Ýehowa takwalaryny terk edýän däldir
«(Ýehowa) takwalaryny terk edýän däldir. Olar ebedi saklanar» (ZEB. 37:28).
1, 2. a) B. e. öň X asyrda Hudaýyň gullukçylarynyň wepalylygy nädip synaldy? b) Ýehowanyň wepaly gullukçylary nähili ýagdaýlarda onuň goragyny duýdular?
BIZIŇ eramyzdan öň X asyr Ýehowanyň gullukçylary üçin özgeriş döwri boldy. Pitneçi Ysraýylyň demirgazyk taýpalary garaşsyzlygyny alyp, graždanlyk urşundan zordan gutuldy. Onuň täze patyşasy Ýeroboam güýjüni berkitmek üçin täze döwlet dinini döretdi. Ol raýatlaryndan doly wepaly bolmagy talap etdi. Ýehowanyň wepaly gullukçylary näme etdi? Olar sežde edýän Hudaýyna wepaly galarmy? Olaryň köpüsi wepaly galdylar; Ýehowa-da olary gorady (3 Pat. 12:1—33; 2 Tar. 11:13, 14).
2 Şu günler hem Hudaýyň gullukçylarynyň wepalylygy synalýar. Mukaddes Ýazgylarda şeýle duýduryş berilýär: «Hüşgär boluň, oýanyň; ýagyňyz bolan iblis arlaýjy arslan kimin aýlanyp, ýuwutjagyny agtaryp ýörendir». Biz «oňa garşy imanda berk durup» bilerismi? (1 Pet. 5:8, 9). Geliň, b. e. öň 997-nji ýylda Ýeroboam patyşa bolandan soňky käbir wakalara seredeliň we ondan nähili sapak edinip boljakdygy barada oýlanalyň. Şol rahatsyzlyk döwürde Ýehowanyň wepaly gullukçylary yzarlanyp, olara imandan dänenler täsir etse-de, kyn ýumşy ýerine ýetirýärdiler. Hudaýyň gullukçylary kyn ýagdaýa düşse-de, Ýehowa wepaly galanlary terk etmedi. Şu günlerem Ýehowa wepaly galanlary terk etmeýär (Zeb. 37:28).
Yzarlama bolanda
3. Dawudyň hökümdarlygynda näme üçin halka zulum edilmeýärdi?
3 Geliň, ilki bilen, Ýeroboamyň patyşa bolmagyna nämäniň sebäp bolandygyna seredeliň. Süleýmanyň tymsallary 29:2-de şeýle diýilýär: «Erbet adam höküm süreninde, halk ahy-nala çekýändir». Dawut patyşalyk edende, ysraýyllylar ahy-nala çekmeýär. Dawut bikämil bolsa-da, Hudaýa wepalydy we hemişe oňa bil baglaýardy. Dawudyň hökümdarlygynda halka zulum edilmeýärdi. Ýehowa Dawut bilen äht baglanyşyp, şeýle diýdi: «Seniň öňüňde öýüň we patyşalygyň hiç haçan sarsmaz hem-de seniň tagtyň ebedilik berk durar» (2 Pat. 7:16).
4. Süleýmanyň üstünlikli höküm sürmegi nämä baglydy?
4 Dawut ogly Süleýman höküm sürüp başlanda halk parahat ýaşap, gülläp ösýärdi. Bu Isa Mesihiň geljekki müň ýyllyk Patyşalygyny suratlandyrýardy (Zeb. 72:1, 17). Ysraýylyň on iki taýpasynyň hiç birinde nägilelik we gozgalaň bolmady. Emma Hudaý Süleýmana we onuň raýatlaryna diňe bir şert bilen bereket bermegi wada etdi. Ýehowa Süleýmana şeýle diýdi: «Eger Meniň parzlarymdan ýöräp, hökümlerimi berjaý etseň, bütin tabşyryklarymy saklap, ondan ýöreseň, Men ataň Dawuda aýdan sözümi sende amala aşyraryn. Men Ysraýyl ogullary arasynda mesgen tutaryn, Ysraýyl halkymy terk etmerin» (3 Pat. 6:11—13, MKS).
5, 6. Süleýmanyň Hudaýdan dänmegi nämä eltdi?
5 Süleýman patyşa garran çagynda Ýehowa biwepalyk edip, ýalan taňrylara sežde edip başlady (3 Pat. 11:4—6). Ol Ýehowanyň kanunlaryny ýerine ýetirmegini bes edip, halky ezip başlady. Süteme çydar ýaly däldi, şonuň üçin adamlar Süleýman ölenden soň, onuň ogly Rehoboama atasy barada arz edip, ýüki ýeňletmegi haýyş etdiler (3 Pat. 12:4). Süleýman Ýehowadan dänende, Ýehowa näme etdi?
6 Mukaddes Ýazgylarda şeýle diýilýär: «Ýehowanyň Süleýmana gahary geldi, çünki onuň ýüregi iki sapar oňa görnen Ysraýyl Hudaýyndan... daşlaşdy». Ýehowa Süleýmana şeýle diýdi: «Saňa tabşyran ähtimi we parzlarymy ýerine ýetirmändigiň üçin patyşalygy eliňden dartyp alyp, hyzmatkäriňe bererin» (3 Pat. 11:9—11, MKS).
7. Ýehowa Süleýmandan ýüz öwrende, nädip wepaly gullukçylarynyň aladasyny etdi?
7 Ýehowa Süleýmanyň zulumyndan halky halas etjek adamy bellemäge Ahiýa pygamberi iberýär. Bellenmeli adam Süleýman patyşanyň emeldary Ýeroboamdy. Ýehowa Dawut bilen baglanyşan Patyşalyk ähtine wepaly galsa-da, on iki taýpanyň iki patyşalyga bölünmegine ýol berdi. On taýpa Ýeroboama, iki taýpa Dawudyň neslinden bolan Rehoboama berildi (3 Pat. 11:29—37; 12:16, 17, 21). Ýehowa Ýeroboama şeýle diýdi: «Eger sen gullukçym Dawut ýaly, meniň tabşyran ähli zatlaryma gulak assaň, meniň ýollarym bilen ýöreseň we parzlarymy, tabşyryklarymy ýerine ýetirip, gözümiň alynda dogry işleri etseň, men seniň bilen bolaryn. Men seniň öýüňi Dawudyňky ýaly berkiderin we Ysraýyly saňa bererin» (3 Pat. 11:38). Ýehowa halkynyň tarapynda durup, olary zulumdan azat etmegiň aladasyny etdi.
8. Şu günler Hudaýyň halky nähili kynçylyga duçar bolýar?
8 Şu günki dünýäde zulum we adalatsyzlyk höküm sürýär. Wagyzçy 8:9-da şeýle diýilýär: «Adamyň adama agalyk etmegi onuň zyýanynadyr». Köp ýurtlarda jemgyýetiň ykdysady ýagdaýy açgöz söwdegärler we parahor hökümdarlar sebäpli kynlaşýar. Köplenç syýasy we dini ýolbaşçylar, telekeçiler ahlak taýdan erbet görelde görkezýärler. Şol sebäpli «azgynlaryň ahlaksyzlyk içindäki ýaşaýyşyndan jebir çeken» dogry Lut ýaly şu günki Hudaýyň wepaly gullukçylaryna kyn bolýar (2 Pet. 2:7). Biz Hudaýyň kanunlary boýunça parahat ýaşamaga jan edip, hiç kime zyýan ýetirmesek-de, köplenç tekepbir ýolbaşçylaryň yzarlamalaryna çydamaly bolýarys (2 Tim. 3:1—5, 12).
9. a) Ýehowa halkyny halas etmek üçin nähili çäreler gördi? b) Biz Isanyň hemişe wepaly boljakdygyna näme üçin ynanýarys?
9 Bizi durmuşda dürli kynçylyklar gaýgylandyrsa-da, Ýehowanyň wepaly gullukçylaryny hiç haçan terk etmejegine berk ynanýarys! Hudaý zalym dünýäniň hökümdarlaryna garşy çäreler gördi. Hudaýyň Patyşalygy Isa Mesihiň baştutanlygynda gökde berkarar edildi. Isa Mesih takmynan ýüz ýyldan bäri hökümdarlyk edýär. Ol tizden Hudaýdan gorkýan we onuň adyny hormatlaýan adamlary halas eder (Ylham 11:15—18-nji aýatlary okaň). Isa ölüminiň ahyryna çenli wepaly galdy. Ol Süleýman ýaly hiç haçan raýatlaryny lapykeç etmez (Ýew. 7:26; 1 Pet. 2:6).
10. a) Biz Hudaýyň Patyşalygynyň tarapynda berk durandygymyzy nädip görkezip bileris? b) Biz synaglara duçar bolanymyzda nämä ynanyp bileris?
10 Hudaýyň Patyşalygy ähli zulumlary ýok etjek hakyky häkimiýetdir. Biz Ýehowa Hudaýyň we onuň Patyşalygynyň tarapynda berk durup, zalym dünýäniň işlerini ret edip, ýagşy zatlary etmäge tagalla edýäris (Titus 2:12—14). Biz zalym dünýäde arassa galmaga jan edýäris (2 Pet. 3:14). Şu günler biz dürli synaglara duçar bolsak-da, ruhy taýdan Ýehowanyň gorajakdygyna ynanyp bileris (Zebur 97:10-y okaň). Ýehowa ähli gullukçylarynyň ölümine ýol bermez, çünki olar onuň gözünde gymmatlydyr. Zebur 116:15-de: «Takwalarynyň ölümi Rebbiň nazarynda gymmatdyr» diýilýär.
Imandan dänenleriň täsirine garşy duranda
11. Ýeroboam hakyky seždeden nädip ýüz öwürdi?
11 Ýeroboam patyşa ysraýyllylaryň ýüküni ýeňilleşdirip bilerdi. Emma ol halkyň Hudaýa bolan wepalylygyny başga ýol bilen synady. Ýeroboam berlen patyşalygy we hezzet-hormaty az görüp, häkimiýetini berkitmegiň ýollaryny gözläp başlady. Ýeroboam şeýle pikir edýär: «Eger bu halk mundan beýläk-de, Taňrynyň öýünde gurbanlar kesmäge Iýerusalime barsa, onda bu halkyň ýüregi agalaryna, Ýahuda patyşasy Rehoboama tarap öwrüler, meni öldürip, ýene Ýahuda patyşasy Rehoboama bararlar» (MKS). Şol sebäpli, Ýeroboam sežde etmek üçin altyndan iki göle ýasap, täze din döredýär. «Olaryň birini Beýtelde, beýlekisini bolsa Danda goýdy. Bu halkyň günä etmegine ýol açdy, çünki olar göläniň birine sežde etmek üçin, Dana çenli baryp başladylar. Ýeroboam belent ýerlerde jaýlar gurup, Lewiniň ogullaryndan bolmadyk adamlary ruhany edip belledi». Ýeroboam «gurbanlyk edilýän ýerde gurban getirip», gurban tüssesini hödürläp, Ysraýyl ogullary üçin özbaşdak täze baýramçylyk gurnady (3 Pat. 12:26—33).
12. Ysraýylyň demirgazyk patyşasy Ýeroboam sežde etmek üçin göle ýasanda, Hudaýyň wepaly gullukçylary näme etdi?
12 Demirgazyk patyşalykda Hudaýyň wepaly gullukçylary näme etdi? Hudaýa wepaly ata-babalary ýaly, demirgazyk patyşalygyna degişli şäherlerde ýaşaýan lewililer, derrew hereket etdiler (Çyk. 32:26—28; San. 35:6—8; Kanun. 33:8, 9). Olar Ýehowa hiç bir päsgelsiz gulluk eder ýaly, miras galan emlägini goýup, maşgalalary bilen günorta Ýahuda göçdüler (2 Tar. 11:13, 14). Ýahudada wagtlaýyn ýaşaýan başga ysraýyllylar bolsa, demirgazyk patyşalykdaky öýlerine dolanman, ol ýerde hemişelik galdylar (2 Tar. 10:17). Ýehowa demirgazyk patyşalykdaky adamlar butparazlygy goýup, hakyky sežde etmek üçin Ýahuda dolanmak kararyna geljeklere ýoluň açyk galmagynyň aladasyny etdi (2 Tar. 15:9—15).
13. Şu günler imandan dänenler Hudaýyň halkyna nädip howp salýar?
13 Şu günlerem Hudaýyň halkyna imandan dänenler howp salýar. Käbir döwlet baştutanlary döwlet dinini döredip, raýatlaryndan oňa uýmagy talap edýär. Hristian dünýäsi we başga dinleriň gullukçylary göwnüýetijilik bilen özüni hakyky ruhany hasaplaýar. Emma biz «patyşanyň ruhanysy» edip bellenen hakyky mesh edilenleri, diňe mesihçileriň arasyndan tapyp bileris (1 Pet. 2:9; Ylh. 14:1—5).
14. Biz imandan dänenleriň pikirlerine nähili garamaly?
14 B. e. öň X asyrdaky wepaly lewililer ýaly, şu günki Hudaýyň wepaly gullukçylary imandan dänenleriň pikirlerine aldanman, hakykatyň tarapynda berk durýarlar. Mesh edilenler we olaryň wepaly işdeşleri imandan dänenleriň pikirlerini ret edýär (Rimliler 16:17-i okaň). Mukaddes Ýazgylardaky prinspler bozulmaýan ýagdaýlarynda, biz döwlet häkimiýetlerine höwes bilen tabyn bolýarys, emma bu zalym dünýäniň dawalaryna goşulman Hudaýyň Patyşalygyna wepaly galýarys (Ýahýa 18:36; Rim. 13:1—8). Hudaýa sežde eden bolup, ýöne işleri bilen Ony inkär edýänlere goşulmaýarys (Titus 1:16).
15. Näme üçin «sadyk hem akylly hyzmatkär» biziň wepalylygymyza mynasyp?
15 Şeýle-de, Ýehowa akýürekli adamlaryň zalym dünýäden çykyp, göçme manyda, ruhy jennete girip biler ýaly aladasyny edýär (2 Kor. 12:1—4). Biz ýürekden minnetdarlyk bildirmek bilen «hyzmatkärlere wagtly-wagtynda nahar paýlaryny bersin diýip, agasynyň olaryň üstünden goýan sadyk hem akylly hyzmatkäri» ähli zatda goldaýarys. Isa Mesih bu hyzmatkäre «bütin mal-mülküni» ynandy (Mat. 24:45—47). Şol sebäpli, biz hyzmatkär toparynyň käbir edýän işlerine doly düşünmesek-de, ony ret edip, zalym dünýä dolanmarys. Wepalylyk bize Ýehowanyň bu meseläni açyk düşündirjekdigine pesgöwünli we sabyrly garaşmaga kömek eder.
Ýehowanyň gullukçylary kyn ýumşy ýerine ýetirende
16. Ýehudyly pygambere nähili ýumuş tabşyryldy?
16 Ýeroboam imandan dänende, Ýehowa ony ýazgardy. Ol Ýahudaly pygambere demirgazykdaky Beýtele baryp, Ýeroboam gurbanlyk berýän ýerinde gurban getirip durka, onuň ýanyna barmagy tabşyrdy. Pygamber Ýeroboama gazaply habary aýtmalydy. Elbetde, bu ýumuş aňsat däldi! (3 Pat. 13:1—3).
17. Ýehowa gullukçysyny nädip gorady?
17 Ýeroboam Ýehowanyň höküm habaryny eşidip, gahar-gazaba mündi. Ol Hudaýyň wekiline elini uzadyp, adamlaryna: «Ony tutuň!» diýip gygyrdy. Edil şol wagt «onuň pygambere uzadan eli gurady we ol elini özüne çekip bilmedi. Gurban getirilýän ýer ikä bölündi we ondan ýagly közler döküldi». Ýeroboam pygambere: «Haýyş edýärin, elim sagalar ýaly meniň üçin doga edip, Ýehowa Hudaýyňyň ýüzüni ýumşat» diýip, ýalbarmaga mejbur boldy. Pygamber Ýehowa doga etdi we «patyşanyň eli sagaldy». Şeýdip, Ýehowa gullukçysyny gorady (3 Pat. 13:4—6).
18. Mukaddes gullugy gorkusyz berjaý edýänleri Ýehowa nädip goraýar?
18 Biz Hudaýyň Patyşalygyny wagyz edenimizde we şägirt taýýarlanymyzda käwagt adamlar habara gulak asman, garşy bolýarlar (Mat. 24:14; 28:19, 20). Biz adamlaryň ret etmeginden gorkup, wagza bolan yhlasymyzy hiç haçan gowşatmaly däl. Ýeroboamyň günlerindäki pygamber ýaly, biz gorkman, Ýehowa mukaddes gulluk etmäge mynasypdyrys (Luka 1:74, 75)a. Şu günler Ýehowa gudrat görkezmese-de, ol mukaddes ruhy we perişdeler arkaly görkezme berip, bizi gorajakdygyna ynanýarys (Ýahýa 14:15—17; Ylham 14:6-njy aýatlary okaň). Hudaýyň sözüni «gorkusyz sözleýänleri» ol hiç haçan terk etmez (Flp. 1:14, 28).
Ýehowa wepaly gullukçylaryny gorar
19, 20. a) Biz näme üçin Ýehowanyň hiç haçan terk etmejekdigine berk ynanýarys? b) Biz indiki makalada haýsy soraglara serederis?
19 Ýehowa — wepaly Hudaýdyr (Ylh. 15:4; 16:5). Ol «ähli işlerinde» wepaly (Zeb. 145:17). Mukaddes Ýazgylarda: «(Ýehowa) takwalarynyň ýollaryny goraýandyr» diýilýär (Sül. tym. 2:8). Hudaýyň wepaly gullukçylary synaglara duçar bolanda, imandan dänenleriň täsirine düşende we kyn ýumşy ýerine ýetirende Ýehowanyň ýol görkezip, goldajakdygyna bil baglap bilerler.
20 Biz şu aşakdaky soraglaryň üstünde oýlanmaly: «Synaglara garamazdan, Hudaýa wepaly galmaga maňa näme kömek eder? Başgaça aýdanyňda, men Hudaýa wepaly galmakda gaýduwsyzlygymy nädip berkidip bilerin?
a Indiki makalada pygamberiň Ýehowa wepaly galandygy ýa-da galmandygy hem-de oňa soňra näme bolandygy barada bileris.
Siz nähili jogap berersiňiz?
• Ýehowa wepaly gullukçylary yzarlananda, olary terk etmejekdigini nädip görkezdi?
• Biz imandan dänenlere we olaryň garaýşyna nähili garamaly?
• Ýehowa wepaly gulluk edýänleri nädip goraýar?