Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • my hek. 50
  • Iki batyrgaý aýal

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Iki batyrgaý aýal
  • Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
  • Meňzeş maglumat
  • Barak bilen iki aýal
    Mukaddes Kitapdan sapaklarym
  • Goý, siziň meýletin gullugyňyz Ýehowa şöhrat getirsin!
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2017
Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
my hek. 50

50-NJI HEKAÝA

Iki batyrgaý aýal

YSRAÝYLLYLAR kyn güne düşenlerinde ahy-nala bilen Ýehowa doga edýärler. Ýehowa olara kömek etmek üçin batyrgaý serdarlary ýollaýar. Mukaddes Ýazgylarda olara kazy diýilýär. Ilkinji kazy Ýeşuwdy, ondan soň Otniýel, Ehud we Şamgar kazy boldy. Ýöne Ysraýyl halkyna kömek edýän iki aýalyň ady bolsa, Debora bilen Ýael.

Debora pygamberdi. Ýehowa oňa gelejekde boljak zatlary aýdýardy, ol hem Ýehowanyň sözlerini halka ýetirýärdi. Debora kazylyk hem edýärdi. Ol dagda hurma agajynyň aşagynda oturýardy, adamlar bolsa onuň ýanyna kömek sorap gelýärdiler.

Şol wagt Kenganda Ýabin patyşa bolýar. Onuň 900 sany harby arabasy bardy. Ýabiniň goşuny gaty güýçlüdi, şonuň üçinem ysraýyllylaryň köpüsi onuň guly bolmaga mejbur boldular. Goşun ýolbaşçysynyň ady bolsa Siserady.

Bir gezek Debora Barak kazynyň yzyndan adam ýollap, oňa: «Ýehowa saňa: «10 müň sany adam bilen Tabor dagyna çyk. Men bolsa ol ýere Siserany elterin. Sen ony ýeňersiň» diýdi» diýýär.

Barak Debora: «Eger-de sen gitseň, menem giderin» diýýär. Debora Barak bilen gidýär. Emma ol Baraga: «Ýeňşi sen gazanmarsyň, sebäbi Ýehowa Siserany aýal maşgalanyň eli bilen öldürer» diýdi. Deboranyň aýdyşy ýaly-da boldy.

Barak Tabor dagyndan aşak düşüp, Siseranyň goşunynyň öňünden çykýar. Ol ýeri Ýehowa duýdansyz suw aldyrýar we duşman goşunynyň köpüsi gark bolýar. Ýöne Sisera arabadan böküp gaçýar.

Birnäçe wagtdan Sisera Ýaeliň çadyrynyň ýanyna barýar. Ýael Siserany çadyryna çagyryp, içmäge süýt berýär. Şondan soň onuň ukusy tutup, süýji uka gidýär. Şonda Ýael çadyryň gazygyny alyp, bu erbet adamyň kellesine sokýar. Haçan-da Barak gelende Ýael oňa Siseranyň ölüsini görkezýär! Görýäňmi, Deboranyň weliligi ýerine ýetdi.

Ahyrsoňy Ýabin atly patyşany hem öldürýärler, şeýdip ýene-de ysraýyllylar birnäçe wagtlap howpsuzlykda ýaşaýar.

Kazylar 2:14—22; 4:1—24; 5:1—31.

Öwrenmek üçin soraglar

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş