Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • g20 No. 3 sah. 10—11
  • Gapyňyzy giňden açyň

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Gapyňyzy giňden açyň
  • Oýanyň! — 2020
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Näme üçin?
  • Mukaddes Kitapdaky maslahat
  • Gapymyzy giňden açmagyň nähili peýdasy bar?
  • Näme edip bileris?
  • Ala tutmaklygy ýeňenler
    Oýanyň! — 2020
  • Ýagşylyk ediň
    Oýanyň! — 2020
  • Seniň köpler bilen dostlaşasyň gelýärmi?
    Ýaşlaryň sowallary
  • Gowy dostlary nädip tapmaly?
    Ebedi ýaşaň! Mukaddes Kitap boýunça söhbetdeşlik
Başgalary
Oýanyň! — 2020
g20 No. 3 sah. 10—11
Dürli milletli aýallar gülşüp-degişýär. Olaryň çagalary oýnap ýörler.

Gapyňyzy giňden açyň

Näme üçin?

Başga milletli adamlar bilen gatnaşmasak, olary äsgermän başlarys. Biz diňe öz milletimizdäki adamlar bilen dostlaşsak, başga milletli adamlary medeniýetsiz we dünýägaraýşy dar hasaplarys.

Mukaddes Kitapdaky maslahat

«Ýüregiňizi giňden açyň» (2 KORINFLILER 6:13).

Aýadyň manysy: «ýürek» sözi adamyň içki dünýäsini aňladýar. Eger biz diňe öz milletimizdäki adamlar bilen gatnaşsak, başgalar üçin gapymyz ýapyk bolar. Şonuň üçin dürli medeniýetli adamlar bilen dostlaşsak gowy bolar.

Gapymyzy giňden açmagyň nähili peýdasy bar?

Biz dürli medeniýetli adamlary gowy tanamaly. Şonda olaryň käbir zatlary näme üçin biziňkiden başgaça edýändigine düşüneris. Biz olar bilen dostlaşsak, dogan-garyndaşlarymyz ýaly göreris. Olaryň gadyryny bileris, şatlananda şatlanyp, aglanda aglarys.

Geliň, Nazira hakda gürrüň edeliň. Ol daşary ýurtdan gelen adamlary halamaýardy. Nazira garaýşyny üýtgetmäge nämäniň kömek edendigi hakda şeýle gürrüň berýär: «Men olar bilen işleýärin, gezelenç edýärin we dynç alýaryn. Men gowy gelin-gyzlar bilen jora boldum, il-günüň olar hakda aýdýanlary ýalan eken. Dürli milletli adamlar üçin gapyňy giňden açsaň, adamlary ala tutmaýarsyň, gaýtam olara sylag-hormat goýýarsyň».

Seresap boluň

Käbirleri gylyk-häsiýetleri, erbet endikleri we edýän işleri bilen hem özüne, hem adamlara zyýan ýetirýärler. Şonuň üçin biz dost saýlanymyzda seresap bolmaly. Biz ýalançy we erbet adamlar bilen dostlaşmasak, olary ala tutdugymyz bolmaz. Elbetde, biz erbet adamlaryň mertebesini peseldip, äsgermezlik etmeli däl ýa-da olara ýamanlyk etmeli däl. Ýöne şeýle adamlar bilen gatnaşmasak gowy bolar (Nakyllar 13:20).

Näme edip bileris?

Dürli milletli we medeniýetli adamlar bilen gürrüňdeş bolmak üçin mümkinçilik gözläliň. Meselem:

  • Özleri hakda gürrüň bermegi haýyş edeliň.

  • Myhmançylyga çagyralyň.

  • Berýän gürrüňlerini ünsli diňläliň we garaýşyna düşünmäge çalşalyň.

Olaryň alan terbiýesi we durmuşy barada bilsek, ýagdaýyna has gowy düşüneris. Şonda olara hormat goýup, ala tutmarys.

Durmuşda bolan waka: Kandasami we Sukamma (Kanada)

«Biz Günorta Afrikada milletparazlygyň möwç urýan döwründe önüp-ösdük. Her millet döwlet tarapyndan bellenen ýerde ýaşaýardy. Şeýlelikde, adamlar biri-birini ýigrenip, ala tutup başladylar. Biz garaýagyzdyk, akýagyz adamlary halamaýardyk, sebäbi olaryň käbiri bizi adam sanynda görmeýärdi. Şol wagtlar biz olary ala tutýandyrys öýtmeýärdik, gaýtam olar bizi aýak astynda basgylaýar diýýärdik.

Biz garaýşymyzy üýtgetmek üçin dürli milletdäki adamlara gapymyzy giňden açdyk. Biz akýagyz adamlar bilen gatnaşyp başlanymyzda, biri-birimizden känbir tapawudymyzyň ýokdugyna düşündik. Görüp otursak, olaram biziň ýaly adamlar eken.

Biz akýagyz är-aýaly myhman aldyk. Olar bizde köp wagt ýaşadylar. Şonda biri-birimizi has gowy tanap, ýakyndan dostlaşdyk. Indi biz akýagyz adamlary ala tutman, çuňňur hormat goýýarys».

Duşmanlar dogan okaşdylar

Joni bilen Gideon Ýehowanyň Şaýatlarynyň Ýygnak jaýynyň daşynda çagalar bilen salamlaşýar.

Joni bilen Gideonyň milleti we syýasy garaýşy tapawutlanýardy. Ýöne olar jana-jan dost boldular.

JW.ORG saýtyndan «Joni bilen Gideon öň duşmandy, indi bolsa dogan» diýen wideony görüň.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş