Agyr derdiň dermany
Žurnaldaky maslahatlar millionlarça adamlara biri-birini ala tutmazlyga kömek etdi. Ýöne biz öz güýjümiz bilen ala tutmaklyk häsiýetini ýüregimizden bütinleý aýryp bilmeris. Onda biziň hiç hili çärämiz ýokmy?
Adalatly hökümet
Ynsan hökümetleri adamlaryň aňyna siňen ala tutmaklygy aýryp bilmeýär. Ýöne muny başarjak hökümet barmyka?
Hökümet adamlaryň arasyndaky ala tutmaklygy aýyrmak üçin şulary etmeli:
1. Adamlary biri-birine bolan garaýşyny we pikirini üýtgetmäge höweslendirmeli.
2. Adalatsyzlygyň salan ýaralaryny bejermeli, şonda adamlar hiç kimi ala tutmaz.
3. Adalatly ýolbaşçylary bellemeli, şonda olar ähli raýatlary deň tutarlar.
4. Ähli milletleri agzybir etmeli.
Mukaddes Kitapda Allatagalanyň adalatly hökümeti döredendigi aýdylýar. Şol hökümete «Hudaýyň Patyşalygy» diýilýär (Luka 4:43).
Hudaýyň Patyşalygy nähili işleri eder?
1. Adamlara tälim berer
«Il-gün adalatyňy öwrenýär» (IŞAÝA 26:9).
«Dogruçyllyk parahatlyk getirer, elmydama asudalyk we rahatlyk berer» (IŞAÝA 32:17).
Aýadyň manysy: Hudaýyň Patyşalygy raýatlaryna adalatly bolmagy öwreder. Adamlar ýagşyny we ýamany, adalatlylygy hem adalatsyzlygy saýgaryp, hiç kimi ala tutmazlar. Adamlar adalatly bolmak üçin ähli milletden, taýpadan we medeniýetden bolan adamlary ýürekden söýmelidigine düşünerler.
2. Dertlere derman tapar
«Hudaý olaryň gözlerinden ýaşlaryny süpürer. Indi ne ölüm, ne hasrat, ne agy, ne-de agyry bolar, sebäbi öňki zatlar geçip gitdi» (YLHAM 21:4).
Aýadyň manysy: Hudaýyň Patyşalygy adalatsyzlyk sebäpli ýürege salnan ýaralary bejerer. Adalatsyzlykdan ýanan adamlar bir-birini ýigrenmezler we öýke-kine etmezler.
3. Iň gowy ýolbaşçyny bellär
«Gözüniň görenine görä höküm çykarmaz, gulagynyň eşidenine görä käýinç bermez. Ol garyp-gasarlara adalatly kazylyk eder, ýumşaklaryň aladasyny edip, ýüzgörmän käýär» (IŞAÝA 11:3, 4).
Aýadyň manysy: Hudaýyň gökdäki Patyşalygynyň patyşasy Isa adamlary ala tutman adalatly hökümdarlyk eder. Ol bir milleti beýlekisinden ýokary tutmaz we adamlar bütin ýer ýüzünde adalatly kanunlary berjaý eder.
4. Agzybirligi dikelder
Hudaýyň Patyşalygy raýatlaryna «bir garaýyşda bolmagy, bir-birini söýmegi, ähli zatda agzybirligi saklamagy we bir pikirde bolmagy» öwreder (FILIPILILER 2:2).
Aýadyň manysy: Hudaýyň Patyşalygynyň raýatlary biri-birini ala tutman agzybir ýaşarlar. Olar «bir pikirde bolup», birek-biregi ýürekden söýerler.