Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • g20 No. 2 sah. 8—9
  • 2. Horluklara özümiz günäkärmi?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • 2. Horluklara özümiz günäkärmi?
  • Oýanyň! — 2020
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Şu soragyň jogabyny näme üçin bilmeli?
  • Oýlanyp görüň
  • Mukaddes Kitapda näme aýdylýar?
  • Mazmuny
    Oýanyň! — 2020
  • 4. Allatagala adamlary ejir çekmek üçin ýaratdymy?
    Oýanyň! — 2020
  • 1. Horluklar Allanyň jezasymy?
    Oýanyň! — 2020
  • Hudaý horluklara näme üçin ýol berýär?
    Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?
Başgalary
Oýanyň! — 2020
g20 No. 2 sah. 8—9
Bir adam çilim çekýär we piwo içýär.

2. Horluklara özümiz günäkärmi?

Şu soragyň jogabyny näme üçin bilmeli?

Eger horluklara özümiz günäkär bolsak, onda öňüni hem alyp bileris.

Oýlanyp görüň

Şu kynçylyklaryň haýsyna adamlar günäkär?

  • Ýumrugyň şekili zorluk-sütemi suratlandyrýar.

    Zorluk-sütem

    Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) hasabatyna görä, adamlaryň dörtden biri çagalykda zorluk-süteme duçar bolýar. Gelin-gyzlaryň bolsa üçden biri urulýar ýa-da zorlanýar (käbirleri hem urulýar, hem zorlanýar).

  • Mazaryň şekili ölüm-ýitimi suratlandyrýar.

    Ölüm-ýitim

    BSGG şeýle hasabat berýär: «2016-njy ýylda 477 000 adam öldürildi». Ýöne uruşlarda we harby çaknyşyklarda wepat bolan 180 000 adam hasaba alynmady («Bütindünýä saglygy goraýyş statistikasy — 2018»).

  • Ýürek urgusynyň çyzgysy keselçiligi suratlandyrýar.

    Keselçilik

    «Neşnl jeografik» žurnalynyň bir sanynda bütin dünýäde bir milliarddan gowrak adamyň çilim çekýändigi aýdylýar. Çilim çekýän adamlar ýürek agyrydan, beýnä gan inmeden we öýken ragyndan aradan çykýar.

  • Bir tarapy agyr bolan tereziniň şekili deňsizligi suratlandyrýar.

    Deňsizlik

    Jeý Watts psiholog şeýle diýýär: «Baý-garyplyk, adalatsyzlyk, milletparazlyk, bosgunlyk, bäsdeşlik, aýal-gyzlaryň kemsidilmegi sebäpli köpler göwnüçökgünlige düşýär we gorkuda ýaşaýar».

    KÖPRÄK BILIŇ

    JW.ORG saýtyndan «Hudaý ýeri näme üçin ýaratdy?» diýen wideony görüň.

Mukaddes Kitapda näme aýdylýar?

Birinji suratdaky adam hassahanada ýatyr. Lukman onuň keseliniň agyrdygyny aýdanda, aýaly gaty gynanýar.

Ýer ýüzünde bolýan kynçylyklaryň köpüsine adamlaryň özleri günäkär.

Döwlet işgärleri halkynyň aladasyny etmegiň deregine, olaryň durmuşyna awy gatýar.

«Bir adamyň beýleki adamyň üstünden hökümdarlyk etmegi hemişe zyýanly» (NESIHAT 8:9).

Käbir kynçylyklaryň öňüni alyp bolýar.

Mukaddes Kitabyň kada-kanunlary sagdyn we agzybir ýaşamaga kömek edýär.

«Rahatlyk ömrüňi uzaldýar, gabanjaňlyk süňkleri çüýredýär» (NAKYLLAR 14:30).

«Özüňizden öýke-kinäni, gahar-gazaby, gykylygy, sögünç sözleri hem-de ähli erbetligi aýryň» (EFESLILER 4:31).

Horluklara özümiz günäkärmi?

Mukaddes Kitapda: «Adam näme ekse, şony-da orar» diýilýär (Galatýalylar 6:7). Käte biz edýän işlerimiz we gelýän kararlarymyz sebäpli ejir çekýäris. Lukmanlar hem sagdyn bolmagymyz üçin ýokumly iýmitleri iýmegi, maşk etmegi we çilim çekmek ýaly zyýanly endikleri taşlamagy maslahat berýär. Ýöne ähli horluklar adamlar sebäpli döremeýär. Gowy adamlar hem ýol heläkçiligi, tebigy betbagtçylyk we başga sebäplere görä ejir çekýär.

Gowy adamlar näme üçin ejir çekýär?

3-nji soraga serediň.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş