Ala tutmak adamlaryň aňyna siňen
Ala tutmaklygy ýokanç kesele meňzetse bolýar. Adamlar özüne şu «ýokanç keseliň» geçendigini bilmeýär. Ala tutmaklyk ýürege bitmejek ýara salýar.
Ala tutmaklyk bir adamy ýa-da taýpany kemsitmegi we ýigrenmegi aňladýar. Meselem, milleti, welaýaty, dili we dini üçin adamlary äsgermezçilik edýärler. Erkekler aýallary kemsidýärler, aýallar bolsa erkekleri gödek we ejize ganym hasaplaýarlar. Käbirleri adamlaryň ýaşyna, kärine, bilimine, baý-garyplygyna, saglyk ýagdaýyna we daş keşbine seredip göwnüýetmezçilik edýärler, ýöne ala tutýandygyna düşünmeýärler.
Sizem adamlary ala tutýarsyňyzmy? Belki, siz başgalaryň ala tutýandygyny görýänsiňiz, ýöne özüňizde şeýle häsiýetiň bardygyny bilýän dälsiňiz. Elbetde, şol «ýokanç kesel» her bir adama geçip biler. Professor Deýwid Wilýamsyň aýtmagyna görä, eger adam bir taýpany ýigrense, şol taýpadaky adamlaryň ählisini — ýagşy diýmän, ýaman diýmän — äsgermezçilik edýär. Şeýdip, adamlary ala tutýandygyny duýman galýar.
Ýowiç Ýewropada ýaşaýar. Onuň ýaşaýan ýerinde adamlar bir taýpany äsgermeýärler. Ýowiç şeýle diýýär: «Men şol taýpada gowy adamyň bardygyna ynanmaýardym. Men adamlary ala tutýandyryn öýtmeýärdim, olaryň erbetdigini hemmeler bilýär diýýärdim».
Köp döwletler milletparazlygyň öňüni almak we adam hukuklaryny goramak üçin kanunlary çykarýar. Ýöne şonda-da adamlar biri-birini ala tutýarlar. Näme üçin? Sebäbi döwlet işgärleri kanun esasynda adamlara jeza berse-de, aň-düşünjesini özgerdip bilmeýär. Ala tutmaklyk bolsa adamlaryň aňyna siňen. Onda ala tutmaklygyň öňüni alyp bolmazmy? Bu «ýokanç keseliň» dermany ýokmy?
Žurnalda ala tutmazlyga kömek edýän bäş maslahata serederis. Köp adamlar şol maslahatlara eýerip, ala tutmaklygy ýüreginden köki bilen sogrup taşladylar.