Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • ijwbq bap 102
  • Humarly oýunlary oýnamak günämi?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Humarly oýunlary oýnamak günämi?
  • Mukaddes Kitaba degişli soraglaryň jogaby
  • Sözbaşylar
  • Mukaddes Kitabyň jogaby
Mukaddes Kitaba degişli soraglaryň jogaby
ijwbq bap 102
Bir adam telewizordan öz lotoreý oýnunyň netijesini barlaýar

Humarly oýunlary oýnamak günämi?

Mukaddes Kitabyň jogaby

Bu barada Mukaddes Kitapda anyk aýdylmasa-da, biz ondaky prinsipler arkaly Hudaýyň garaýşynda humarly oýunlary oýnamagyň günädigine düşünip bileris (Efesliler 5:17)a.

  • Humarly oýunlar açgözlük döredýär. Hudaý bolsa açgözlügi ýigrenýär (1 Korinfliler 6:9, 10; Efesliler 5:3, 5). Humarly oýunlary oýnaýan adamlar başgalaryň utdurýan pullaryna eýe bolmaga umyt edýärler. Emma Mukaddes Kitapda başgalaryň emlägine göz gyzdyrmak ýazgarylýar (2 Musa 20:17; Rimliler 7:7; 13:9, 10).

  • Humarly oýunlaryň hatda iň ýönekeýjesi hem, pula bolan söýgi döredip bilýär. Bu bolsa ahyrsoňy adamy heläkçilige eltýär (1 Timoteos 6:9, 10).

  • Humarly oýunlary oýnaýan adamlar köplenç yrymlara ýa-da şowlulyk getirýän zatlara ynanýarlar. Emma Hudaýyň nazarynda şeýle zatlara ynanmaklyk butparazlyk hasaplanýar (Işaýa 65:11).

  • Mukaddes Kitapda ýeňil gazanç barada arzuw etmegiň deregine, öz eliň bilen zähmet çekmelidigi aýdylýar (Nesihat 2:24; Efesliler 4:28). Mukaddes Kitabyň şol maslahatyna eýerýän adamlar «öz gazanan çöregini iýýär» (2 Selanikliler 3:10, 12).

  • Humarly oýunlar Mukaddes Kitapda ýazgarylýan bäsdeşlik ruhuny döredýär (Galatýalylar 5:26).

a Mukaddes Kitapda Rim esgerleriniň öz peýdasyny gözläp, Isa pygamberiň eşikleri üçin «bije atandyklary» aýdylýar. Aslynda, bu ýerde humarly oýunlar göz öňünde tutulýar (Matta 27:35; Ýahýa 19:23, 24).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş