Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w25 Awgust sah. 20—25
  • Ten höweslerini ýeňip bilersiňiz

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ten höweslerini ýeňip bilersiňiz
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2025
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • ŞEÝTANYŇ MAKSADY
  • GÜNÄNIŇ TÄSIRI
  • NÄDIP ÝEŇMELI?
  • «ÖZÜŇIZI BARLAP DURUŇ»
  • Synaga düşmez ýaly oýa boluň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2024
  • Suwa çümdürilenden soň Isa pygamberiň «yzyna eýeriň»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2024
  • Ýehowa günäli adamlary halas etmek üçin näme etdi?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2024
  • Karara geleniňizde Ýehowa bil baglaň
    Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2023
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2025
w25 Awgust sah. 20—25

35-NJI MAKALA

121-NJI AÝDYM Özüňe erk etmeli

Ten höweslerini ýeňip bilersiňiz

«Ten höweslerine boýun bolmaz ýaly, günä bedeniňiziň üstünden patyşa kimin höküm sürmesin» (Rim. 6:12).

ESASY PIKIR

Ten höweslerine garşy göreşiň.

1. Biz näme bilen göreşýäris?

KÄTE adam Ýehowanyň nämäni halamaýandygyny bilse-de, ony edesi gelmegi mümkin. Sizde-de şeýle bolup görüpdimi? Eger şeýle bolsa ruhdan düşmäň. Mukaddes Kitapda: «Siziň başyňyza inen synaglar başgalaryň-da başyna inýändir» diýilýär (1 Kor. 10:13). Ähli dogan-uýalar ten höweslerine garşy göreşýärler we Ýehowanyň kömegi bilen olara garşy durýarlar. Ýehowa size-de kömek eder.

2. Käbir mesihçiler we Mukaddes Kitapdan okuw geçýänler näme bilen göreşmeli bolýar? (Surata serediň).

2 Mukaddes Kitapda: «Her kim öz höwesine gyzygyp, aldanan mahaly synalýar» diýilýär (Ýak. 1:​14). Biziň her birimiz bir zat bilen göreşýäris. Meselem, käbir mesihçiler we Mukaddes Kitapdan okuw geçýänler bir jynsdaky ýa-da başga jynsdaky adam bilen ahlaksyzlyk etmek islegine garşy göreşýärler. Käbirleri pornografiýa görmek, spirtli içgileri içmek ýa-da neşe çekmek endigini goýanam bolsa, şol endigini ýene gaýtalamazlyk üçin göreşýändir. Kämahal ählimiz Pawlusyň aýdyşy ýaly, «dogry zat etjek bolanymda erbetlik peýda bolýar» diýýändiris (Rim. 7:​21).

Biz haçan we nädip synaga düşjekdigimizi bilmeýäris (2-nji abzasa serediň)c.


3. Ten höweslerine garşy göreşýän adam özüni nähili duýmagy mümkin?

3 Eger siz köplenç ten höwesine garşy göreşýän bolsaňyz, olary hiç haçan ýeňip bilmerin öýdýänsiňiz. Belki, siz şeýle höwesleriň döreýändigi üçin Ýehowa menden razy däldir diýip pikir edýänsiňiz. Aslynda, beýle däl. Biz şu makalada iki soragyň jogabyny bileris: 1) Bizde näme üçin şeýle pikirler döreýär? 2) Biz nädip ten höweslerine garşy durup bileris?

ŞEÝTANYŇ MAKSADY

4. a) Şeýtan bizi nämä ynandyrjak bolýar? b) Biz näme üçin ten höweslerine garşy durup bilýäris?

4 Şeýtan: «Sen ten höweslerine garşy durup bilmersiň!» diýip ynandyrjak bolýar. Isa Şeýtanyň adamlary şeýle duzaga düşürjek bolýandygyny bilýär. Şonuň üçin şägirtlerine: «Bize synaga düşmäge ýol berme, Şeýtanyň elinden halas et» diýip doga etmegi öwretdi (Mat. 6:​13). Şeýtan öz höweslerine aldanyp, Ýehowa wepaly bolmadyk ilkinji şahsyýet. Ol bize-de özi ýalydyr öýdýär. Şeýtan: «Adam synaga düşende Hudaýa gulak asmaz» diýip töhmet atýar (Eýp. 2:​4, 5). Ol hatda Isa-da synagda Hudaýa wepaly bolmaz öýtdi (Mat. 4:​8, 9). Ýöne biz Şeýtana meňzemän, ten höweslerine garşy durup bilýäris. Pawlus resulyň aýdyşy ýaly, «güýç berýän Hudaý arkaly ähli zada güýjümiz ýetýär» (Flp. 4:​13).

5. Ýehowa nämä ynanýar we biz muny nireden bilýäris?

5 Şeýtandan tapawutlylykda, Ýehowa biziň ten höweslerine garşy durup biljekdigimize ynanýar. Ol uly märekäniň wepaly bolup, uly betbagtçylykda halas boljakdygyny pygamberlik etdi. Ýehowa «eşiklerini Guzynyň gany bilen ýuwup, ap-ak eden» sansyz-sajaksyz adamyň täze dünýä geçjekdigini aýtdy (Ylh. 7:​9, 13, 14). Dogrudanam, Ýehowa biziň ten höweslerine garşy durup biljekdigimize şübhelenmeýär.

6, 7. Şeýtan bizi ýene nämä ynandyrjak bolýar?

6 Şeýtan: «Ýehowa senden razy däl!» diýip ynandyrjak bolýar. Aslynda, Ýehowa Şeýtanyň özünden razy däl. Hudaý oňa eýýäm höküm çykardy, tizden Şeýtan ýok ediler (1 Mus. 3:​15; Ylh. 20:10). Biziň ebedi ýaşajakdygymyza Şeýtanyň gahary gelýär. Şol sebäpli biziňem özi ýaly umytsyz ýaşamagymyz üçin elinde baryny edýär. Ýöne biz Şeýtan ýaly umytsyz däl. Ýehowa ebedi ýaşaýşa gowuşmagymyz üçin kömek etjekdigini wada berýär. «Sebäbi ol hemmeleriň toba edip, halas bolmagyny isleýär» (2 Pet. 3:9).

7 Eger ten höweslerine garşy durmaga güýjümiz ýetmez ýa-da Ýehowa bizden razy däldir öýtsek, Şeýtanyň duzagyna düşeris. Dogan-uýalar, Şeýtana aldanman oňa garşy durmagy ýüregimize düweliň! (1 Pet. 5:​8, 9).

GÜNÄNIŇ TÄSIRI

8. Mukaddes Kitapda günä diýlende, erbet işleri etmekden başga ýene näme göz öňünde tutulýar? (Zebur 51:5; düşündirilişe serediň).

8 Ten höweslerine garşy göreşenimizde özümizi güýçsüz hem-de umytsyz duýmagymyzyň ýene bir sebäbi bar. Bize Adam atadan günä miras geçdia (Eýp. 14:4; Zebur 51:5-i okaň).

9, 10. a) Adam ata bilen How ene günä edensoň özlerini nähili duýdular? (Surata serediň). b) Günä bize nähili täsir edýär?

9 Adam ata bilen How enäniň günä edensoň özlerini nähili duýandyklary barada oýlanyp göreliň. Olar Ýehowadan gizlendiler we bedenini örtjek boldular. Sebäbi özlerini günäkär, goragsyz duýdular, utandylar we gorkdular. Şondan soň Adam ata bilen How ene hamala dört otagly öýüň içinde galan ýaly boldy. Olar bir otagdan başga otaga geçip bilseler-de, öýden çykyp bilmeýärdiler. Başgaça aýdanyňda, günä sebäpli şol duýgulardan gaçyp-gutulyp bilmeýärdiler.

10 Biz Adam ata bilen How ene ýaly kapasada däl. Olardan tapawutlylykda, Ýehowa biziň üçin töleg töläp günäden azat etdi we dostlaşmaga mümkinçilik berdi (1 Kor. 6:​11). Ýöne Adam ata bilen How enäniň nesli bolanymyz üçin günä miras geçdi. Şol sebäpli gorkýarys, utanýarys, özümizi günäkär we goragsyz duýýarys. Mukaddes Kitapda günäniň adamlara güýçli täsir edýändigi aýdylýar. «Ol hatda Adam atanyňky ýaly günä etmedik adamlaryň hem üstünden höküm sürýär» (Rim. 5:​14). Biz günäli bolsagam, Ýehowany razy edip ýa-da dogry işleri edip bilmeris öýtmeli däl. Şeýle pikirleri we duýgulary ýeňip bolýar.

Adam ata bilen How ene Erem bagyndan çykanda utanjyndan ýaňa haýwanyň derisinden eşik geýdi.

Adam ata bilen How ene günä edensoň, özüni günäkär, goragsyz duýdy, utandy we gorkdy (9-njy abzasa serediň).


11. Özümizi ten höweslerine garşy göreşip bilmejek ýaly duýsak näme etmeli we näme üçin? (Rimliler 6:12).

11 Günäli bolandygymyz üçin käte özümizi ten höweslerine garşy durup bilmejek ýaly duýýarys. Şeýle ýagdaýda günä hamala: «Sen hiç haçan göreşip bilmersiň» diýýän ýaly bolýar. Ýöne biz ony diňlemeli däl. Mukaddes Kitapda günäniň «üstümizden patyşa kimin höküm sürmegine» ýol bermeli däldigi aýdylýar (Rimliler 6:12-ni okaň). Ten höweslerine garşy durmak öz elimizde (Gal. 5:16). Ýehowa-da biziň muny başarjakdygymyza ynanýar, şonuň üçin günäniň guly bolmaň diýýär (5 Mus. 30:11—14; Rim. 6:6; 1 Sel. 4:3). Dogrudanam, biz ten höweslerine garşy durup bilmez ýaly güýçsüz däl.

12. Özümizi Ýehowany razy edip bilmeýän ýaly duýsak näme etmeli we näme üçin?

12 Käte günäli höwesleriň döreýändigi üçin biz özümizi Ýehowany razy edip bilmeýän ýaly duýmagymyz mümkin. Şeýle ýagdaýda günä hamala: «Sen hiç haçan Ýehowany razy edip bilmersiň» diýýän ýaly bolýar. Ýöne biz ony diňlemeli däl. Sebäbi Mukaddes Kitapda aýdylyşy ýaly, Ýehowa biziň günäli dogulýandygymyza düşünýär (Zeb. 103:13, 14). Ýehowa bizi gowy tanaýar. Ol her birimiziň günä sebäpli nähili ejizlik bilen göreşýändigimizi bilýär (1 Ýah. 3:19, 20). Eger günäni diňlemesek we ten höweslerine garşy göreşsek, Ýehowa bizden razy bolar. Biz muňa näme üçin ynamly bolup bilýäris?

13, 14. Ten höweslerini köki bilen sogrup aýryp bilmesek-de, Hudaýy razy edip bilýärismi? Düşündiriň.

13 Mukaddes Kitapda aýdylyşy ýaly, ten höwesleriniň döremeginiň (bize bagly däl) we olara eýerip ýaşamagyň (bize bagly) arasynda tapawut bar. Mysal üçin, I asyrda Korinfdäki mesihçiler azgyn işleri edýärdiler. Pawlus resulyň: «Siziňem käbiriňiz şeýle işleri edýärdiňiz» diýen sözleri olarda şeýle islegleriň gaýdyp döremändigini görkezýärmi? Elbetde, ýok. Ten höweslerini köki bilen sogrup aýyrmak aňsat däl. Ýöne şol mesihçiler özüne erk edip we ten höweslerine garşy durup, Hudaýy razy etdiler. Ýehowanyň öňünde «ýuwlup arassalandylar» (1 Kor. 6:9—11).

14 Sizem nähili ten höwesi bilen göreşýän bolsaňyz, Korinfdäki mesihçiler ýaly olary ýeňip bilersiňiz. Siz olary köki bilen sogrup aýryp bilmeseňiz-de, özüňize erk etseňiz hem-de «teniňiziň we pikiriňiziň islegine görä ýaşamasaňyz», Hudaýy razy edersiňiz (Efes. 2:3). Geliň, ten höweslerine garşy durar ýaly näme etmelidigine seredeliň.

NÄDIP ÝEŇMELI?

15. Biz näme üçin ejiz tarapymyza göz ýummaly däl?

15 Ten höwesiňizi ýeňmek üçin ejiz taraplaryňyza göz ýumup, nädogry pikirlere aldanmaň (Ýak. 1:22). Aýdaly, spirtli içgileri köp içýän adam: «Başgalar menden has köp içýär-ä» diýip, özüni aldamagy mümkin. Pornografiýa görýän adam bolsa: «Aýalym mähir bildiren bolsa, men pornografiýa görmezdim» diýip, özüni aklamagy mümkin. Şeýle pikir edýän adam öz aýagyna özi palta urýar. Şonuň üçin hatda pikirimizde-de özümizi aklamalyň. Adam eden işini egni bilen çekýär (Gal. 6:7).

16. Synagda berk durmak üçin näme etmeli?

16 Ejiz tarapyňyzy bileniňizden soňra, synagda berk durmagy ýüregiňize düwüň (1 Kor. 9:26, 27; 1 Sel. 4:4; 1 Pet. 1:15, 16). Oýlanyp görüň, size haýsy höwes bilen näwagt göreşmek kyn bolýar? Belki-de, siz ýadaw wagtyňyz ýa-da gije şol islegiňize erk edip bilýän dälsiňiz. Şeýle ýagdaýa düşeniňizde näme etjekdigiňizi çözüň we özüňizi synaga salýan zatlardan goraň. Şonda entek synaga düşmänkäňiz, ony ýeňmäge taýyn bolarsyňyz (Nak. 22:3).

17. Biz Ýusupdan näme öwrenip bileris? (1 Musa 39:7—9; surata serediň).

17 Potifaryň aýaly Ýusuby yryp, onuň bilen ýatjak bolýardy. Ýöne Ýusup oňa çürt-kesik «ýok» diýýär (1 Musa 39:7—9-njy aýatlary okaň). Biz Ýusupdan näme öwrenýäris? Potifaryň aýaly entek Ýusuby yrjak bolmanka, ol başga biriniň aýalyna seretmezligi ýüregine düwüpdi. Ýusup ýaly sizem entek synaga düşmänkäňiz dogry işleri etmegi ýüregiňize düwüň. Şonda synagda berk durmak aňsat bolar.

Surat: 1) Ýusup Potifaryň aýalyndan gaçýar, onuň eşigi aýalyň elinde galýar. 2) Mekdepde bir gyz ýaş dogan bilen näz-kereşme etjek bolýar, ýöne dogan ondan ýüzüni sowýar.

Synaga düşeniňizde Ýusup ýaly çürt-kesik «ýok» diýiň (17-nji abzasa serediň).


«ÖZÜŇIZI BARLAP DURUŇ»

18. Ten höweslerini ýeňmek üçin näme etmeli? (2 Korinfliler 13:5).

18 Ten höwesiňizi ýeňmek üçin gelen kararyňyza görä hereket edýän-etmeýändigiňizi barlap duruň (2 Korinfliler 13:5-i okaň). Wagtal-wagtal pikirleriňizi we edýän işleriňizi barlaň, gerek bolsa olary düzediň. Aýdaly, siz erbet pikirler bilen göreşip olary ýeňdiňiz. Ýöne siz erbet pikirleri dörän badyna aýryp bildiňizmi ýa-da olary aýyrmak üçin köp wagt gerek boldumy? Eger şol bada aýryp bilmedik bolsaňyz gynanmaň. Gaýtam şeýle pikirler ýene dörese, olary derrew aýyrmak üçin has köp tagalla ediň. Munuň üçin özüňize şeýle soraglary beriň: men erbet pikirler dörän badyna ünsümi başga zatlara sowup bilýärinmi? Okaýan, görýän, diňleýän zatlarym erbet pikirleri aýyrmagy has-da kynlaşdyrýarmy? Erbet pikirleri döredýän zatlardan derrew gözümi aýyrýarynmy ýa-da olara seredip durýaryn? Ýehowanyň kada-kanunlary boýunça ýaşamagyň peýdalydygyna düşünýärinmi? Özüme erk etmek üçin köp tagalla etmäge taýýarmy? (Zeb. 101:3).

19. Ten höweslerini ýeňmäge näme kynçylyk döredip bilýär?

19 Mukaddes Kitapda: «Ynsan ýüregi ähli zatdan hilegär, hiç zatdan gaýtmaýar» diýilýär (Ýer. 17:9). Isa «erbet pikirleriň» adamyň ýüreginden çykýandygyny aýtdy (Mat. 15:19). Mesihçiler özüni barlanda erbet işleri üçin özüni aklamagy mümkin. Meselem, pornografiýa görmek endigini goýan adam: «Ahlaksyz islegleri oýarýan suratlary görmegiň hiç hili erbetligi ýok» diýip biler. Ol: «Men ýarym-ýalaňaç adamlaryň suratlaryny görmeýärin ýa-da erbet zatlaryň pikirini etsemem, şol işleri etmeýärin» diýip özüni aklamagy mümkin. Şeýle pikir edýän adam eýýäm «ten höweslerini kanagatlandyrýar» (Rim. 13:14). Biziň bilenem şeýle ýagdaý bolmaz ýaly näme etmeli? Ilki bilen, kiçi zatlara sowuk-sala garap, nädogry karara gelmeli däl. Eger biz kiçi zatlarda nädogry karara gelsek, onda uly zatlarda-da nädogry karara gelip günä ederisb. Biz erbet işlere iterýän islendik pikiri aýyrmaly.

20. Bize nähili gelejek garaşýar we nämä ynamly bolup bileris?

20 Ýehowa bize islendik synagy ýeňmäge kömek edýär. Ol töleg gurbany arkaly biziň günälerimizi bagyşlaýar we ebedi ýaşamaga umyt berýär. Täze dünýäde ten höwesleri bilen göreşmeli bolmarys, Ýehowa şatlanyp gulluk ederis. Ýöne şol günler gelýänçä, ten höweslerine garşy durup we Ýehowany razy edip biljekdigimize ynamly bolalyň. «Herekete bereket» diýlişi ýaly, biz tagalla etsek Ýehowanyň kömegi bilen ten höweslerini hökman ýeňeris.

SIZ NÄHILI JOGAP BERERSIŇIZ?

  •  Özümizi ten höweslerine garşy göreşip ýa-da Ýehowany razy edip bilmeýän ýaly duýsak näme etmeli?

  •  Günä «üstümizden patyşa kimin höküm sürmez» ýaly näme etmeli?

  •  Biz nädip «özümizi barlap durmaly?»

122-NJI AÝDYM Berk hem tutanýerli boluň

a  DÜŞÜNDIRILIŞ: Mukaddes Kitapda «günä» diýlende köplenç ogurlyk, ahlaksyzlyk etmek ýa-da adam öldürmek ýaly erbet işler göz öňünde tutulýar (2 Mus. 20:13—15; 1 Kor. 6:18). Käbir aýatlarda bolsa «günä» diýlende erbet iş etmesek-de, miras geçýän bikämillik göz öňünde tutulýar.

b  Nakyllar 7:7—23-nji aýatlarda gürrüň berilýän ýaş ýigidiň akylsyz hereketleri uly ýalňyşlyga ýazdy. Şeýdip, ol ahlaksyzlyk etdi.

c SURATYŇ BEÝANY: ýaş dogan kofe içip otyrka, iki erkek adamyň göz-gaş kakyşýandygyny görýär (çepde). Uýa iki adamyň çilim çekip durandygyny görýär (sagda).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş