51-NJI HEKAÝA
Rut we Naomi
MUKADDES Ýazgylarda Rut atly kitap bar. Bu kitapda Ysraýyl kazylarynyň döwründe ýaşan bir maşgalanyň taryhy ýazylypdyr. Rut moably ýaş gelin. Ol Hudaýyň halkyndan däldi. Ýöne Rut hak Hudaý Ýehowany tanap, oňa söýgüsi artýar. Ýehowany tanamaga oňa Naomi diýen garry aýal kömek edýär.
Naomi ysraýylly aýal. Ysraýylda açlyk bolanda, ol adamsy we iki ogly bilen Moab ýurduna göçýär. Birnäçe wagtdan Naominiň adamsy aradan çykýar. Soňra Naominiň ogullary moably gyzlara öýlenýär. Gelinleriň biriniň ady Rut, beýlekisiniň ady bolsa Orpa. Ýöne on ýyldan Naominiň iki ogly hem aradan çykýar. Şonda Naomi gelinleri bilen gaty gam çekýär. Naomi indi näme ederkä?
Bir gün Naomi ýurduna dolanmakçy bolýar. Rut bilen Orpa Naominden aýrylasy gelmän, onuň bilen gidýärler. Olar biraz ýol geçende, Naomi gelinlerine bakyp: «Ejeňiziň öýüne dolanyň we olar bilen ýaşaň» diýýär.
Naomi gelinlerini ogşap hoşlaşýar. Gelinleri Naomini gowy görýänligi üçin aglaşyp: «Ýok, biz seniň bilen seniň ýurduňa gideris» diýýärler. Naomi olara: «Gyzlarym, gowusy öýüňize dolanaýyň» diýýär. Soňra Orpa öýüne gidýär, Rut bolsa Naomi bilen galýar.
Şonda Naomi Ruta: «Orpa gitdi, senem gidäý» diýýär. Rut bolsa: «Maňa git diýme! Meni özüň bilen alyp git. Sen nirä gitseň, menem şol ýere giderin. Sen nirede ýaşasaň, menem şol ýerde ýaşaryn. Seniň halkyň meniň halkym bolar, seniň Hudaýyň meniň Hudaýym bolar. Seni nirede jaýlasalar, meni hem şol ýerde jaýlarlar» diýýär. Şondan soň Naomi hiç zat diýmeýär.
Ahyry olar Ysraýyla baryp, şol ýerde ýaşap başlaýarlar. Şol wagt meýdanda arpadan hasyl ýygnaýardylar, Rut hem meýdanda işlemäge başlaýar. Boaz atly adam oňa öz meýdanyndan arpa ýygnamaga rugsat berýär. Boazyň ejesiniň kimdigini bilýäňmi? Ol Eriha şäherindäki Rahawdy.
Bir gezek Boaz Ruta: «Men sen barada, Naomä eden ýagşylygyň barada kän eşitdim. Men seniň ata-eneňi, ýurduňy terk edip, ýat ýurda ýaşamaga geleniňi bilýärin. Ýehowanyň merhemeti seniň bilen bolsun!» diýýär.
Rut oňa: «Hojaýynym, sen maňa ýagşylyk edýäň, seniň ýagşy sözleriň maňa ýaraýar» diýýär. Boaz Ruty halap öýlenýär. Naomi muňa gaty begenýär. Haçan-da olaryň ilkinji ogly Obed doglanda bolsa, Naominiň begenjiniň çägi ýokdy. Netijede, Obed Dawudyň atasy bolýar, bu barada biz soňra köpräk bileris. Mukaddes Ýazgylaryň