Özboluşlylygyny saklap bilýän adamy güýçli apy-tupan hem ýerinden gozgap bilmez
ÝAŞLARA
9. Özboluşlylyk
NÄME?
Özboluşlylyk diýlende adamyň ady ýa-da daş keşbi göz öňüňe gelmeýär. Oňa seni başgalardan tapawutlandyrýan gylyk-häsiýetleriň, ynanýan zatlaryň hem-de garaýyşlaryň degişli.
NÄME ÜÇIN WAJYP?
Eger sen özboluşly bolmasaň, onda öz pikiriň bolmaz, başgalaryň aýdanyny edip ýörersiň.
«Köp adamlar dükanlardaky manekenlere meňzeýär. Satyjylar olara näme geýdirseler, şonam geýýärler» (Agaly).
«Men joralarymyň ýanynda özboluşly bolmaga çekinmeýän. Sebäbi olar meniň garaýşyma hormat goýýarlar. Menem özümi arkaýyn duýýan. Şonda olaryň nähili dostdugyny bilip bolýar» (Keýik).
MUKADDES KITAPDAKY MASLAHAT: «Şu dünýäniň täsirine düşmäň... pikiriňizi we häsiýetiňizi üýtgediň» (Rimliler 12:2).
NÄME EDIP BILERSIŇIZ?
Özüňi gowy tana, nähili adam bolmak isleýändigiňi anykla. Munuň üçin gowy häsiýetleriňi, kemçilikleriňi bil, şeýle-de ynanýan zatlaryň hakda oýlan. Saňa aşakdaky soraglar kömek edip biler.
Gowy häsiýetlerim. Mende nähili ukyp-başarnyklarym bar? Nähili gowy häsiýetlerim bar? Men sabyrlymy, zähmetsöýermi, elaçykmy, ähli zady wagtynda edýänmi? Nähili gowy işleri edýärin?
MASLAHAT. Eger gowy häsiýetleriňi bilmeýän bolsaň, ene-ataňdan ýa-da dostlaryňdan sorap pikirini bil.
MUKADDES KITAPDAKY MASLAHAT: «Goý, her kes öz işini barlasyn, emma başgalaryňky bilen deňeşdirmesin. Şonda edýän işlerinden şatlyk tapar» (Galatýalylar 6:4).
Kemçiliklerim. Men haýsy häsiýetimi üýtgetmeli? Men köplenç haýsy ýagdaýlarda nädogry iş edýärin? Maňa haçan özüme erk etmek kyn bolýar?
MUKADDES KITAPDAKY MASLAHAT: «Biz: „Günäli däl“ diýýän bolsak, öz-özümizi aldaýandyrys» (1 Ýahýa 1:8).
Ynanýan zatlarym. Men nähili ahlak kadalar boýunça ýaşaýan we näme üçin? Hudaýyň bardygyna ynanýanmy we näme üçin? Men haýsy hereketleri adalatsyz hasaplaýan we näme üçin? Gelejege nähili garaýan we näme üçin?
MUKADDES KITAPDAKY MASLAHAT: «Akylyň seni gorar, parasatlylyk saňa hemaýat berer» (Nakyllar 2:11).