Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • g20 No. 3 sah. 12—13
  • Ýagşylyk ediň

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ýagşylyk ediň
  • Oýanyň! — 2020
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Näme üçin?
  • Mukaddes Kitapdaky maslahat
  • Näme edip bileris?
  • Ala tutmaklygy ýeňenler
    Oýanyň! — 2020
  • Ala tutmak adamlaryň aňyna siňen
    Oýanyň! — 2020
  • Ýehowa bilen Isa ýaly, bizem agzybir bolalyň!
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2018
  • Adamlary gowy tanaň
    Oýanyň! — 2020
Başgalary
Oýanyň! — 2020
g20 No. 3 sah. 12—13
Hindistanly gelin ýewropaly garry daýzanyň ýüküni göterip, basgançakdan ýokary galmaga kömek edýär.

Ýagşylyk ediň

Näme üçin?

Adamlaryň aňyna siňen ala tutmak häsiýetini çalt aýryp bolmaýar. Meselem, keselden gutulmak üçin wagt gerek we bejergi almaly. Şonuň ýaly ýüregimizden ala tutmak häsiýetini aýyrmak üçin wagt gerek we tagalla etmeli. Munuň üçin näme etmeli?

Mukaddes Kitapdaky maslahat

Surat: 1) Aziýaly adam kofe äkidip barýan garaýagyz adama gapyny açyp berýär. 2) Garaýagyz adam işdeşlerine kofe berýär, olaryň arasynda hindistanly gelin hem bar.

«Söýgi häsiýetini öwreniň, sebäbi söýgi ähli adamlary agzybir edýär» (KOLOSLYLAR 3:14).

Aýadyň manysy: adamlary söýüp, ýagşylyk etsek agzybir ýaşarys. Biz adamlara elimizden gelen ýagşylygy etsek, hiç kimi ala tutmarys. Adamlary ýürekden söýsek, olary ýigrenmeris, hormat goýarys.

Näme edip bileris?

Surat: 1) Ýewropaly garry daýza hindistanly gelin ýüküni göterişýär we basgançakdan ýokary galmaga kömek edýär. 2) Ýewropaly garry daýza aziýaly goňşusyna köke bişirip getirýär.

Hiç bir milleti ala tutman, hemmelere ýagşylyk edeliň. Munuň üçin ýönekeýje zatlary edip bileris. Meselem:

Adamlary ala tutman, her bir mümkinçilikden peýdalanyp ýagşylyk edeliň

  • Olara gapyny açyp bereliň ýa-da awtobusda oturmaga ýer bereliň.

  • Olar biziň dilimizde gowy gepläp bilmese-de, hal-ýagdaýyny sorap, gürrüňdeş bolalyň.

  • Olaryň özüni alyp barşy gaharymyzy getirse-de, sabyrly bolalyň.

  • Gaýgy-aladasyny gürrüň berenlerinde, olary ünsli diňläliň.

Durmuşda bolan waka: Nazira (Gwineýa-Bisau)

«Men daşary ýurtdan göçüp gelen adamlary halamaýardym. Eşidişime görä, olar jenaýat işine baş goşýarlar we döwletiň berýän ýeňilliklerinden peýdalanmak üçin ýalan sözleýärler. Şonuň üçin men olary ýigrenip başladym. Men olary ala tutýandyryn öýtmeýärdim, sebäbi hiç kim olary halamaýardy.

Görüp otursam, men olary äsgermeýän ekenim. Soňra Mukaddes Kitapdaky maslahatlara eýerip, olara ýagşylyk edip başladym. Indi men olary ýigrenmeýärin, gaýtam olar bilen mähirli salamlaşýaryn, gürrüňdeş bolýaryn we dostlaşmaga çalyşýaryn. Olaryň ýanynda özümi arkaýyn duýýaryn».

«Men adalatsyzlyga garşy göreşýärdim»

Rafika Morris.

Rafika adalatsyzlyga garşy göreşýän bir syýasy topara goşulýar. Ýöne ol Ýehowanyň Şaýatlarynyň welaýat kongresine barýar we adamlaryň agzybirligine haýran galýar.

JW.ORG saýtyndan «Rafika Morris: Men adalatsyzlyga garşy göreşýärdim» diýen wideony görüň.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş