Mukaddes Kitapda şaý-sep dakynmak we timar bermek barada näme diýilýär?
Mukaddes Kitabyň jogaby
Mukaddes Kitapda özüňe timar bermek we şaý-sep dakynmak barada jikme-jik aýdylmasa-da, gadagan hem edilmeýär. Hudaýyň Sözünde daş keşbiňe aşa köp üns bermän, gaýtam «ýuwaş we mylaýym häsiýetler bilen bezemek» maslahat berilýär (1 Petrus 3:3, 4).
Şaý-sep dakynmak gadagan edilmeýär
Gadymy döwürde Hudaýa wepaly gelin-gyzlar şaý-sep dakynypdyrlar. Yshagyň gelni Rebeka altyn burunhalka, altyn bilezik dakynýardy. Olaryň ählisini gaýynatasy Ybraýym pygamber sowgat beripdi (1 Musa 24:22, 30, 53). Pars patyşasynyň buýrugy bilen Esteriň «bedenine ýag çaldylar», «mür... melhem we dürli ýaglar bilen owkaladylar». Ol patyşanyň buýrugyna garşy däl-di, sebäbi şa aýaly bolmalydy (Ester 2:7, 9, 12).
Mukaddes Kitapda şaý-sepler gowy zatlar bilen deňeşdirilýär. Meselem, paýhasly maslahatlara «gulak asýan» adam «altyn gulakhalka» dakynan adama meňzedilýärdi (Nakyllar 25:12, çykgyt). Öýlenýän ýigit gelinliginiň eline bilezik, boýnuna monjuk, gulagyna gulakhalka dakyp bezeýşi ýaly, Hudaý hem ysraýyl halkyny göçme manyda şaý-sepler bilen bezeýär. Şaý-sepler ysraýyl halkyny «gözelleriň gözeli» edýär (Hyzkyl 16:11—13).
Timar bermek we şaý-sep dakynmak babatda nädogry düşünje
Nädogry düşünje: 1 Petrus 3:3-de «özüňi diňe bir saç örümleri, altyn şaý-sepler... bilen» bezemeli däldigi aýdylýar. Diýmek, Mukaddes Kitaba görä, bezenip-beslenmek gadagan.
Hakykat: Baby boýdan-başa okanymyzda, adamyň içki gözelliginiň daş keşbinden we şaý-sep dakynmagyndan hem has wajypdygyny bilse bolýar (1 Petrus 3:3—6). Mukaddes Kitapda şeýle deňeşdirmelere köp duş gelýäris (1 Şamuwel 16:7; Nakyllar 11:22; 31:30; 1 Timoteos 2:9, 10).
Nädogry düşünje: Mukaddes Kitapda zalym şa aýaly Izabeliň «gözüne sürme çalandygy» ýa-da gözüni boýandygy aýdylýar. Şonuň üçin boýanmak, timar bermek nädogry (2 Patyşalar 9:30).
Hakykat: Izabel jadygöýlik bilen meşgullanýardy we bigünä adamlaryň ganyna galýardy. Oňa gözüne sürme çalyp, timar berendigi üçin däl-de, zalym işleri üçin jeza berildi (2 Patyşalar 9:7, 22, 36, 37).