Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w08 15/7 sah. 26—28
  • Korintoslylara birinji we ikinji hatlardan peýdaly pikirler

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Korintoslylara birinji we ikinji hatlardan peýdaly pikirler
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2008
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • HÜŞGÄR BOLUŇ, BERK DURUŇ, GUJURLY BOLUŇ
  • (1 Kor. 1:1—16:24)
  • «KÄMIL BOLUŇ»
  • (2 Kor. 1:1—13:14)
  • Selanikliler we Timoteos kitabyndan peýdaly pikirler
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2008
  • «Men hiç bir adamyň ganyna galmadym»
    Hudaýyň Patyşalygy barada wagyz ediň
  • Ölen adamlar nädip direler?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2020
  • Direlişiň boljakdygyna ýürekden ynanýarys!
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2020
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2008
w08 15/7 sah. 26—28

Ýehowanyň Sözi diri

Korintoslylara birinji we ikinji hatlardan peýdaly pikirler

PAWLUS resul Korintosdaky ýygnagyň ýagdaýy bilen örän aladalanýardy. Ol Korintosdaky doganlaryň arasynda döreýän agzalalyklary eşidipdi. Ýygnakda ahlaksyzlyga ýol berilýärdi. Şeýle-de korintosly doganlar käbir meseleleri düşündirmegi haýyş edip, Pawlusa hat ýazdylar. Takmynan b. e 55-nji ýylynda Pawlus Efesden Korintoslylara birinji hatyny ýazdy. Şol wagt ol üçünji sapar missioner syýahatyny edýär.

Pawlus resul birinji hatyny ýazanyna birnäçe aý geçenden soň, ikinji hatyny ýazdy. I asyryň Korintosdaky ýygnagyň içerki we daşarky ýagdaýy köp zatlarda biziň günlerimize meňzeşdigi sebäpli, bu hatlarda biziň üçin hem peýdaly maslahatlar bar (Ýew. 4:12).

HÜŞGÄR BOLUŇ, BERK DURUŇ, GUJURLY BOLUŇ

(1 Kor. 1:1—16:24)

Pawlus resul: «Eý doganlar, hemmäňiziň dili bir bolsun» diýdi (1 Kor. 1:10). Mesihi şahsyýeti diňe bir düýpde Isa Mesihde gurup bolýar (1 Kor. 3:11—13). Ýygnakda ahlaksyz bolan adam barada Pawlus resul: «Ýamany öz araňyzdan çykaryň» diýdi (1 Kor. 5:13). Ol: «Ten ahlaksyzlyk üçin däl-de, Reb üçindir» diýdi (1 Kor. 6:13).

Olaryň «ýazan zatlary hakda» Pawlus jogap berip, nika we nikasyzlyk barada maslahat berdi (1 Kor. 7:1). Soňra ol mesihçileriň baştutanlygyny, ýygnagy nähili geçirmegi we direlişiň subutnamalaryny aýdyp: «Hüşgär boluň, imanda berk duruň, mert boluň, gujurly boluň!» diýdi (1 Kor. 16:13).

Sowallaryň jogaby:

1:21 — Ýehowa hakykatdan-da iman edýänleri halas etmek üçin akmaklygy ulanýarmy? Ýok. «Dünýäniň... öz akyldarlygy bilen Hudaýy tanamaýandygy» sebäpli, ol Hudaýyň adamlary näme arkaly halas edýänini akmaklyk saýýar (Ýahýa 17:25).

5:5 — «Teni heläk bolup, ruhy... gutular ýaly bu [erbet, TD] adamy şeýtana tabşyrdyň» diýmek nämäni aňladýar? Agyr günä eden adam toba etmese, ýygnak bilen gatnaşykdan kesilýär. Ol adam ýene-de Şeýtanyň zalym dünýäsine degişli bolýar (1 Ýahýa 5:19). Şol sebäpli ol Şeýtana tabşyryldy diýse bolýar. Şeýle adamy ýygnak bilen gatnaşykdan kesenlerinde, «teni heläk bolýar», ýagny ýygnak erbet täsirden gutulýar. Şonuň üçin ýygnak ruhuny we höwesini saklaýar (2 Tim. 4:22).

7:33, 34 — Maşgalaly erkekleriň we aýallaryň «dünýä işleri» barada edýän aladasy nämäni aňladýar? Pawlus resul maşgalaly mesihçileriň iýmit, egin-eşik we jaý ýaly gündelik durmuş aladasy barada aýdýar. Bu mesihçileriň zalym dünýäniň erbet işlerinden gaça durýan zatlaryny aňlatmaýar (1 Ýahýa 2:15—17).

11:26 — «Her gezek» Isanyň ölümini bellemek nämäni aňladýar we ony «haçana çenli» bellemeli? Bu ýerde Pawlus resul Isanyň ölümini ýygy-ýygydan bellemelidigini aýtmaýar. Ol mesh edilen mesihçileriň ýylda bir gezek, nisan aýynyň 14-inde Ýatlama agşamynyň nyşanlaryny kabul edip, «Rebbiň ölümini yglan edýändigine» üns berdi. Olar muny «tä Özi [Isa] gelýänçe», ýagny olary gökde direldýänçä, onuň ölen gününi bellemeli (1 Sel. 4:14—17).

13:13 — Haýsy manyda söýgi imandan we umytdan uly? Haçanda «umyt edilen zatlar» amala aşanda, iman bilen umydyň öňki ýaly ähmiýeti bolmaýar (Ýew. 11:1). Söýginiň ebedi galýandygy üçin, ol imandan we umytdan uludyr.

15:29 — «Ölüler üçin çokundyrylmak» nämäni aňladýar? Pawlus bu aýatda diri adamlaryň suwda çokundyrylmadyk ölen adamlar üçin çokundyrylmalydygyny aýtmady. Ol mesh edilen mesihçileriň ýaşaýyş ýoluna girýändigini we ölüp, gökde direlýänçä Hudaýa wepaly galmalydygyny aýtdy.

Biziň üçin sapak:

1:26—31; 3:3—9; 4:7. Biz özümizi ýokary tutman Ýehowa bilen pesgöwünli magtansak, ýygnagyň agzybirligine ýardam edýär.

2:3—5. Pawlus Korintosda grek filosofiýasynyň we taglymatlarynyň merkezinde wagyz edende, diňleýjileri ynandyryp biljekdigi hakynda aladalanyp bilerdi. Emma ol Hudaýyň beren ýumşuny ýerine ýetirmekde, biliminiň we zehininiň ýetmezçiligine, ejizligiň hem-de gorkynyň päsgel bermegine ýol bermedi. Şonuň ýaly nätanyş şertler we öwrenişilmedik ýagdaý Hudaýyň Patyşalygy hakynda hoş habary wagyz etmäge päsgel bermeli däl. Biz-de Pawlus resul ýaly, Ýehowanyň kömegine bil baglap bileris.

2:16. Bizde «Mesihiň pikiri» bolar ýaly, onuň pikirini bilmeli we Isa ýaly pikirlenmeli hem-de onuň häsiýetini gowy bilip, ondan görelde almaly (1 Pet. 2:21; 4:1). Şol sebäpli Isanyň durmuşyny we gullugyny ünsli öwrenmek örän wajypdyr!

3:10—15; 4:17. Biz şägirt taýýarlamakda üstünlikli bolar ýaly öwredijilik ukybymyzy barlamaly we kämilleşdirmeli (Mat. 28:19, 20). Biz şägirde gowy öwretmesek, ol imany synalanda berk durup bilmez. Biz bolsa ýüregiňi awadýan ýitgä sezewar bolup, «ot içinden geçen» ýaly gutularys.

6:18. «Ahlaksyzlykdan gaçmak» bu diňe porneýa sözüni aňladýan işlerden gaça durmagy däl-de, ahlaksyzlyga eltýän bihaýa zatlardan, ahlaksyz pikirlerden, jynsy gatnaşyk isleglerden we näz-kereşmeden gaça durmagy aňladýar (Mat. 5:28; Ýakup 3:17).

7:29. Är-aýal diňe biri-biriniň aladasyny etmek bilen, Hudaýyň Patyşalygyny ikinji orunda goýmaly däl.

10:8—11. Ysraýyllylar Musa we Haruna hüňňürdänlerinde, Ýehowanyň olara gaty gahary geldi. Biz hüňňürdemegi endik etmez ýaly seresap bolmaly.

16:2. Hudaýyň Patyşalyk işine näçe pul bermegi göz öňünde tutup, ony yzygiderli sowgat bersek, Patyşalyk işini doly goldap bileris.

«KÄMIL BOLUŇ»

(2 Kor. 1:1—13:14)

Öň günä edendigi sebäpli temmi berlen adama, indi toba edendigi üçin, Pawlus korintoslylara ony «bagyşlamagy, ruhlandyrmagy» maslahat berdi. Pawlusyň birinji haty olary gaýgylandyran bolsa-da, ol «toba üçin gaýgylanandyklaryna begenýärdi» (2 Kor. 2:6, 7; 7:8, 9).

Pawlus korintoslylary: «Ähli zatda bolşuňyz ýaly, bu haýyr işde-de üstün boluň» diýip ruhlandyrdy. Garşy çykanlaryň aýyplamalaryna jogap berenden soň, ol Korintosdaky mesihçilere: «Şatlykda boluň! Kämil boluň, aýdýanlaryma gulak asyň, pikirdeş boluň, parahat ýaşaň» diýip, iň soňky maslahaty berdi (2 Kor. 8:7; 13:11).

Sowallaryň jogaby:

2:15, 16 — Bize näme üçin «Mesihiň atyr ysy» diýse bolar? Sebäbi biz Mukaddes Ýazgylar boýunça ýaşaýarys we hoş habary wagyz edýäris. Bu «ys» erbet adamlar üçin ýaramaz bolsa-da, Ýehowa we akýürekli adamlar üçin ýakymly atyr ysy bolýar.

5:16 — Mesh edilen mesihçiler haýsy manyda «hiç kimi adam ölçeglerine görä tanamaýarlar»? Olar adamlara adam ölçeglerine görä seretmeýärler we baýlyga, jynsa, millete görä höküm çykarmaýarlar. Olar imandaşlary bilen ruhy gatnaşygyny gymmat saýýarlar.

11:1, 16; 12:11 — Pawlus resul korintoslylar bilen özüni, dogrudanam akylsyz alyp bardymy? Ýok. Emma Pawlus resullyk hukugyny goramaga mejbur bolandygy sebäpli, käbirine ol öwünjeň we özüni akylsyz alyp barýan ýaly göründi.

12:1—4 — Kim «behişde äkidildi»? Mukaddes Ýazgylarda şeýle görnüşi ýene-de bir adamyň görendigi barada aýdylmaýar. Bu sözleri Pawlus resullyk hukugyny gorandan soň aýdýar. Şol sebäpli ol özi hakynda aýdan bolmaly. Pawlus resul şu «soňky günlerde» mesihçi ýygnakdaky ruhy jenneti görýär (Dan. 12:4).

Biziň üçin sapak:

3:5. Bu aýatdan görnüşi ýaly, Ýehowa Sözi, mukaddes ruhy we ýer ýüzündäki guramasy arkaly bizi gulluk etmäge ýaramly edýär (Ýahýa 16:7; 2 Tim. 3:16, 17). Şol sebäpli Mukaddes Ýazgylary we oňa esaslanan edebiýatlary yhlasly öwrenmek, mukaddes ruh barada erjellik bilen doga etmek we ýygnak duşuşyklaryna yzygiderli baryp, oňa gatnaşmak wajypdyr (Zeb. 1:1—3; Luka 11:10—13; Ýew. 10:24, 25).

4:16. Ýehowa «içki adamymyzy günbe-günden täzeleýändigi» üçin, biz onuň berýän ähli zatlaryndan yzygiderli peýdalanmaly. Biz her gün ruhy zatlara üns bermeli.

4:17, 18. Biz muşakgatyň «wagtlaýyn, ýeňil» bolýandygyny unutmasak, synagda Ýehowa wepaly galmaga kömek eder.

5:1—5. Mesh edilen mesihçileriň gökde ýaşamak umydy, nähili owadan suratlandyrylan!

10:13. Bize kömek gerek ýerde gulluk etmek haýyş edilmese, diňe ýyganagymyza bellenen meýdanda wagyz etmeli.

13:5. Biz imandadygymyzy barlamak üçin Mukaddes Ýazgylar boýunça ýaşaýandygymyza göz ýetirmeli. Biz «özümizi synamak» üçin ruhy ýagdaýymyza baha bermeli. Biz özümize şeýle soraglar bermeli: «Meniň düşgürligim nähili? Men imanymy iş ýüzünde görkezýärinmi?» (Ýew. 5:14; Ýakup 1:22—25). Biz Pawlusyň şu maslahatyna eýersek, hakykat ýolunda durup bileris.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş