28-NJI HEKAÝA
Ýaňy doglan Musa nädip halas boldy?
SERETSENE, oglanjyk gyzyň barmagyndan tutup aglaýar. Ol oglanjyk Musa. Owadan gyzyň kimdigini bilýäňmi? Ol şa gyzy, ýagny Müsür patyşasy faraonyň gyzy.
Musanyň ejesi ogluny üç aýlyk bolýança gizledi, sebäbi ony müsürlileriň öldürmegi mümkindi. Ýöne Musanyň tapyljagyny bilende, ony halas etmegiň ugruna çykdy.
Ol bir sebet aldy-da, suw geçmez ýaly edip bejerdi. Soňra Musany sebede saldy-da, Nil derýasynyň kenaryndaky gamyşlygyň içinde goýdy. Musanyň uýasy Merýeme bolsa, sebede seretmegi tabşyrdy.
Basym faraonyň gyzy derýa suwa düşmäge geldi. Birden ol gamyşlygyň içinde duran sebedi gördi. Hyzmatkärini çagyryp: «Git-de şol sebedi getir» diýdi. Şa gyzy sebedi açanda, bir eýjejik çagany gördi. Kiçijik Musanyň aglaýşyny görüp, şa gyzynyň ýüregi awady. Ol oglanjygy öldürtmek islemedi.
Şol wagt Merýem geldi. Sen ony suratda görýänsiň. Merýem faraonyň gyzyna: «Gidip, ysraýylly aýallardan saňa eneke çagyraýynmy?» diýdi.
Şa gyzy: «Git-de çagyryp geläý» diýdi.
Merýem ylgap gitdi-de, bar zady ejesine gürrüň berdi. Musanyň ejesi şa gyzynyň ýanyna gelende: «Bu oglanjygy al-da, meniň üçin emdir, men saňa puluny tölärin» diýip, şa gyzy buýurdy.
Şeýdip Musanyň ejesi öz oglunyň aladasyny etdi. Musa ulalanda bolsa, faraonyň gyzyna eltip berdi. Şa gyzy Musany ogullyga aldy. Ine, şeýdip Musa faraonyň öýünde ulaldy.