Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • g20 No. 3 sah. 4—5
  • Adamlary gowy tanaň

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Adamlary gowy tanaň
  • Oýanyň! — 2020
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Näme üçin?
  • Mukaddes Kitapdaky maslahat
  • Adamlary gowy tanamagyň nähili peýdasy bar?
  • Näme edip bileris?
  • Ala tutmak adamlaryň aňyna siňen
    Oýanyň! — 2020
  • Ýagşylyk ediň
    Oýanyň! — 2020
  • Ýehowa bilen Isa ýaly, bizem agzybir bolalyň!
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2018
  • Ala tutmaklygy ýeňenler
    Oýanyň! — 2020
Başgalary
Oýanyň! — 2020
g20 No. 3 sah. 4—5
Iki adam awtomobil kärhanasyna işe girmäge gelen aýal bilen gürrüňdeş bolýar. Aýal tolgunýar.

Adamlary gowy tanaň

Näme üçin?

Adamlar il içinde ýaýran ýalan gep-gürrüňler sebäpli ala tutýarlar. Meselem:

  • Käbir başlyklar gelin-gyzlary ejiz, ukypsyz we başarnyksyz hasaplap, işe alasy gelmeýär.

  • Şäherde ýaşaýan adamlar obanyň ilatyny sowatsyz, medeniýetsiz we düşünjesiz hasaplaýarlar.

  • Käbirleri maýyp adamlary durmuşdan ýanan we göwnüçökgün hasaplaýarlar.

Ýalan gep-gürrüňleri ýaýradýan adamlar sözüni gögertjek bolup, özüçe subutnamalar getirýändir, her hili hekaýalary gürrüň berýändir. Olar özleri bilen ylalaşmadyk adamlary dünýäden bihabar hasaplaýandyr.

Mukaddes Kitapdaky maslahat

«Bilimsiz bolmak gowy däldir» (NAKYLLAR 19:2).

Aýadyň manysy: gep-gürrüňleriň anygyna ýetmesek ýalňyşarys. Il-günüň myş-myşyna gulak gabartsak, adamlary ala tutarys we äsgermezlik ederis.

Mukaddes Kitap adamlary ala tutmagy öwredýärmi?

Käbirleriniň aýtmagyna görä, Mukaddes Kitap adamlary ala tutmagy öwredýär. Emma Mukaddes Kitapda näme diýilýär?

  • Ähli adamlaryň asly bir. Hudaý «bir adam arkaly ähli milletleri döretdi» (Resullar 17:26).

  • Hudaý hiç kimi ala tutmaýar. «Hudaý hiç kimi ala tutmaýan eken. Hudaý özünden gorkup, dogruçyl ýaşaýan islendik milletli adamdan razydyr» (Resullar 10:34, 35).

  • Allatagala adamyň içki dünýäsine seredýär. «Adam daş keşbe seredýär, Ýehowaa ýürege seredýär» (1 Şamuwel 16:7).

a Mukaddes Kitapda Allatagalanyň adynyň Ýehowadygy aýdylýar.

Adamlary gowy tanamagyň nähili peýdasy bar?

Biz adamlary gowy tanasak, olar hakda aýdylýan ýalan gep-gürrüňlere ynanmarys. Ata-babalarymyz: «Kör hasasyny bir gezek aldyrar» diýipdir. Biz gep-gürrüňlere aldanandygymyza düşünsek, indiki gezek myş-myşlara ynanmarys.

Durmuşda bolan waka: Ýowiç (Ýewropa)

Ýowiç hakda geçen makalada gürrüň edipdik. Ol çagalygyndan bäri il-günden, täzeliklerden, telegepleşiklerden bir taýpa hakda erbet zatlary eşidýärdi. Ýowiç şeýle diýýär: «Men şol taýpanyň adamlaryny äsgermeýärdim, hatda olary ýigrenip başladym. Olary ala tutýandyryn öýtmeýärdim.

Men harby gullugynda şol taýpanyň oglanlary bilen gulluk etmeli boldum. Şonda olary gowy tanadym, dilini öwrendim we halk aýdymlaryny diňledim. Görüp otursam, olar gowy adamlar eken. Olara hormat goýup başladym. Men häzirem şol taýpany ala tutmaz ýaly jan edýärin. Şonuň üçin olar hakda aýdylýan erbet habarlary diňlemeýärin, olary kemsidýän telegepleşikleri we filmleri görmeýärin. Adamlary ala tutsaň, ýürekde gahar-gazap, ýigrenç kök urýan eken».

Näme edip bileris?

  • Bäş barmagyň deň bolmaýşy ýaly, halkyň içinde gowusy hem bar, erbedi hem bar. Şonuň üçin hemme adamy bir aýakdan sürmäliň.

  • Adamlar hakda ähli zady bilmeýändigimizi unutmalyň.

  • Aýdylýan myş-myşlara gulak gabartman, ynamdar çeşmelerden barlalyň.

Olar ýigrenji ýeňdiler

Surat: 1) Iki adam gürrüňdeş bolup gelýär. 2) Olaryň biri dostlary bilen gürrüňdeş bolup şatlanýar.

Arap bilen ýewreýe adamlary ala tutmazlyga näme kömek etdi?

JW.ORG saýtyndan «Wepaly söýgi duşmançylygyň üstünden haçan ýeňiş gazanar?» diýen wideony görüň.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş