Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • ijwyp mak. 83
  • Synaga nädip garşy durmaly?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Synaga nädip garşy durmaly?
  • Ýaşlaryň sowallary
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Nämäni bilmeli?
  • Näme edip bilersiň?
  • Synaglara nädip garşy durmaly?
    Ýaşlaryň sowallary — peýdaly maslahatlar, I tom
  • Synaga düşmez ýaly oýa boluň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2024
  • Ten höweslerini ýeňip bilersiňiz
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2025
  • Isadan synaglara garşy durmagy öwrenýäris
    Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
Başgalary
Ýaşlaryň sowallary
ijwyp mak. 83
Bir ýaş oglan duşuşýanlary görüp, pikire batýar; iki oglan telefona seredip dur; oglanyň gapdalyndan ýaş gyz geçip barýar

ÝAŞLARYŇ SOWALLARY

Synaga nädip garşy durmaly?

Pawlus resul: «Dogry zat etjek bolanymda, erbetlik peýda bolýar» diýip ýazdy (Rimliler 7:21). Sende-de şeýle bolýarmy? Onda şu makaladaky maslahatlar saňa nädogry isleglere garşy durmaga kömek eder.

  • Nämäni bilmeli?

  • Näme edip bilersiň?

  • Deň-duşlaryň näme diýýär?

Nämäni bilmeli?

Deň-duşlaryňa ýaranjak bolsaň, synaga düşersiň. Mukaddes Kitapda: «Erbetler bilen gatnaşmak gowy häsiýetleri bozýandyr» diýilýär (1 Korinfliler 15:33). Gatnaşýan adamlarymyz we görýän, okaýan, diňleýän zatlarymyz bize täsir edýär. Eger sen erbetler bilen gatnaşsaň, ýüregiňde erbet höwesler dörär, netijede erbet işleri edersiň. Hatda käbir ýaşlar deň-duşlaryna ýaranjak bolup, olara meňzäp erbet işleri edýärler (2 Musa 23:2).

«Deň-duşlaryňa ýaranjak bolup erbet iş edeniňi bilmän galýaň» (Jelil).

Oýlan. Synaga garşy durar ýaly näme etmeli? (Nakyllar 29:25).

Netije. Deň-duşlaryň täsirine düşüp, bolşuňy üýtgetme.

Näme edip bilersiň?

Ynanýan zatlaryň dogrudygyna göz ýetir. Eýerýän prinsipleriň dogrudygyna özüň ynanmasaň, deň-duşlaryňa özüňi oýnadyp ýörersiň. Olaryň elinde gurjak ýaly bolarsyň. Şonuň üçin Mukaddes Kitapdaky: «Her bir zadyň dogry ýa-da nädogrudygyny barlaň, gowy zada berk ýapyşyň» diýen maslahata eýerseň gowy bolar (1 Selanikliler 5:21). Ynanýan zatlaryň dogrudygyna düşünseň, şol boýunça ýaşamak aňsat bolar we deň-duşlaryň gepine gitmersiň.

Oýlan. Hudaýyň kada-kanunlarynyň peýdalydygyna näme üçin ynanýarsyň?

«Deň-duşlarymyň täsirine düşmän, ynanýan zatlarym boýunça ýaşanymda olaram maňa hormat goýýar» (Keýik).

Mukaddes Kitapdan Danyýaryň mysaly. Danyýar heniz ýetginjekkä Hudaýa gulak asmagy «ýüregine düwüpdi» (Danyýar 1:8).

Ýaş oglany deň-duşlary gurjak ýaly oýnaýar

Eýerýän prinsipleriň dogrudygyna özüň ynanmasaň, deň-duşlaryňa özüňi oýnadyp ýörersiň

Gowşak taraplaryňy bil. Ýetginjek wagtyň «ýaşlyk höwesleri» güýçli bolýar (2 Timoteos 2:22). Oňa diňe jynsy gatnaşyk etmek islegi däl-de, başgalara gowy görünmek ýa-da özüňi uly adam ýaly alyp barmak hem degişli.

Oýlan. Mukaddes Kitapda: «Her kim öz höwesine gyzygyp, aldanan mahaly synalýar» diýilýär (Ýakup 1:14). Saňa nämä garşy durmak has kyn?

«Gowşak taraplaryňa göz ýumma. Gaýtam oňa nädip garşy durmalydygy barada gözleg geçirip, näme etmelidigiňi ýaz. Şonda synaga düşeniňde aljyramarsyň, gorkmarsyň» (Selbi).

Mukaddes Kitapdan Dawudyň mysaly. Dawut pygamberem ýalňyşypdyr. Adamlardan gorkupdyr, ten höweslerine garşy durup bilmän, günä edipdir. Ýöne ol ýalňyşyndan sapak edindi. Dawut Ýehowa: «Maňa päk ýürek ber, aň-düşünjämi täzele, berk duraýyn» diýip doga edipdir (Zebur 51:10).

Ýagdaýy ele al. Mukaddes Kitapda: «Ýamanlyk etmäň» diýilýär (Rimliler 12:21). Synaga düşeniňde dogry hereket edip bilersiň, ol seniň öz eliňde.

Oýlan. Erbet höwes dörände nädip dogry hereket edip bilersiň?

«Erbet höwes dörände, şony etsem özümi nähili duýjagym hakda oýlanýan. Özümi az wagtlyk gowy duýsamam, soň ökünjegimi bilýän. Şonuň üçin bilgeşleýin maňlaýyňy daşa urmak nämä gerek?!» (Sabina).

Mukaddes Kitapdan Pawlusyň mysaly. Pawlusam nädogry höwesleri bilen göreşýärdi. Ol: «bedenimi jylawlap, gul kimin tabyn edýärin» diýip ýazdy (1 Korinfliler 9:27, çykgyt). Diýmek, ol höwesleriniň guly bolmandyr.

Netije. Ýadyňdan çykarma, sen ýolagçy däl-de sürüji, rul seniň eliňde. Şonuň üçin synagda berk durmak özüňe bagly.

Synaglar iru-giç gutarýar. 20 ýaşly Miýesser şeýle diýýär: «Okuwçy wagtym kynçylyklar aşyp bolmajak dag ýaly görünýärdi, ýöne başyňdan geçensoň, hiç zat eken. Indi alada etmeýän, nähili synag bolsa-da, geçip gitjegini bilýän, özümiňem berk durjagyma ynanýan».

Deň-duşlaryň näme diýýär?

Oliwiýa

«Eger men bir zady etmezligi ýüregime düwsem, başgalaryň täsirine düşüp, pikirimi üýtgetmeýän. Öz kelläm bilen hereket edenim üçin, synagda berk durup bilýän» (Oliwiýa).

Jared

«Ýaşlaryň köpüsi oturylyşyklara gitmegi gowy görýärler. Deň-duşlaryndan galmajak bolup, spirtli içgileri içýärler, neşe çekýärler, ahlaksyzlyk edýärler. Ýöne ene-atam olaryň edýän işleriniň gowulygyň üstünden eltmejekdigini ýumşaklyk bilen düşündirdi. Şondan soň gözüm açylan ýaly boldy. Indi men biderek zatlar hakda pikirlenip ýörmän, gowy zatlara güýmenýän» (Jared).

Meýen

«Biz wagtal-wagtal dynç almaly bolýas. Ýöne dynç alyşlaryň käbiri zyýan ýetirip bilýär. Dynç alşyň haýsysynyň peýdaly, haýsysynyň zyýanlydygyny bilmeli. Munuň üçinem wagt gerek» (Meýen).

Juliýan

«Synagda berk durup bilerin diýip özüňe çendenaşa ynamly bolma. Haýsy saýtlarda ahlaksyz suratlaryň çykýandygyny we birden şeýle suratlar çykaýsa, näme etjekdigiň hakda öňünden oýlan. Şonda garaşylmadyk ýagdaýda-da berk durup bilersiň» (Juliýan).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş