Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w08 15/7 sah. 17—21
  • Siz onuň nirede gögerjegini bilmeýärsiňiz

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Siz onuň nirede gögerjegini bilmeýärsiňiz
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2008
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Gorçisa tohumy baradaky mysal
  • Hamyrmaýa mysaly
  • Tor mysaly
  • Diňläň we düşüniň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2014
  • Siz Isanyň tymsallaryna düşünýärsiňizmi?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2014
  • Wagyz gullugynyň netijeleri — «Ekin meýdanlary... hasyl ýygymyna ýetişipdir»
    Hudaýyň Patyşalygy höküm sürýär!
  • Hudaýyň Patyşalygy baradaky mysallar
    Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2008
w08 15/7 sah. 17—21

Siz onuň nirede gögerjegini bilmeýärsiňiz

«Irden tohumyňy ek, agşama çenli eliňe dynç berme, çünki sen onuň... nirede gögerjegini bilmeýärsiň» (WAG. 11:6).

1. Näme üçin tohumyň ösüşi hakyky gudrat we näme üçin oňa syn edenimizde pesgöwünli bolýarys?

DAÝHAN sabyrly bolmaly (Ýakup 5:7). Ol tohumy ekenden soň gögermegine we ösmegine sabyrlylyk bilen garaşmaly. Eger başda şertler gowy bolsa, ekilen tohum ýeri ýaryp gögerip çykýar. Soňra olar ösüp, baş çykarýar we orak döwri gelýär. Ösümligiň ösüşi hakyky gudrat! Muny kimiň ösdürýändigine düşünsek, pesgöwünli bolarys. Biz tohumy ekip, suwaryp bilýäris, ýöne ony ösdürýän Hudaýdyr (1 Korintoslylar 3:6-y deňeşdiriň).

2. Geçen makaladaky mysallarda ruhy taýdan ösüş barada Isa näme öwretdi?

2 Geçen makalada belläp geçilişi ýaly, Isa Hudaýyň Patyşalygy barada wagyz işini daýhanyň tohum ekişi bilen deňedi. Dürli toprak baradaky mysalda Isa daýhanyň eken gowy tohumynyň ösüp ýetişmeginiň adamyň ýüregine baglydygyny belläp geçdi (Mar. 4:3—9). Biten tohum baradaky mysalda Isa uklan daýhanyň tohumyň nädip ösýändigine doly düşünmeýändigine üns berdi. Sebäbi tohumyň ösüşi ynsanyň edýän tagallasyna däl-de, Hudaýa baglydyr (Mar. 4:26—29). Geliň, indi Isanyň gorçisa tohumy, hamyrmaýa we tor baradaky üç mysalyna seredeliňa.

Gorçisa tohumy baradaky mysal

3, 4. Gorçisa mysalynda Hudaýyň Patyşalygynyň nämesine üns berilýär?

3 Markus kitabynyň dördünji babyndaky gorçisa mysalynda Patyşalyk baradaky habara seslenýän adamlaryň köpelmegi we olara nähili gorag berilýändigi barada aýdylýar. Isa şeýle diýdi: «Hudaýyň Patyşalygyny nämä meňzedeli ýa ony haýsy tymsal bilen düşündireli? Hudaýyň Patyşalygy gorçisa tohumy ýalydyr. Ýer ýüzünde topraga ekilýän ähli tohumlaryň iň maýdasy bolan bu tohum ekilenden soň ösüp, ähli ösümliklerden belent bolýar. Şeýle uly şahalar çykarýar welin, gögüň guşlary kölegesinde höwürtgeläp bilýärler» (Mar. 4:30—32).

4 Bu ýerde «Hudaýyň Patyşalygynyň» ösüşi suratlandyrylýar. Bu ösüşi hoş habaryň ýaýramagy we b. e. 33-nji ýylynyň Pentikost gününden başlap, mesihçi ýygnagynyň ösmegi güwä geçýär. Gorçisa agajynyň tohumy iň maýda tohum hasaplanýar (Luka 17:6-ny deňeşdiriň). Gorçisa ösüp ýetişende, onuň boýy 3—5 metre ýetip, şahalary berkäp, ol agaja meňzeýär (Mat. 13:31, 32).

5. I asyrda mesihçiler ýygnagy nähili derejede ösdi?

5 B. e. 33-nji ýylynda 120-ä golaý şägirt mukaddes ruh bilen mesh edilende mesihçiler ýygnagynyň ösüşi başlandy. Gysga wagtyň içinde bu şägirtleriň ýygnagyna müňlerçe akýürekli adamlar goşuldy. (Resullaryň işleri 2:41; 4:4; 5:28; 6:7; 12:24; 19:20-nji aýatlary okaň). Otuz ýylyň dowamynda hasyl orýanlaryň sany şeýle köpeldi welin, Pawlus resul Kolosedäki ýygnaga hoş habar «bütin ýaradylyşda wagyz edildi» diýdi (Kol. 1:23). Gör, nähili ajaýyp ösüş!

6, 7. a) 1914-nji ýyldan nähili ösüş başlandy? b) Geljekde nähili ösüş bolar?

6 1914-nji ýylda gökde Hudaýyň Patyşalygy berkarar edilenden bäri, gorçisa «agajynyň» şahalary örän ulaldy. Hudaýyň halky Işaýa pygamberiň: «Kiçiden müňlerçe, ujypsyzdan güýçli halk bolar» diýen sözleriniň ýerine ýetendigine göz ýetirdi (Iş. 60:22). XX asyryň başynda mesh edilenleriň kiçi topary hoş habary wagyz edenlerinde, 2008-nji ýylda 230-dan gowrak ýurtda we ýerde ýedi milliona golaý Güwäçileriň bu işe gatnaşjakdygyny göz öňüne getirip bilmeýärdiler. Isanyň gorçisa tohumynyň ösüşi baradaky mysaly, hakykatdan-da, bu täsin ösüşi gowy suratlandyrýar!

7 Bu ösüş bes edermi? Ýok. Gelejekde bütin ýer ýüzi Hudaýyň Patyşalygynyň raýatlaryndan dolar. Hudaýa garşy çykýanlaryň ählisi ýok ediler. Bu ynsan güýji arkaly bolmaz, sebäbi ýer ýüzüniň işlerine Älemiň Hökümdary Ýehowa goşular (Daniýel 2:34, 35-nji aýatlary okaň)b. Şonda biz Işaýanyň «deňziň suw bilen doluşy ýaly, ýer ýüzi Ýehowa baradaky bilimden dolar» diýen pygamberliginiň soňky gezek ýerine ýetişini göreris (Iş. 11:9).

8. a) Isanyň mysalyndaky guşlar kimi suratlandyrýar? b) Şu günler biz nämeden goragly?

8 Isa «gögüň guşlary (Patyşalygynyň) kölegesinde höwürtgelär» diýdi. Isanyň dürli görnüşli toprak mysalyndaky guşlardan tapawutlylykda, bu guşlar gowy tohumlary iýmeýär, şonuň üçin olar Patyşalygyň duşmanlaryny suratlandyrmaýar (Mar. 4:4). Bu mysaldaky guşlar mesihçi ýygnagyndan pena gözleýän akýürekli adamlary görkezýär. Olar eýýäm şu günler zalym dünýäniň ruhy zyýanly endiginden we hapa işlerinden goragly (Işaýa 32:1, 2-ni deňeşdiriň). Ýehowa hem Patyşaly agaja meňzedip: «Men ony Ysraýylyň belent dagynda ekerin. Ol şaha çykaryp, miwe berer we uly kedr agajy bolar. Onuň aşagynda ähli guşlar ýaşar we ýapraklarynyň penasynda mesgen tutar» diýip pygamberlik etdi (Ezek. 17:23).

Hamyrmaýa mysaly

9, 10. a) Isa hamyrmaýa mysaly arkaly nämäni görkezmek isledi? b) Mukaddes Ýazgylarda köplenç hamyrmaýa nämäni aňladýar we biz haýsy soraga serederis?

9 Ynsan gözi bilen ösüşi hemişe görüp bolmaýar. Muny Isa indiki mysalynda görkezýär. Ol şeýle diýdi: «Gökleriň Patyşalygy bir aýalyň alyp, bütin hamyr turşaýança, üç çanak una goşan hamyrmaýasy ýalydyr» (Mat. 13:33). Hamyrmaýa nämäni aňladýar we bu mysalyň Hudaýyň Patyşalygynyň ösüşi bilen näme baglanyşygy bar?

10 Mukaddes Ýazgylarda köplenç hamyrmaýa günäni aňladýar. Pawlus resul I asyrda bir günäli adamyň Korintosdaky ýygnaga ýetirýän zyýanyny hamyrmaýa meňzetdi (1 Kor. 5:6—8). Isanyň mysalyndaky hamyrmaýa bir erbet zady görkezýärmi?

11. Gadymy Israýylda hamyrmaýa nähili ulanylýardy?

11 Bu soraga jogap bermezden öň, üç zady göz öňünde tutmaly. Birinjiden, Ýehowa Pasha baýramy döwründe hamyrmaýany ulanmaga rugsat bermese-de, başga wagtlary hamyrmaýa garylan sowgatlary, parahatlyk gurbanlary bilen bile kabul edýärdi. Bu gurbanlar Ýehowanyň jomartlyk bilen berýän bereketlerine minnetdarlyk bildirmek üçin meýletin berilýärdi. Bu gurban berilýän wagty iýip-içmek şatlyklydy (Lew. 7:11—15).

12. Mukaddes Ýazgylarda sözüň dürli manyda ulanylyşyndan nähili netijä gelse bolar?

12 Ikinjiden, Mukaddes Ýazgylarda käbir sözler käte erbet manyda, käte gowy manyda ulanylýar. Meselem, 1 Petrus 5:8-de Şeýtan adamlara howp salýan arslana meňzedilýär. Emma Ylham 5:5-de Isa «Ýahuda taýpasyndan... bolan Arslan» diýilýär. Bu ýerde arslan batyrgaýlyk bilen adalatlygy goraýany aňladýar.

13. Isa hamyrmaýa mysaly arkaly şägirtleriň ruhy taýdan ösüşiniň haýsy aýratynlygyny görkezdi?

13 Üçünjiden, Isa mysalynda hamyrmaýanyň hamyry tutuş zaýa edendigini aýtmady. Ol çöregiň edilişini görkezdi. Aýal hamyra ýörite hamyrmaýa goşýar we bu gowy netije berýär. Hamyrmaýa köp mukdarly una garylýar. Şol sebäpli aýal hamyryň nähili turşaýanyny görüp bilmeýär. Bu mysal bize tohum ekip, uklamaga giden daýhany ýatladýar. Isa: «Tohum biter, öser. Ol [adam] munuň nähili bolýanyny bilmez» diýdi (Mar. 4:27). Isa şägirtleriň göze görünmeýän ruhy taýdan ösüşini ýönekeý suratlandyrdy. Biz bu ösüşiň başda nähili bolýandygyny görmesek-de, soňunda miwesini görýäris.

14. Hamyrmaýa mysalynda Patyşalyk baradaky wagyz işiniň haýsy aýratynlygyna üns berilýär?

14 Ruhy taýdan ösüş diňe bir göze görünmän, ol bütin ýer ýüzüne ýaýraýar. Isa hamyrmaýa mysalda hem şuňa üns berýär. «Üç çanak una» goşulan hamyrmaýa bütin hamyry turşadýar (Luka 13:21). Hudaýyň Patyşalygy baradaky wagyz işi hamyrmaýa ýaly şägirtleriň sanyny artdyrýar we häzir Patyşalyk baradaky habar «ýeriň tä soňuna çenli» wagyz edilýär (Res. iş. 1:8; Mat. 24:14). Şeýle ajaýyp wagza gatnaşyp, Patyşalyk işiniň ösmegine goşant goşmak uly hormatdyr!

Tor mysaly

15, 16. a) Tor mysalyny gürrüň beriň. b) Tor nämäni aňladýar we Isa Patyşalygyň ösüşiniň haýsy aýratynlygyny görkezdi?

15 Şägirtleriň sany däl-de, olaryň ýaramly häsiýetleri wajypdyr. Isa Patyşalygyň ösüşiniň bu aýratynlygyny tor mysaly arkaly görkezdi. Ol: «Ýene Gökleriň Patyşalygy deňze taşlanyp, her hili balygy ýygnan tor ýalydyr» diýdi (Mat. 13:47).

16 Patyşalyk baradaky wagyz işini suratlandyrýan tora «her hili balyklar» düşýär. Isa şeýle diýdi: «Tor dolanda, ony kenara çekýärler-de, oturyp, oňat balyklary gaplara salýarlar, erbetlerini hem taşlap goýberýärler. Döwrüň soňunda hem şeýle bolar. Perişdeler gelip, erbetleri dogry adamlardan aýryp, küräniň oduna taşlarlar; ol ýerde agy we diş gyjama bolar» (Mat. 13:48—50).

17. Tor mysalyndaky bölünişik haýsy döwre degişli?

17 Bu bölünişik Isanyň şöhrat bilen gelip, goýunlary geçilerden saýlap, olary gutarnykly höküm etjekdigini aňladýarmy? (Mat. 24:31—33). Ýok. Sebäbi Isa uly muşakgatda gelip, gutarnykly höküm eder. Tor mysalynda aýdylýan bölünişik bolsa, «döwrüň soňunda» bolmalyc. Bu uly muşakgatyň öň ýanyndaky biziň häzirki ýaşaýan günlerimizi aňladýar. Bölünişik nähili geçirilýär?

18, 19. a) Şu günler bölünişik işi nähili geçirilýär? b) Akýürekli adamlaryň ählisi näme etmeli? (Çykgyda serediň).

18 Şu günler göçme manydaky balyklar millionlarça ynsanlar adamzat «deňzinden» Ýehowanyň ýygnagyna düşýär. Olaryň käbiri Ýatlama agşamyna gelýär, käbiri ýygnak duşuşyklaryna gatnaşýar, käbiri bolsa Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçip başlaýar. Emma olaryň hemmesi mesihçi bolarmy? Olary «kenara çekselerde», Isanyň aýtmagyna görä, diňe «oňat balyklar» mesihçiler ýygnagyny aňladýan gaplara salynýar. Erbet balyklar bolsa taşlaýarlar, ahyrynda zalym dünýä ýok edilende, göçme manydaky «küräniň oduna» taşlanar.

19 Köp adamlar Ýehowanyň Güwäçileri bilen öň Mukaddes Ýazgylar okuwyny başlap, soňra wagtyň geçmegi bilen taşladylar. Käbiri mesihçi maşgalada terbiýelense-de, Isanyň şägirdi bolmadylar. Belki, şeýle adamlar Ýehowa gulluk etmek islän däldirler ýa-da Güwäçi bolup, soňra gulluk etmegini bes edendirler (Ezek. 33:32, 33)d. Görşümiz ýaly, soňky höküm güni gelmezden öň akýürekli adamlaryň ählisi ýygnaklary aňladýan gaplara salynmaly we şol howpsuz ýerde galmaly.

20, 21. a) Biz Isanyň Patyşalygyň ösüşi baradaky mysallaryndan näme öwrendik? b) Siz näme etmegi ýüregiňize düwdüňiz?

20 Biz Isanyň Patyşalygyň ösüşi baradaky mysallaryndan näme öwrendik? Birinjiden, gorçisa tohumynyň ösüşi ýaly şu günler ýer ýüzünde Hudaýyň Patyşalygy baradaky habara seslenýän adamlaryň sany örän köpelýär. Ýehowanyň işini hiç zat togtadyp bilmez! (Iş. 54:17). Galyberse-de, gorçisa «agajynyň» kölegesinde gizlenýänler ruhy taýdan goragly. Ikinjiden, biz Hudaýyň ösdürýändigini bildik. Una «goşulan» hamyrmaýanyň bütin hamyry turşadyşy ýaly, bu ösüş hemişe göze görünmese-de, ol bolýar. Üçünjiden, hoş habara seslenýänleriň ählisi «oňat balyk» bolmaz. Isanyň aýtmagyna görä, olaryň käbiri erbet balyk bolar.

21 Şeýle ençeme «oňat balyklary» Ýehowanyň guramasyna çekýändigini görmek, örän ruhlandyrýar! (Ýahýa 6:44). Her bir ýurtda täsin ösüş bolýar. Bu ösüş Ýehowa Hudaýy şöhratlandyrýar. Bu ösüşe syn edip, Mukaddes Ýazgylardaky: «Irden tohumyňy ek... çünki sen onuň bu ýerde ýa-da ol ýerde, nirede gögerjegini bilmeýärsiň, belki olaryň ikisi-de gögerer» diýen tabşyrygy ýerine ýetirmegi ýüregimize berk düweliň (Wag. 11:6).

a 1992-nji ýylyň iýun aýynyň 15-ine çykan «Garawul diňi» (rusça) žurnalynyň 17—22-nji sahypalaryndaky we 1975-nji ýylyň oktýabr aýynyň 1-ine çykan «Garawul dini» (iňlisçe) žurnalynyň 589—608-nji sahypalarynda Isanyň bu mysallary başgaça düşündirilipdi.

b Daniýel 2:34, 35: «Sen, bir daşyň el degirmezden döwlüp aýrylýança we heýkeliň demirden hem-de toýundan bolan dabanyna urup, çym-pytrak edýänçä seretdiň. Şol wagt demir, toýun, mis, kümüş, altyn — ählisi çym-pytrak boldy we tomus harmandaky samany ýaly boldular; ýel olary alyp gitdi, şeýdip, olardan hiç bir yz galmady. Heýkele uran daş bolsa, beýik dag boldy we bütin ýeri doldurdy».

c Matta 13:39—43-nji aýatlarda Patyşalyk baradaky wagyz işiniň başga aýratynlygyna üns berilse-de, onda beýan edilýän wakalar tor mysalyndaky wakalar ýaly «döwrüň soňunda» berjaý bolýar. Göçme manydaky balyklaryň bölünmegi, tohum ekmek we orak möwsümi ýaly uzak wagty öz içine alýan şol bir döwürde bolýar (2000-nji ýylyň oktýabr aýynyň 15-ine çykan «Garawul diňi» (rusça) žurnalynyň 25, 26-njy sahypalary; «Ýalňyz hak Hudaýa sežde ediň», 178—181-nji sahypalary, abzas 8—11.

d Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçmegini bes eden ýa-da Ýehowanyň halky bilen gatnaşygyny goýan adamy perişdeler erbet hasaplap taşlap goýberýärmi? Ýok. Eger kimdir biri ýürekden Ýehowa dolanmak islese, ony kabul eder (Mal. 3:7).

Siz nähili jogap berersiňiz?

• Gorçisa tohumy mysalyndan wagyz işiniň ösüşi we ruhy taýdan gorag barada näme öwrendik?

• Isanyň mysalyndaky hamyrmaýa nämäni aňladýar we Isa wagyz işiniň ösüşi barada nämä üns berdi?

• Tor mysalynda Isa Patyşalygyň ösüşiniň haýsy aýratynlygyny belläp geçdi?

• Biz «gaplara salynýanlaryň» arasyndadygymyza nädip göz ýetirmeli?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş