meniň hem öte gysga, dar, açyk egin-eşikleri geýesim gelýär».

Özüňi barla. Mukaddes Kitapda diňe daş keşbiňi däl-de içki dünýäňi bezemelidigi aýdylýar (1 Petrus 3:3, 4). Şonuň üçin oýlanyp gör: Sen nähili adamlary gowy görýärsiň: owadanmy ýa häsiýeti gowy adamlary?

Maslahat. Adamy salykatly eşikler bezeýär. Elbetde, häzir salykatly geýinýän adam gaty az. Ýöne şu sorag hakda oýlan:

Sen diňe özüni öwýän ýa-da özüne üns çekmegi gowy görýän adama duşup gördüňmi? Gynansak-da, şeýle adamlaryň ýanynda hiç kimiň durasy gelmeýär.

Bir oglan egin-eşigine öwnüp dur, deň-duşlary onuň bolşuny halamaýar

Öwnüp, diňe özüni görkezjek bolýan adamyň ýanynda hiç kim durmaýar. Göze ilginç eşik geýen adam hem abraýdan gaçýar

Gelşiksiz geýinýän adamlar hem şoňa meňzeýär. Olar geýen egin-eşigi bilen «diňe maňa serediň» diýen ýaly bolýar. Şeýle egin-eşik seni özüne ynamsyz ýa-da diňe özüne üns çekesi gelýän adam ýaly görkezer. Şeýle geýinseň: «Adamlaryň nähili göz bilen seredýäni gyzyklandyranok, esasy zat, menden gözüni aýyrmasalar bolýar» diýen ýaly bolarsyň.

Geýnişiň sebäpli adamlaryň öňünde abraýdan gaçma, iň gowusy, salykatly geýin. Maral atly ýetginjek gyz şeýle diýýär: «Salykatly geýinmek atam döwrüniň eşigini geýmegi aňlatmaýar. Egin-eşigiňden özüňi hem başgalary sylaýandygyň görünmeli».

DEŇ-DUŞLARYŇ NÄME DIÝÝÄR?

Breýanna

«Men biraz giňräk eşikleri aldym. Men ony semränim üçin däl-de, dar geýinmejek bolup aldym. Bilýäňizmi, adamlar näme diýdi?! Olar maňa: „Wiý, sen-ä horlanaýypsyň“ diýdiler. Salykatly geýinseň, horja-da görünýän ekeniň» (Breýanna).

Kiren

«Men diňe gelişýändigi üçin däl-de, özümi rahat duýýandygym üçin salykatly geýinýärin. Nirä baraýanymda-da ýüzüm gyzarmaýar, eşigim sebäpli Ýehowanyň Şaýadydygymy aýtmaga utanmaýaryn» (Kiren).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • Turkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş