Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • g20 No. 3 sah. 6—7
  • Duýgudaş boluň

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Duýgudaş boluň
  • Oýanyň! — 2020
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Näme üçin?
  • Mukaddes Kitapdaky maslahat
  • Duýgudaş bolmagyň nähili peýdasy bar?
  • Näme edip bileris?
  • Duýgudaş boluň
    Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2021
  • Patyşalyk barada ynamly gürrüň berip, wagyz etmek tejribäňizi artdyryň
    Hudaýa gullugymyz — 2014
  • Duýgudaş boluň
    Adamlary söýüň, şägirt taýýarlaň
  • Mazmuny
    Oýanyň! — 2020
Başgalary
Oýanyň! — 2020
g20 No. 3 sah. 6—7
Ýewropaly we hindistanly adam uçarda bile otyrlar. Olar gürrüňdeş bolup şatlanýarlar.

Duýgudaş boluň

Näme üçin?

Adamlaryň aýratynlygyna aşa köp üns bersek, olary äsgermeris, adam sanynda görmeris. Şonda biz adamkärçiligimizi ýitireris, duýgudaş bolup bilmeris we adamlary ala tutup başlarys.

Mukaddes Kitapdaky maslahat

«Şatlanýanlar bilen şatlanyň, aglaýanlar bilen aglaň» (RIMLILER 12:15).

Aýadyň manysy: bir söz bilen aýdanyňda, duýgudaş bolmaly. Duýgudaş adam başgalaryň derdini duýup bilýär.

Duýgudaş bolmagyň nähili peýdasy bar?

Biz duýgudaş bolsak, hemmeleriň özümiz ýaly adamlardygyna düşüneris. Olar hem biziň ýaly gülýärler, aglaýarlar, begenýärler we gynanýarlar. Biz Allatagalanyň ähli adamlary bir gandan, bir jandan ýaradandygyna haýran galýarys. Biz ähli adamlaryň aslynyň birdigine düşünsek, hiç kime kembaha garamarys, gaýtam duýgudaş bolarys.

Biz duýgudaş bolsak, adamlar bilen sylaşykly bolarys. Senegalda ýaşaýan Anna-Meri garamaýak adamlary äsgermeýärdi. Ýöne Anna-Meri olara duýgudaşlyk bildirip, garaýşyny üýtgetdi. Ol şeýle gürrüň berýär: «Men garamaýak adamlaryň gün-güzeranyny zordan görýändigi hakda oýlanyp: „Olaryň ýerine men bolan bolsam näme ederdim?“ diýýärdim. Şonda özümiň olardan artyk däldigime düşünip: „Men özümi olardan beýgelder ýaly näme edipdirin?“ diýýärdim». Eger biz adamlaryň çekýän jebir-jepasyny duýsak, olaryň mertebesini peseltmän, derdine derman bolarys.

Näme edip bileris?

Biz bir taýpanyň aýratynlygyna aşa köp üns bersek, olara hormat goýmak kyn bolar. Şonuň üçin olaryň hem biziň ýaly adamdygy hakda oýlanalyň. Meselem, olar hem...

Biz duýgudaş bolsak, ähli adamlaryň bir atadan dörändigine düşüneris

  • maşgalasy bilen gülşüp-degişýär.

  • uzakly gün işläp ýadaýar.

  • dost-ýarlaryny myhmançylyga çagyrýar.

  • aýdym-saz diňlemegi gowy görýär.

Indi özümizi olaryň ýerine goýup göreliň. Şu soraglar hakda oýlanalyň:

  • Eger men şol taýpadan bolsam, adamlaryň maňa nähili garamagyny islärdim?

  • Adamlar meni gowy tanaman gepimi etseler, özümi nähili duýaryn?

  • Meni adam sanynda görmeseler, özümi nähili duýaryn?

Ýewropaly we hindistanly adam bir-birine suratlaryny görkezýärler: olaryň ikisiniňem aýaly we çagasy bar, ikisem sport bilen meşgullanmagy hem⁠-⁠de işini gowy görýär.

Durmuşda bolan waka: Robert (Singapur)

«Men öňler ker we lal adamlary görenimde geň galýardym. Olary kemakyl we öýkelek hasaplaýardym. Şonuň üçin olar bilen gatnaşmaýardym. Men olary ala tutýandyrynam öýtmeýärdim, sebäbi olara hiç hili erbetlik etmeýärdim.

Ker we lal adamlara duýgudaş bolmak, olara kembaha garamazlyga kömek etdi. Men olary biraz kemakyl hasaplaýardym, sebäbi olara bir zat diýenimde, ýüzüme aňkaryp seredýärdiler. Men özümi olaryň ýerine goýup gördüm: menem ker bolan bolsam, adamlaryň ýüzüne aňkaryp serederdim. Gulagymda sesi güýçlendirýän enjam bolsa-da, eşitmegiň kyndygy ýüz-gözümden bildirerdi. Şonda meni hem kemakyl hasaplardylar.

Özümi ker we lal adamlaryň ýerine goýanymda, olaryň ýagdaýyna has gowy düşünýärin hem-de duýgudaş bolýaryn».

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş