Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • ijwyp mak. 90
  • Ruhdan düşürýän pikirleri nädip ýeňmeli?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ruhdan düşürýän pikirleri nädip ýeňmeli?
  • Ýaşlaryň sowallary
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Sen nähili adam?
  • Näme üçin wajyp?
  • Näme edip bilersiň?
  • Köpräk bil
  • Başgalara goşulyp bilmeseň näme etmeli?
    Ýaşlaryň sowallary
  • Imandaşlaryňyzyň ýalňyşlyklary sizi büdretmesin!
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2016
  • Bu kesel näme üçin meniň başyma düşdi?
    Ýaşlaryň sowallary — peýdaly maslahatlar, II tom
Ýaşlaryň sowallary
ijwyp mak. 90
Bir gyzy ruhdan düşürýän pikirler gara bulut ýaly gaplaýar

ÝAŞLARYŇ SOWALLARY

Ruhdan düşürýän pikirleri nädip ýeňmeli?

  • Sen nähili adam?

  • Näme üçin wajyp?

  • Näme edip bilersiň?

  • Köpräk bil

  • Deň-duşlaryň näme diýýär?

Sen nähili adam?

  • Ýagdaýyň gowy tarapyny görýän

    «Men ähli zadyň gowy tarapyny görjek bolýan. Her günüňi gülki-şatlyk bilen geçirseň gowy dälmi?» (Bägül).

  • Ýagdaýyň erbet tarapyny görýän

    «Men diňe ruhdan düşürýän pikirleri edýän. Hemme zat gülala-güllük bolsa-da, men derrew şübhelenip başlaýan» (Leýla).

  • Ýagdaýa dogry baha berýän

    «Ýagdaýyň gowy tarapyny görýän adam tamasy puja çyksa, ruhdan düşýär. Erbet tarapyny görýän adam hemişe nägile bolup ýaşaýar. Şonuň üçin men ýagdaýa dogry baha berýän» (Aýgül).

Näme üçin wajyp?

Mukaddes Kitapda: «Şadyýan ýüregiň her güni toýdur» diýilýär (Nakyllar 15:15). Ruhdan düşürýän pikirleri etmän, ýagdaýyň gowy tarapyny görüp bilýän adam şatlygyny ýitirmeýär. Olaryň dost-ýarlary hem köp bolýar. Elbetde, ýüzünden gar ýagyp duran adamyň ýanynda hiç kimiň durasy gelmez!

Seniň diňe gowy zatlaryň pikirini edip ýaşasyň gelse-de, barybir ruhdan düşürjek zatlar bolar. Meselem:

  • Täzeliklerde uruş, jenaýatçylyk we başga-da pajygaly wakalaryň bolýandygyny eşidýänsiň

  • Maşgalaňyzda kynçylyklar bolýandyr

  • Erbet pikirler we ýaramaz duýgular bilen göreşýänsiň

  • Dostuň göwnüňe degendir

Kynçylyklara biperwaý hem bolmaly däl, çendenaşa ýüregiňe-de almaly däl. Dogry garaýşy saklasaň, ruhdan düşmersiň.

AGowy zatlaryň pikirini edende gara bulut aýrylyp, howa açylýar

Howa hemişe bulutly bolmaýar, iru-giç Gün çykýar

Näme edip bilersiň?

  • Özüňden köp zada garaşma.

    Mukaddes Kitapda şeýle diýilýär: «Dünýäde diňe ýagşylyk edip, asla günä etmeýän dogruçyl adam ýok» (Nesihat 7:20). «Men diňe ýalňyşýan, edenim hijem ugruna bolmaýar» diýip pikir etme. Sebäbi her bir adamam ýalňyşyp bilýär.

    Dogry garaýyşda bol. Kemçilikleriň üstünde işle, ýöne özüňden köp zada garaşma. Tahyr atly oglan şeýle diýýär: «Men goýberen ýalňyşyma köp üns bermän, ony düzetmäge jan edýän. Şonda ruhdan düşmeýän».

  • Özüňi başgalar bilen deňeşdirme.

    Mukaddes Kitapda: «Geliň, diňe özüni bilýän adam bolmalyň, biri-birimiz bilen bäsleşmäliň, göriplik etmäliň!» diýilýär (Galatýalylar 5:26). Dost-ýarlaryň oturylyşykda düşen suratlaryny görseň: «Näme üçin meni çagyrmadylarka?» diýip ruhdan düşme. Ýogsam göriplik edip, dostlaryňy ýigrenersiň.

    Dogry garaýyşda bol. «Dost-ýarlarym hemme ýere meni çagyrmalydyr» diýip pikir etme. Onsoňam bir suraty görüp, hemme zady doly bilip bolmaýar. Aýbölek atly ýetginjek gyz şeýle gürrüň berýär: «Internetde diňe gowy suratlaryny goýýarlar. Aslynda, oturylyşykda nämeleriň bolandygyny suratdan bilip bolmaýar».

  • Öýde parahatlygy sakla.

    Mukaddes Kitapda: «Ähli adamlar bilen oňşup ýaşajak bolalyň» diýilýär (Rimliler 12:18). Maşgalaňdakylar bilen oňuşmak kyn bolsa, olaryň hereketini däl-de, garaýşyňy düzetjek bol. Parahatlygy saklamak öz eliňde.

    Dogry garaýyşda bol. Ody ýangyç bilen däl-de, suw bilen söndürýärler. Edil şonuň ýaly, maşgalada düşünişmezlik dörände parahatlygy sakla. Maýsa atly gyz şeýle diýýär: «Ählimizem ýalňyşýarys. Käte özümizem başgalaryň göwnüne degýäris. Şonuň üçin düşünişmezlik bolanda derrew gahar-gazaba münmän, parahatlygy saklamaga jan etmeli».

  • Minnetdar bol.

    Mukaddes Kitapda: «Minnetdar boluň» diýilýär (Koloslylar 3:15). Minnetdar adam durmuşdan nägile bolmaýar, gaýtam her gününe şükür edip ýaşaýar.

    Dogry garaýyşda bol. Elbetde, kynçylyklaryňa sowuk-sala garamaly däl. Ýöne bar ünsüňi diňe kynçylyklaryňa berseň, daş-töweregiňdäki gowy zatlary görüp bilmersiň. Leýla şeýle diýýär: «Durmuşymda ruhdan düşürýän ýagdaýlar bolsa-da, men her gün gündeligime begendirýän zatlary ýazýan».

  • Dostlaryňy, joralaryňy ünsli saýla.

    Mukaddes Kitapda: «Erbetler bilen gatnaşmak gowy häsiýetleri bozýandyr» diýilýär (1 Korinfliler 15:33). Hemişe durmuşdan nägile, gödek, adamlaryň kemçiligini gözleýän adamlar bilen köp tirkeşseň, senem şolara meňzärsiň.

    Dogry garaýyşda bol. Käte dostlaryň kyn ýagdaýa, göwnüçökgünlige düşüp biler. Olara eliňden gelse kömek et, ýöne çendenaşa alada edip ýörme, ýogsam ruhdan düşersiň. Maral atly gyz: «Diňe göwnüçökgün adamlar bilen jora bolsaň, saňa täsir edýär» diýýär.

Köpräk bil

Mukaddes Kitapda biziň «soňky günleriň juda kyn döwründe» ýaşaýandygymyz aýdylýar (2 Timoteos 3:1). Kynçylykdan, gaýgy-aladadan doly dünýäde ýagdaýa dogry baha bermek aňsat däl. Eger şeýle bolsa «Jebir-jepasyz ýaşaýyş bolarmy?» diýen makalany oka.

Deň-duşlaryň näme diýýär?

Ema

«Ruhdan düşürýän pikirler dörände men ýagdaýyň peýdaly hem zyýanly taraplaryny ýazýan. Bu maňa ýagdaýa başgaça garamga kömek edýär. Şonda hatda kynçylyklarda-da gowy zady görüp bolýar» (Ema).

Jesse

«Kelläme ruhdan düşürýän pikirler gelende men başgalara kömek etmek hakda oýlanýan. Isa pygamberem adamlara ýagşylyk etsek bagtly boljakdygymyzy aýtdy. Adamlara kömek edenimde erbet pikirlerden ünsümi sowmak aňsat bolýar» (Jesse).

Gaýtalamak. Ruhdan düşürýän pikirleri nädip ýeňmeli?

Özüňden köp zada garaşma. Goýberen ýalňyşyňa köp üns bermän, ony düzetmäge jan et.

Özüňi başgalar bilen deňeşdirme. Oturylyşyga çagyrmasalar, göwnüňe alma.

Öýde parahatlygy sakla. Ody ýangyç bilen däl-de, suw bilen söndürýärler. Şonuň ýaly maşgalada düşünişmezlik dörände parahatlygy sakla.

Minnetdar bol. Elbetde, kynçylyklaryňa sowuk-sala garamaly däl. Ýöne bar ünsüňi kynçylyklara berseň, gowy zatlary görüp bilmersiň.

Dostlaryňy, joralaryňy ünsli saýla. Kynçylyklara dogry garaýyşda bolýan adamlar bilen dost bol.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş