Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • ijwbq bap 113
  • Mukaddes Kitapda reinkarnasiýa taglymaty barmy?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Mukaddes Kitapda reinkarnasiýa taglymaty barmy?
  • Mukaddes Kitaba degişli soraglaryň jogaby
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Mukaddes Kitabyň jogaby
  • Hudaý oňa teselli berdi
    Olaryň imanyndan görelde alyň
  • Sen käwagt özüňi ýeke duýýarmyň ýa-da gorkýarmyň?
    Çagalaryňyza öwrediň
  • Ol oýa bolup garaşdy
    Olaryň imanyndan görelde alyň
Mukaddes Kitaba degişli soraglaryň jogaby
ijwbq bap 113
Häzirki we öňki döwürdäki adam

Mukaddes Kitapda reinkarnasiýa taglymaty barmy?

Mukaddes Kitabyň jogaby

Ýok. Mukaddes Kitapda «reinkarnasiýa» (ölümden soň ruhuň haýwana ýa-da adama geçmegi) sözi we taglymaty duş gelmeýär. Reinkarnasiýa taglymaty ölmeýän jan ýa-da baky ruh hakdaky düşünjä esaslanýara. Emma Mukaddes Kitapda «jan» sözi adamyň ýaşaýşyny aňladýar we ol ölýär (1 Musa 2:7; Hyzkyl 18:4). Adam ölenden soň, ol ýaşamagyny bes edýär (1 Musa 3:19; Nesihat 9:5, 6).

Reinkarnasiýa we direliş baradaky taglymatlaryň nähili tapawudy bar?

Mukaddes Kitabyň direliş baradaky taglymaty baky ruh diýen düşünjä esaslanmaýar. Direliş ölen adamlaryň Hudaýyň güýji arkaly direljekdigine umyt berýär (Matta 22:23, 29; Resullar 24:15). Şonda direlen adamlar «täze ýerde» ýaşar we gaýdyp hiç haçan ölmez (2 Petrus 3:13; Ylham 21:3, 4).

Reinkarnasiýa we Mukaddes Kitap barada ýalan düşünjeler

Ýalan düşünje: Mukaddes Kitapda Ylýas pygamberiň suwa çümdürýän Ýahýa bolup gelendigi aýdylýar.

Delil: Hudaý: «Özüm size Ylýas pygamberi ibererin» diýip pygamberlik etdi; Isa Mesih hem şu sözleri suwa çümdürýän Ýahýanyň ýerine ýetirendigini aýtdy (Melek 4:5, 6; Matta 11:13, 14). Emma bu Ylýasyň suwa çümdürýän Ýahýa bolup gelendigini aňlatmaýar. Ýahýanyň hut özi Ylýas pygamber däldigini aýtdy (Ýahýa 1:21). Ýahýa Ylýas pygamberiňki ýaly ýumşy ýerine ýetirmelidi, ýagny Hudaýyň habaryny yglan edip, adamlary toba etmäge höweslendirmelidi (1 Patyşalar 18:36, 37; Matta 3:1). Ýahýa-da «Ylýas pygamberiňki ýaly ruh we güýç bilen» hereket etmelidi (Luka 1:13—17).

Ýalan düşünje: Mukaddes Kitapda «täzeden dogulmak» diýlende, reinkarnasiýa göz öňünde tutulýar.

Delil: Mukaddes Kitapda «täzeden dogulmak» diýlende, ölümden soň däl-de, ýaşap ýören wagtyň ruhy taýdan dogulmak göz öňünde tutulýar (Ýahýa 1:12, 13). Täzeden dogulmak öňki eden günäleriň netijesi däl-de, gaýtam, Hudaýyň berýän aýratyn sylagy we berekedi hasaplanýar. Ol bu sylagy diňe käbir adamlara berýär (Ýahýa 3:3; 1 Petrus 1:3, 4).

a Ölmeýän jan we reinkarnasiýa baradaky düşünje gadymy Wawilondan gelip çykdy. Birnäçe wagtdan soň hindi filosoflary şoňa esaslanyp, ýazgyt baradaky taglymaty girizipdirler. Britan ensiklopediýasyna laýyklykda, ýazgyt — bu «sebäp we netije baradaky kanun. Ol adamyň edýän her bir hereketi onuň indiki ýaşajak durmuşyna täsir edýär diýip öwredýär» («Britannica Encyclopedia of World Religions», sah. 913).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş