Adamlaryň ýagşy häsiýetini görüň
Näme üçin?
Ulumsy adam özüne çendenaşa göwni ýetýär, adamlary äsgermän kembaha garaýar we ala tutýar. Ulumsylyk her bir adamyň ýüregini eýeläp biler. Bir ensiklopediýada şeýle diýilýär: «Her bir millet öz medeniýetini, naharyny, milli egin-eşigini, däp-dessuryny we şuňa meňzeş zatlaryny beýleki milletleriňkiden has gowy hasaplaýar» (Britan ensiklopediýasy). Adamlary ala tutmazlyga näme kömek eder?
Mukaddes Kitapdaky maslahat
«Pesgöwünli boluň, başgalary özüňizden ýokary saýyň» (FILIPILILER 2:3).
Aýadyň manysy: ulumsy bolmaz ýaly pesgöwünli bolmaly. Pesgöwünli bolsak adamlaryň gowy häsiýetleriniň bardygyna, biziň başarmaýan işlerimizi edip bilýändiklerine düşüneris. Diňe bir milletde ýagşy häsiýetli we ukyp-başarnykly adamlar bar diýsek ýalňyşarys.
Geliň, Stefan hakda gürrüň edeliň. Ol öz milletine buýsanýardy, beýleki milletleri äsgermeýärdi. Stefan şeýle diýýär: «Adamlary özüňden ýokary saýsaň, olary ala tutmaýan ekeniň. Men durmuşda hemme zady bilmeýärin, şonuň üçin her kimden bir zady öwrenesim gelýär».
Näme edip bileris?
Özümize dogry baha bereliň we kemçiliklerimiziň bardygyny boýun alalyň. Adamlaryň gowy häsiýetleriniň bardygyna, biziň başarmaýan işlerimizi edip bilýändigine düşüneliň. Bir milletdäki adamlaryň ählisine erbet diýip bolmaz.
Bir milleti ýa-da taýpany kemsitmegiň deregine, özümize şu soraglary bereliň:
Biziň başarmaýan işlerimizi başga adamlaryň edip bilýändigini boýun alalyň
Olar erbet adammy ýa-da medeniýetiniň tapawutlanýandygy üçin halamokmy?
Olaram menden kemçilik tapyp bilermi?
Olar haýsy işi menden has gowy edýär?
Şu soraglar hakda oýlansak, adamlary ala tutmarys, gaýtam olardan köp zat öwrenip bileris.