Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • my hek. 62
  • Dawudyň öýündäki betbagtlyk

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Dawudyň öýündäki betbagtlyk
  • Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
  • Meňzeş maglumat
  • Dawut patyşa günä edýär
    Mukaddes Kitapdan sapaklarym
  • 2 Şamuwel kitabynyň mazmuny
    Mukaddes Kitap
  • Ýehowa gadymy döwürde nädip «halas» etdi
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2008
Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
my hek. 62

62-NJI HEKAÝA

Dawudyň öýündäki betbagtlyk

DAWUT Iýerusalimde patyşalyk edende, Ýehowanyň kömegi bilen duşmanlaryny birnäçe gezek ýeňýär. Ýehowa ysraýyllylara Kengan ýurduny bermegi wada beripdi. Ine, indi olar Ýehowanyň kömegi bilen wada edilen ýere eýe boldular.

Dawut gowy hökümdardy. Ol Ýehowany söýýärdi. Şonuň üçin ol Iýerusalime, ilki bilen, Ýehowanyň äht sandygyny geçirýär. Şeýle hem sandyk üçin ybadathana gurmak isleýär.

Aradan birnäçe ýyl geçende, Dawut agyr günä edýär. Ol kişiniň zadyna degmeli däldigini bilýärdi. Bir gün agşam ol köşgünden owadan aýaly görýär. Onuň ady Betşeban. Ol Dawudyň goşunyndaky Uriýa atly esgeriň aýalydy.

Dawut Betşeban bilen ýatmak isläp, ony köşge getirdýär. Şol wagt Betşebanyň adamsy uruşdady. Dawut Betşeban bilen söýüşýär, soňra Betşeban göwreli bolýar. Muny eşiden Dawut gaty howsala düşüp, Ýoab atly goşunbaşa hat iberýär. Ol hatynda Uriýa öler ýaly, ony söweşiň howply ýerinde goýmagy buýurýar. Şol söweşde Uriýa ölýär. Dawut bolsa Betşebana öýlenýär.

Ýehowa Dawuda gaty gaharlanýar. Ýehowa onuň eden günäsini aýtmak üçin Natan pygamberi iberýär. Onuň Dawut bilen gürleşişine seret. Dawut eden işine gynanýar, şonuň üçin Ýehowa ony öldürmeýär. Emma Ýehowa oňa: «Şu erbet işleri edeniň üçin öýüňde köp betbagtlyk bolar» diýýär. Dawudyň öýünde, gör, näçe betbagtlyk boldy!

Başda Betşebanyň ogly ölýär. Soňra Dawudyň ilkinji ogly Amnon uýasy Tamar bilen ýekelikde galyp, ony zorlaýar. Dawudyň Abşalom atly ogly muňa gaharlanyp, Amnony öldürýär. Soňra Abşalom köp adamlaryň göwnünden turup, olara patyşa bolýar. Abşalom bilen bolan söweşde, Dawut ahyry ýeňýär. Abşalomy bolsa öldürýärler. Hawa, şeýdip Dawut köp kynçylyk görýär.

Şol wagtlar Betşebanyň ýene-de bir ogly bolýar. Onuň adyna Süleýman dakýarlar. Haçan-da Dawut garrap kesellände, Adoniýa atly ogly patyşa boljak bolýar. Şonda Dawut Süleýmanyň patyşa bolmalydygyny görkezmek üçin Zadok atly ruhana onuň başyna ýag guýmagy buýurýar. Dawut 70 ýaşynda aradan çykýar. Dawut Ysraýylda 40 ýyl patyşalyk edýär, soňra bolsa Süleýman patyşa bolýar.

2 Şamuwel 11:1—27; 12:1—18; 1 Patyşalar 1:1—48.

Öwrenmek üçin soraglar

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş