65-NJI HEKAÝA
Patyşalyk ikä bölünýär
BU ADAM donuny näme üçin bölek-bölek edýänini bilýäňmi? Muny oňa Ýehowa buýurdy. Ol Hudaýyň pygamberi Ahiýa. Kime pygamber diýilýänini bilýäňmi? Boljak zatlary öňünden Hudaý tarapyn aýdýan adama pygamber diýilýär.
Ahiýa bilen gürleşýän adamyň ady Ýeroboam. Süleýman ony käbir gurluşyk işlerinde gözegçi belläpdi. Ahiýa ýolda Ýeroboama duşup, düşnüksiz hereket edýär. Egninden täze dony çykaryp, ony on iki bölege bölýär. Soňra ol Ýeroboama: «Özüňe on bölegi al» diýýär. Ahiýanyň Ýeroboama on bölegi näme üçin berenini bilýäňmi?
Ahiýa Ýeroboama Ýehowanyň Süleýmanyň elinden patyşalygy aljakdygyny düşündirýär. Ýehowa on taýpany Ýeroboama bermekçidi. Diýmek, Süleýmanyň ogly Rehoboam diňe iki taýpa hökümdarlyk eder.
Süleýman muny eşidende gaty gaharlanyp, Ýeroboamy öldürjek bolýar. Ýöne Ýeroboam Müsüre gaçýar. Birnäçe wagtdan Süleýman aradan çykýar. Ol kyrk ýyl patyşalyk edipdi. Onuň ýerine ogly Rehoboam patyşa bolýar. Süleýmanyň ölenini eşidip, Ýeroboam Ysraýyla gaýdyp gelýär.
Rehoboam erbet patyşady. Rehoboam halky, atasy Süleýmandan-da beter horlaýardy. Ýeroboam halkyň ýaşululary bilen Rehoboam patyşanyň ýanyna gelip, halkyň aladasyny etmegi haýyş edýär. Ýöne Rehoboam olary diňlemeýär. Ol halky öňküden-de beter ezýär. Şonuň üçin halk Ýeroboamy on taýpa patyşa saýlaýar. Galan Benýamin we Ýahuda taýpasy bolsa Rehoboam patyşanyň elinde galýar.
Ýeroboam halkyň Iýerusalime gidip, sežde etmegini islemeýär. Şonuň üçin ol iki sany altyn göle ýasap, halka şoňa sežde etmegi buýurýar. Şeýdip ýurt zalymlykdan we zorlukdan dolýar.
Iki taýpaly patyşalykda hem betbagtlyk kän bolýar. Rehoboam patyşa bolup, takmynan bäş ýyl geçende, Müsüriň patyşasy Iýerusalime çozýar. Ol Ýehowanyň ybadathanasyndan ençeme gymmatbaha zatlary äkidýär. Şonuň üçin ybadathana gurlan wagtyndakysy ýaly boşap galýar.