Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • my hek. 19
  • Ýakubyň uly maşgalasy

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ýakubyň uly maşgalasy
  • Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
  • Meňzeş maglumat
  • Ýakup Harana gidýär
    Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
  • Ýakup bilen Ysaw ýaraşýar
    Mukaddes Kitapdan sapaklarym
  • 1 Musa kitabynyň mazmuny
    Mukaddes Kitap
Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
my hek. 19

19-NJY HEKAÝA

Ýakubyň uly maşgalasy

BU MAŞGALANYŇ uludygyny bir görsene. Bular Ýakubyň on iki ogly. Onuň gyzlary hem bar. Ýakubyň çagalarynyň adyny bilýäňmi? Gel, olaryň käbiri bilen tanşaly.

Leanyň dogran ogullary: Ruben, Şimeon, Lewi we Ýahuda. Rahel çagasynyň bolmaýandygyna gynandy. Şonuň üçin ol Ýakuba gyrnagy Bilhany berdi. Ondan iki ogul, ýagny Dan bilen Naftali doguldy. Şonda Lea hem Ýakuba gyrnagy Zilpany berdi. Ol Gad bilen Aşeri dogurdy. Soňra Leanyň ýene-de iki ogly, ýagny Issakar bilen Zabulun doguldy.

Ahyry Raheliňem çagasy boldy. Onuň adyna Ýusup dakdy. Ýusup barada biraz soň has köp zatlary bileris, sebäbi ol belli adam bolup ýetişdi. Şeýlelikde, Ýakubyň on bir ogly Labanyň öýünde ýaşaýarka doguldy.

Ýakubyň birnäçe gyzlary bolsa-da, Mukaddes Ýazgylarda diňe Dina barada gürrüň berilýär.

Wagtyň geçmegi bilen, Ýakup Labanyň öýünden Kengana gaýtmagy ýüregine düwdi. Şonuň üçin ol uly maşgalasyny, birgiden goýun sürüsini we başga-da mallaryny ýygnap, uzak ýola düşdi.

Ýakup maşgalasy bilen Kengana gaýdyp barýarka, ýolda Raheliň ýene-de bir ogly boldy. Rahel çaga dogranda, gaty ejir çekip aradan çykdy. Emma çaga diri galdy. Ýakup oňa Benýamin diýip at goýdy.

Biz Ýakubyň on iki oglunyň adyny ýatda saklamaly, sebäbi bütin Ysraýyl halky şolardan döredi. Hakykatdan-da, Ysraýylyň on iki taýpasy, Ýakubyň on ogly bilen Ýusubyň iki oglunyň adyny göterýär. Yshak Ýakubyň ogullary bolandan soň hem uzak ýaşady. Belki-de, ol şeýle köp agtygynyň bolanyna guwanandyr. Ýöne gel, onuň agtygy Dina näme bolanyny bileli.

Barlyk 29:32—35; 30:1—26; 35:16—19; 37:35.

Öwrenmek üçin soraglar

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş