18-NJI HEKAÝA
Ýakup Harana gidýär
ÝAKUBYŇ kim bilen gürleşýänini bilýäňmi? Ol köp günläp ýol ýöränsoň, bu adamlara guýynyň başynda duşdy. Olar goýun bakýardylar. Ýakup olardan: «Nirelisiňiz?» diýip sorady.
— Biz Harandan — diýip jogap berdiler.
— Siz Labany tanaýaňyzmy? — diýip, Ýakup olardan sorady.
— Tanaýarys. Seret, hana goýun sürüsi bilen gyzy Rahelem gelýär — diýdiler.
Hol aňyrdaky Raheli görýäňmi?
Ýakup daýysy Labanyň goýun sürüsi bilen Raheliň gelýänini gördi. Şonda goýunlary suwa ýakmak üçin, guýynyň agzyndaky daşy aýyrdy. Soňra ol Raheli ogşap, özüni tanatdy. Rahel aljyrap öýüne gitdi-de, atasy Labana bar zady gürrüň berdi.
Ýakup Labanyň öýünde düşledi. Laban muňa diýseň begendi. Şonuň üçin Ýakup Labandan gyzyna öýlenmegi soranda, ol hasam begendi. Emma Laban Ýakubyň Rahel üçin ýedi ýyl hyzmat etmegini sorady. Ýakup Raheli ýürekden söýýändigi üçin razy boldy. Ýöne toý tutmaly wagty gelende, näme bolanyny bilýäňmi?
Laban Rahele derek uly gyzy Leany berdi. Ýakup Labanyň ýene-de ýedi ýyl hyzmatyny etmäge razy bolanda bolsa, Laban Raheli hem berdi. Şol döwürde Hudaý adamlara köp aýal almaga rugsat berýärdi. Ýöne häzir Mukaddes Ýazgylaryň görkezişi ýaly, erkek adamyň diňe bir aýaly bolmaly.