Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • g18 No. 2 sah. 4
  • 1. Wepalylyk

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • 1. Wepalylyk
  • Oýanyň! — 2018
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • NÄME?
  • NÄME ÜÇIN WAJYP?
  • NÄME EDIP BILERSIŇIZ?
  • «Goý, hemmeler nika hormat goýsun»
    «Özüňizi Hudaýyň söýgüsinde saklaň»
  • 3. Hormat goýmak
    Oýanyň! — 2018
  • Biz durmuş gurmaga taýynmykak?
    Ýaşlaryň sowallary — peýdaly maslahatlar, I tom
  • Bagtly maşgala gurmak üçin taýýarlyk
    Maşgala bagtynyň syry
Başgalary
Oýanyň! — 2018
g18 No. 2 sah. 4
Labyr apy-tupanda gämini berk saklaýar

Labyryň apy-tupanda gämini berk saklaýşy ýaly, wepalylyk hem kyn günlerde maşgalany berk saklaýar

ÄR-AÝALLARA

1. Wepalylyk

NÄME?

Wepaly är-aýal nikasyny ömürlik hasaplaýar, bir-birine hiç haçan müňkürlik etmeýär. Olar hatda kyn günde-de biri-birini taşlamajakdygyna ynanyp ýaşaýar.

Käbir är-aýallar il-günüň, dogan-garyndaşlarynyň gepinden çekinip aýrylyşmaýar. Ýöne wepaly bolmak ýanýoldaşyň bilen bialaç ýaşamagy aňlatmaýar. Är-aýal bir-birini ýürekden söýmeli we hormat goýmaly.

MUKADDES KITAPDAKY MASLAHAT: «Äri hem aýalyny taşlamasyn» (1 Korinfliler 7:11).

«Ýanýoldaşyňy söýseň, düşünişmezlik bolanda gaharlanyp oturmaýaň. Bagyşlamagy we ötünç soramagy kiçilik bilmeýäň. Kynçylyk ýüze çyksa derrew aýrylyşjak bolmaýaň» (Maksat)a.

NÄME ÜÇIN WAJYP?

Är-aýal wepaly bolmasa, maşgalada düşünişmezlik dörände: «Şuňa sataşmadyk bolsam, gowy bolardy. Onuň bilen ýaşar ýaly däl-ä!» diýip, aýrylyşmaga bahana gözläp başlaýar.

«Häzir köpler: „Aý, oňuşmasak, aýrylyşaýarys“ diýen pikir bilen durmuş gurýarlar. Şeýle niýet bilen durmuş gurýanlar hiç haçan ýanýoldaşyna wepaly bolup bilmezler» (Jahan).

NÄME EDIP BILERSIŇIZ?

ÖZÜŇIZI BARLAŇ

Dawa-jenjel bolanda...

  • şu adam bilen toý edenime ökünýänmi?

  • başga biri bilen toý eden bolsam has gowy bolardy diýýänmi?

  • ol hijem gadyrymy bilmeýär, aýrylyşyp dynaýyn-la diýýänmi?

Eger sizde-de şeýle pikirler döreýän bolsa, heniz giç bolmanka wepaly är ýa-da aýal bolmaga jan ediň.

GEPLEŞIŇ

  • Biri-birimizden näme üçin sowaşýarys?

  • Bir-birimizi öňkimiz ýaly söýüp, wepaly bolmak üçin näme edeli?

MASLAHAT

  • Söýgi hatjagazyny ýazyň

  • Iş ýeriňizde, telefonyňyzda ýanýoldaşyňyzyň suratyny goýuň

  • Her gün jaň ediň ýa-da SMS ýazyň

MUKADDES KITAPDAKY MASLAHAT: «Hudaýyň goşanyny ynsan aýyrmasyn» (Matta 19:6).

[Çykgyt]

a Käbir atlar üýtgedildi.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş