Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • ijwyp mak. 66
  • Halaşýanym bilen aram kesilende

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Halaşýanym bilen aram kesilende
  • Ýaşlaryň sowallary
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Ýürek agyrysy
  • Näme edip bilersiň?
  • Halaşýan oglanyň seni taşlasa näme etmeli?
    Ýaşlaryň sowallary — peýdaly maslahatlar, I tom
  • Ol maňa mynasyp ýanýoldaş bolup bilermi?
    Ýaşlaryň sowallary — peýdaly maslahatlar, II tom
  • Dünýäden doýup, ýaşasyň gelmeýän bolsa näme etmeli?
    Ýaşlaryň sowallary — peýdaly maslahatlar, I tom
  • Duşuşmak. 3-nji bölüm: Duşuşmagymyzy goýmalymy?
    Ýaşlaryň sowallary
Başgalary
Ýaşlaryň sowallary
ijwyp mak. 66
Elinde halaşýan gyzynyň zynjyry bolan gamgyn oglan

ÝAŞLARYŇ SOWALLARY

Halaşýanym bilen aram kesilende

Stiwen şeýle ýatlaýar: «Halaşýan gyzym bilen aram kesilende, bar zat ýumrulan ýaly boldy. Durmuşda şeýle perişan ýagdaýa düşüp görmändim».

Senem şeýle ýagdaýy başyňdan geçirip gördüňmi? Eger şeýle bolsa, şu makala saňa kömek eder.

  • Ýürek agyrysy

  • Näme edip bilersiň?

Ýürek agyrysy

Oglan bilen gyzyň arasy kesilende, ikisi hem erbet ýagdaýa düşýär.

  • Eger seniň özüň arany kesen bolsaň, Jasminiň duýgulary saňa tanyşdyr. Ol şeýle diýýär: «Gowy görýän adamyň ýüregine ýara salmak saňa-da agyr degýär, ynsabyň köseýär. Şeýle ýagdaý gaýtalanmaz diýip umyt edýärin».

  • Eger halaşýanyň arany kesen bolsa, onda muny ölüm bilen deňeşdirseň bolýar. Janet atly gyz şeýle gürrüň berýär: «Meni her hili duýgular gaplap aldy. Aramyzyň kesilendigini boýun almak islemeýärdim, gaharlanýardym, ony yzyna dolasym gelýärdi. Göwnüçökgünlige düşdüm we bir ýyla golaý wagtdan soň, özüme geldim».

Netije: Araňy keseniňde, gam-gussa batyp, lapykeç bolýarsyň. Mukaddes Ýazgylarda: «Synyk ruh... süňkleri guradýandyr» diýilýär (Süleýmanyň tymsallary 17:22).

Näme edip bilersiň?

  • Bir adam gepleýär

    Uly ýaşly ynamdar adama ýüregiňi dök. Mukaddes Ýazgylarda: «Dost her wagt söýýändir; dogan bolsa aladaly gün üçin doglandyr» diýilýär (Süleýmanyň tymsallary 17:17). Ene-ataňa ýa-da uly ýaşly ynamdar dostuňa ýüregiňi dökseň, bu saňa bolan ýagdaýa dogry garamaga kömek eder.

    «Men birnäçe aýlap özümi başgalardan çetde tutdum we duýgularymy hiç kim bilen paýlaşmadym. Emma dost-ýarlarym edil däri-derman ýaly derdimi ýeňletdiler. Olara ýüregimi dökenimden soň, kalbym rahatlyk tapdy». Janet

  • Adamyň beýnisi

    Bolan ýagdaýdan sapak edin. Mukaddes Ýazgylarda: «Hikmet gazan, düşünje gazan» diýip maslahat berilýär (Süleýmanyň tymsallary 4:5). Agyr ýagdaýy başdan geçireniňde, özüň hakda köp zatlary we lapykeçlige nähili derejede hötde gelmegi başarýandygyňy bilýärsiň.

    «Halaşýan gyzym arany kesende, dostum: „Sen mundan nähili sapak edindiň? Gelejekde biri bilen halaşsaň, bu saňa nädip kömek eder?“ diýip sorady». Stiwen

  • Bir adam doga edýär

    Doga et. Mukaddes Ýazgylarda: «Ýüküňi Rebbiň üstüne taşla» diýilýär (Zebur 55:22). Hudaýa doga etseň, bu saňa agyryňy ýeňmäge we dörän ýagdaýa başgaça seretmäge kömek eder.

    «Hemişe doga et. Ýehowa seniň duýgularyňa düşünýär we dörän ýagdaýy seniň özüňden hem gowy bilýär». Marsiýa

  • Kömek etmek üçin uzadylan el

    Başgalara kömek et. Mukaddes Ýazgylarda: «Diňe öz bähbidiňizi gözlemän, başgalaryňkyny hem agtaryň» diýip maslahat berilýär (Filipililer 2:4). Adamlara näçe köp kömek etseň, şonça-da agyryňy basym ýadyňdan çykararsyň.

    «Halaşýanyň bilen araň kesilende, edil dünýäniň soňy gelen ýaly bolýar. Şeýle duýgulara çydanyňdan, beden agyrysyna çydamak aňsat. Ýöne wagtyň geçmegi bilen köşeşip başlaýarsyň. Dogrudanam, biraz wagtdan ýaraň bitişýär». Ewelin

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş