Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • ijwbq bap 124
  • «Patyşalygyň açarlary» nämäni aňladýar?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • «Patyşalygyň açarlary» nämäni aňladýar?
  • Mukaddes Kitaba degişli soraglaryň jogaby
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Mukaddes Kitabyň jogaby
  • Ynsan Ogly kim?
    Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
  • Ol synaglarda wepaly galdy
    Olaryň imanyndan görelde alyň
  • Petrus resul ýaly tutanýerli boluň!
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2023
  • Ol Halypasyndan bagyşlamagy öwrendi
    Olaryň imanyndan görelde alyň
Mukaddes Kitaba degişli soraglaryň jogaby
ijwbq bap 124
Üç açar

«Patyşalygyň açarlary» nämäni aňladýar?

Mukaddes Kitabyň jogaby

«Patyşalygyň açarlary» diýen jümle adamlara «Hudaýyň Patyşalygyna girmäge» mümkinçilik bermek üçin kimdir birine berlen ygtyýary suratlandyrýar (Matta 16:19; Resullar 14:22)a. Isa Petrus resula «gökdäki Patyşalygyň açarlaryny» berdi. Başgaça aýdanyňda, Petrus resul wepaly adamlara Hudaýyň mukaddes ruhuny alyp, gökdäki Patyşalygyna girmek üçin näme etmelidigini düşündirmelidi.

Bu açarlar kimler üçin ulanyldy?

Petrus Hudaýyň beren bu ygtyýaryny ulanyp, üç topardan ybarat bolan adamlara gökdäki Patyşalyga girmäge ýol açdy.

  1. Ýehudylar we ýehudy dinini kabul edenler. Isanyň ölüminden biraz wagt geçensoň, Petrus ýehudy dinine uýýan märekäni Isany Hudaýyň Patyşalygynyň patyşasy hökmünde kabul etmäge höweslendirdi. Soňra olara halas bolmaklary üçin näme etmelidigini aýtdy. Şeýdip, Petrus olara Patyşalyga girmekleri üçin ýol açdy we müňlerçe adamlar «onuň sözlerini höwes bilen kabul etdi» (Resullar 2:38—41).

  2. Samariýalylar. Soňra Petrus samariýalylaryň ýanyna iberildib. Ol Ýahýa resul bilen «(samariýalylaryň) mukaddes ruhy almaklary üçin doga edende», ýene-de Patyşalygyň açaryny ulandy (Resullar 8:14—17). Bu samariýalylara Patyşalyga girmäge ýol açdy.

  3. Ýat halklar. Isanyň ölenine üç ýarym ýyl geçensoň, Hudaý Petrusa başga halkdan bolan (ýehudy bolmadyk) adamlaryň hem Patyşalyga girip biljekdiklerini aýan etdi. Şonda Petrus ýehudy bolmadyk adamlara wagyz edip başlady. Şeýdip, olaryň mukaddes ruh arkaly Isanyň şägirtleri we Patyşalygyň gelejekki raýatlary bolmaklary üçin şol açarlaryň birini ulandy (Resullar 10:30—35, 44, 45).

«Hudaýyň Patyşalygyna girmek» nämäni aňladýar?

«Hudaýyň Patyşalygyna giren» adamlar Isa bilen gökde höküm sürerler. Mukaddes Kitapda olaryň «tagtlarda oturyp», «ýeriň üstünden höküm sürjekdigi» aýdylýar (Luka 22:29, 30; Ylham 5:9, 10).

Patyşalygyň açarlary babatda ýalan düşünjeler

Ýalan düşünje: Kimiň göge gitjekdigini Petrus çözýär.

Delil: Mukaddes Kitapda «dirileri hem ölüleri höküm edýäniň» Petrus däl-de, Isa Mesihdigi aýdylýar (2 Timoteos 4:1, 8; Ýahýa 5:22). Petrusyň özi hem «Hudaýyň ony (Isany) dirileri hem ölüleri höküm etmäge belländigini» aýdýar (Resullar 10:34, 42).

Ýalan düşünje: Patyşalygyň açarlaryny haçan ulanmalydygyny Petrus çözýär. Gökdäkiler hem oňa garaşýar.

Delil: Isa Patyşalygyň açarlary hakda aýdanda, Petrusa şeýle diýdi: «Seniň ýer ýüzünde baglan zadyň gökde-de baglanar, ýer ýüzünde çözen zadyň gökde-de çözüler» (Matta 16:19). Käbir adamlar bu sözlere gökdäkileriň näme etmelidigini Petrus aýdýar diýip düşünýärler. Ýöne tekstiň asyl nusgasynda ulanylan grek işligi Petrusyň gelýän kararlary eýýäm gökde çözülendigini we onuň şol kararlara eýerendigini görkezýär.c

Mukaddes Kitabyň başga aýatlarynda hem Patyşalygyň açarlaryny ulananda, Petrusyň göklere tabyn bolandygy aýdylýar. Meselem, ol üçünji açary ulananda, Hudaýdan gelen görkezmä eýerdi (Resullar 10:19, 20).

a Mukaddes Kitapda «açar» diýen söz käte ygtyýary we jogapkärçiligi aňladýar.

b Samariýalylaryň dini ýehudylaryň dininden tapawutlanýardy. Ýöne olar Musanyň kanunynyň käbir taglymatlaryny we talaplaryny kabul edýärdiler.

c Öwrenme bellige seret Matta 16:19 Mukaddes Kitabyň Täze dünýä terjimesi (Öwrenmek üçin).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş