Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w08 15/8 sah. 7—11
  • Siziň ýüregiňiz Ýehowa doly wepaly bolsun

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Siziň ýüregiňiz Ýehowa doly wepaly bolsun
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2008
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • «Men saňa sowgat berjek»
  • «Kaýyl boluň»
  • Garry pygamber «ony aldady»
  • Ol garry pygamber bilen yzyna dolandy
  • Pesgöwünli boluň
  • Ýehowa wepaly galyň
  • Ýehowa takwalaryny terk edýän däldir
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2008
  • Patyşalyk ikä bölünýär
    Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2008
w08 15/8 sah. 7—11

Siziň ýüregiňiz Ýehowa doly wepaly bolsun

«Seniň hakykatyňda gezeýin; adyňdan gorkar ýaly, ýüregimi ýeke Özüňe bagla» (ZEB. 86:11).

1, 2. a) Zebur 86:2, 11-nji aýatlara görä, synaglarda Ýehowa wepaly galmaga näme kömek eder? b) Ýüregimiz Ýehowa doly wepaly bolar ýaly, biz ony haçan berkitmeli?

KÄBIR mesihçiler yzarlamalara we tussag edilmegine garamazdan, ençeme ýyl Ýehowa wepaly galyp, soňra näme üçin baýlygyň duzagyna düşdüler? Köplenç, muňa adamyň ýüregi günäkärdir. 86-njy mezmura görä, wepalylyk ýürege, ýagny ikigöwünli däl ýürege bagly. Mezmurçy Dawut şeýle doga edýär: «Janymy gora, çünki men hudaýhon; Sen, eý Hudaýym, Özüňe bil baglan bendäňi gutar. Ýa Reb, ýoluňy maňa öwret, Seniň hakykatyňda gezeýin; adyňdan gorkar ýaly, ýüregimi ýeke Özüňe bagla» (Zeb. 86:2, 11).

2 Biz bütin ýüregimiz bilen Ýehowa bil baglamasak, onda ol başga zatlaryň aladasyny edip, hak Hudaýa doly wepaly bolmaz. Diňe özüňi bilmeklik, ýolumyzdaky mina ýalydyr. Biz agyr synaglarda Hudaýa wepaly galsak-da, soňra Şeýtanyň duzagyna düşüp bileris. Synaglara duçar bolmazdan öň, ýüregimiziň häzirden Ýehowa doly wepaly bolmagy wajypdyr! Mukaddes Ýazgylarda «bar zadyňdan ilki ýüregiňi gora» diýilýär (Sül. tym. 4:23). Bu babatda Ysraýyl patyşasy Ýeroboamyň ýanyna Ýehowanyň iberen ýahudaly pygamberiniň mysalyndan wajyp sapak edinse bolar.

«Men saňa sowgat berjek»

3. Hudaýyň pygamberiniň aýdan gazaply habary Ýeroboama nähili täsir etdi?

3 Ysraýylyň demirgazyk on taýpaly patyşalygynda sežde etmek üçin göle ýasan Ýeroboam patyşa Hudaýyň pygamberi gazaply habary aýdýar. Patyşa gahar-gazaba münüp, ony tutmagy buýurýar. Emma Ýehowa gullukçysyny goraýar. Şol wagt patyşanyň pygambere uzadan eli guraýar we ýalan taňrylara gurban berilýän ýer ikä bölünýär. Birden Ýeroboam özüni başgaça alyp barýar. Ol pygambere: «Haýyş edýärin, elim sagalar ýaly meniň üçin dogap edip, Ýehowa Hudaýyňyň ýüzüni ýumşat» diýip ýalbarýar. Pygamber doga edýär we Ýeroboamyň «eli öňküsi ýaly bolýar» (3 Pat. 13:1—6).

4. Näme üçin patyşanyň teklibi pygamberiň wepalylygyny synap bilerdi? b) Pygamber patyşa nähili jogap berdi?

4 Soňra Ýeroboam hak Hudaýyň pygamberine: «Ýör, öýe baryp naharlanaly, men saňa sowgat berjek» diýdi (3 Pat. 13:7). Indi, pygamber näme eder? Ol Ýehowanyň höküm habaryny aýdansoň, patyşanyň çakylygyny kabul etmelimi? (Zeb. 119:113). Ýa-da patyşa toba eden ýaly görünse-de, çakylykdan ýüz öwürmelimi? Ýeroboam özüniň hoşamaýlygyny gazanan adama gymmat baha sowgat berip bilýärdi. Pygamberiň ýüreginde baýlyga bolan höwes bolsa, onda patyşanyň teklibi oňa uly synag bolardy. Emma Ýehowa oňa: «Çörek iýme, suw içme we baran ýoluň bilen yzyňa dolanma» diýip tabşyrdy. Pygamber Ýeroboama: «Sen hatda öýüň ýarysyny maňa berseň-de, men seniň bilen gitmerin, bu ýerde çörek iýip, suw içmerin» diýip, pert jogap berdi. Pygamber Beýtelden başga ýol bilen gaýtdy (3 Pat. 13:8—10). Biz pygamberiň Hudaýa bolan wepalylygyndan nähili sapak edinip bileris? (Rim. 15:4).

«Kaýyl boluň»

5. Näme üçin baýlyga bolan söýgi wepalylygymyz bilen göni baglanyşykly diýse bolar?

5 Baýlyk wepalylyga hiç hili täsir etmeýän ýaly görünse-de, aslynda, beýle däl. Biz Ýehowanyň gerekli zatlar bilen üpjün etjek diýip beren wadasyna ynanýarysmy? (Mat. 6:33; Ýew. 13:5). Häzir käbir zatlar elýeterden ýokary bolsa, şolarsyz ýaşap bilerismi? (Filipililer 4:11—13-nji aýatlary okaň). Biz almak isleýän zatlarymyza tiz ýetmek üçin, teokratik işlerinden boýun gaçyrýarysmy? Ýehowa gulluk etmek durmuşymyzda birinji orunda durýarmy? Bu soraglara berýän jogabymyz, köplenç, Ýehowa ýürekden gulluk etmegimize bagly. Pawlus resul şeýle ýazdy: «Baryňa kaýyl bolup, Hudaýyň ýolundan ýöremek uly gazançdyr. Çünki biz dünýä hiç bir zat getirmedik, hiç bir zat hem äkidip bilmejegimiz bellidir. Iýmäge, geýmäge zadymyz bar bolsa, bulara kaýyldyrys» (1 Tim. 6:6—8).

6. Bize nähili «sowgatlar» hödürlemekleri mümkin we olary kabul etmek meselesinde bize näme kömek eder?

6 Aýdaly, başlygyňyz size ýokary wezipe, gowy aýlyk we goşmaça ýeňillikler bermegi söz berýär. Ýa-da siz daşary ýurda, başga şähere gidip, gowy iş tapyp, uly gazanç ederin öýtmegiňiz mümkin. Başda şeýle mümkinçilikler Ýehowanyň berýän berekedi ýaly görnüp biler. Emma bu meselelerde belli bir karara gelmezden öň, maksatlarymyzy barlap görmeli. Ilki bilen, biz özümize şeýle sorag bermeli: «Meniň gelen kararym Ýehowa bilen gatnaşygyma nähili täsir eder?»

7. Näme üçin ýüregimizdäki baýlyga bolan höwesi köki bilen sogurmaly?

7 Zalym dünýä bizi hemişe baý bolmaga höweslendirýär (1 Ýahýa 2:15, 16-njy aýatlary okaň). Iblisiň maksady biziň ýüregimizi eýelemek. Şol sebäpli, ýürekdäki baýlyga bolan höwesi saýgaryp, ony köki bilen sogurmaly (Ylh. 3:15—17). Şeýtan «dünýäniň bütin patyşalyklaryny» Isa hödürlände, oňa ret etmek kyn bolmady (Mat. 4:8—10). Isa şägirtlerine: «Habardar boluň! Özüňizi her hili betnebislikden goraň, çünki biriniň ýaşaýşy onuň mal-mülküniň bollugyna bagly däldir» diýip duýdurdy (Luka 12:15). Wepalylyk özümize däl-de, Ýehowa bil baglamaga kömek eder.

Garry pygamber «ony aldady»

8. Hudaýyň pygamberiniň wepalylygy nädip synaldy?

8 Hudaýyň pygamberi öz ýoluny dowam etdiren bolsa, ähli zat gowy bolardy. Emma ol Beýtelden giden badyna, ýene-de bir synaga duçar bolýar. Mukaddes Ýazgylarda şeýle diýilýär: «Beýtelde bir garry pygamber ýaşaýardy. Onuň ýanyna ogullary gelip, şol gün Beýtelde hak Hudaýyň pygamberiniň eden ähli işleri barada gürrüň berdiler». Ol ogullaryny diňländen soň, eşegine münüp, Hudaýyň pygamberiniň yzyndan gitdi. Ol uly agajyň aşagynda oturan pygamberi tapyp, oňa: «Ýör, meniň öýüme baryp çörek iýeli» diýdi. Hak Hudaýyň pygamberi onuň çakylygyny kabul etmeýär. Şonda garry pygamber: «Men hem seniň ýaly pygamber. Perişde maňa Ýehowanyň sözüni aýdyp, şeýle diýdi: «Çörek iýip, suw içer ýaly ony öýüňe dola». Emma «ol ony aldady» (3 Pat. 13:11—18).

9. Mukaddes Ýazgylarda mekir adamlar barada näme diýilýär we olar kime zyýan ýetirýär?

9 Biz garry pygamberiň nämä esaslanandygyny bilmeýäris, ýöne onuň aýdan sözleri ýalandy. Belki, ol bir wagt Ýehowanyň wepaly pygamberi bolandyr. Emma şu wagt ol ýalan sözledi. Bu bolsa Mukaddes Ýazgylarda ýazgarylýar (Süleýmanyň tymsallary 3:32-ni okaň). Mekir adamlar diňe bir özüne däl, başgalara-da ruhy taýdan zyýan ýetirýär.

Ol garry pygamber bilen yzyna dolandy

10. Hudaýyň pygamberi garry pygamberiň çakylygyna nähili seslendi we netijede näme boldy?

10 Ýahudaly pygamber garry pygamberiň aldandygyna düşünmelidi. Ol özüne şeýle soraglar berip bilerdi: «Ýehowa maňa täze görkezme bermäge näme üçin perişdesini başga adamyň ýanyna iberdi?» Pygamber bu görkezmäni anyklamak üçin Ýehowa ýüzlenip bilerdi. Emma Mukaddes Ýazgylarda onuň Hudaýa doga edip, görkezme sorandygy barada aýdylmaýar. Gaýtam, «ol çörek iýmek we suw içmek üçin onuň (garry pygamberiň) öýüne dolandy». Bu Ýehowa ýaramady. Aldanan pygamber ýene-de Ýahuda gitmek üçin ýola düşende, «ýolda onuň üstüne ýolbars topulyp, ony öldürdi». Pygamberiň durmuşy we gullugy şeýle pajygaly tamamlandy! (3 Pat. 13:19—25)a.

11. Ahiýa nähili gowy görelde görkezdi?

11 Ýeroboamy patyşa edip bellemek üçin Ýehowanyň iberen Ahiýa pygamberi bolsa, ömrüniň ahyryna çenli wepaly galdy. Ýeroboam keselli oglunyň ýagdaýyny bilmek üçin, garrap, kör bolan Ahiýanyň ýanyna aýalyny iberýär. Ol Ýeroboamyň oglunyň öljekdigi baradaky Ýehowanyň sözüni batyrgaýlyk bilen aýdýar (3 Pat. 14:1—18). Ýehowa Ahiýa wepaly gulluk edeni üçin, jomartlyk bilen ak pata berdi. Meselem, ol Hudaýyň Sözüniň ýazylmagyna goşant goşdy. Nädip? Ezra ruhany Mukaddes Ýazgylary ýazanda Ahiýanyň ýazgylaryny ulandy (2 Tar. 9:29).

12—14. a) Ýahudaly pygamber bilen bolan wakadan näme öwrenýäris? b) Ýaşulularyň Mukaddes Ýazgylaryň esasynda berýän maslahaty barada doga edip, çuňňur oýlanmagyň wajypdygyny mysallaryň üsti bilen gürrüň beriň.

12 Mukaddes Ýazgylarda ýahudaly pygamberiň garry pygamberiň öýüne dolanyp, iýip-içmezden öň, näme üçin Ýehowadan görkezme soramandygy barada aýdylmaýar? Belki, ol garry pygamberden eşitmek isleýän zadyny eşidendir. Biz mundan nähili sapak edinip bileris? Ýehowanyň talaplarynyň bize peýdalydygyna doly ynanmaly. Nähili bolaýanda-da, biz olara doly eýermeli.

13 Käbir mesihçilere maslahat berlende, olar eşitmek isleýän zatlaryny eşidýärler. Aýdaly, wagyzça iş teklip edilýär. Emma ol iş maşgalasyna we ruhy işlerine sarp edýän wagtyny alýar. Ol bu mesele barada ýaşula ýüz tutýar. Ýaşuly ony diňländen soň, başda doganyň maşgalasyny nähili eklemelidigi barada anyk bir zat aýtmaga hakly däldigini düşündirýär. Soňra ýaşuly dogana teklip edilen işiň ruhy taýdan ýetirjek zyýanlaryna üns berýär. Dogan ýaşulynyň aýdan ilkinji sözlerine üns berermi ýa-da soňky sözlerine? Dogan her taraplaýyn çuňňur oýlanyp görmeli we ruhy taýdan peýda getirjek karara gelmeli.

14 Ýene-de bir mysala seredeliň. Bir uýa ýaşulydan mesihçi bolmadyk ärinden aýry ýaşasa bolýarmy, diýip soraýar. Ýaşuly bu meseläni onuň özi çözmelidigini aýdar. Soňra ýaşuly bu barada Mukaddes Ýazgylarda nähili maslahat berlendigine üns berer (1 Kor. 7:10—16). Uýa ýaşulynyň sözleri hakynda çuňňur oýlanarmy? Ýa-da ol ýaşuly bilen maslahatlaşmazdan öň, eýýäm, belli bir karara geldimi? Ol belli bir karara gelmezden öň, ýaşulynyň Mukaddes Ýazgylar esasynda beren maslahaty barada doga edip, oýlanmaly.

Pesgöwünli boluň

15. Biz Hudaýyň pygamberiniň eden ýalňyşyndan nämä öwrenýäris?

15 Biz ýahudaly pygamberiň eden ýalňyşyndan näme öwrenip bileris? Süleýmanyň tymsallary 3:5-de: «Rebbe bütin ýüregiň bilen bil bagla, öz düşünjäňe daýanma» diýilýär. Ýahudaly pygamber öňküsi ýaly Ýehowa bil baglaman, özüne daýandy. Ol ýalňyşyp, janyndan mahrum boldy we Hudaýyň öňünde ýagşy adyny ýitirdi. Gör, nähili täsirli mysal! Bu özüňe göwnüýetijilikden gaça durup, Ýehowa wepaly gulluk etmegi öwredýär.

16, 17. Ýehowa wepaly galmaga bize näme kömek eder?

16 Diňe özüňi bilmeklik islegi döredýän ýürek aldawçydyr. «Ýürek aldawçy we paýhassyzdyr» (Ýerem. 17:9). Ýehowa wepaly galmak üçin, tekepbirlik we özüňe göwnüýetijilik häsiýetli köne ýaradylyşy egnimizden çykarmaga jan etmeli. Biz «çyn dogrulyk hem mukaddeslikde Hudaýyň meňzeşliginde döredilen täze ýaradylyşy geýinmeli» (Efesliler 4:22—24-nji aýatlary okaň).

17 Süleýmanyň tymsallary 11:2-de: «Akyldarlyk bolsa pesgöwünliler bilendir» diýilýär. Biz pesgöwünli bolup Ýehowa bil baglasak, uly ýalňyşlardan gaça durarys. Meselem, biz ruhdan düşen ýagdaýymyzda, paýhasly karara gelip bilmeýäris (Sül. tym. 24:10). Biz mukaddes gullugyň käbir görnüşlerinden ýadap, men ençeme ýylyň dowamynda köp iş etdim, indi bu ýüki başgalaryň götermeli wagty geldi diýip, pikir etmegimiz mümkin. Ýa-da bizde «adaty» durmuşda ýaşamak islegi döräp biler. Emma biz «Rebbiň işinde yhlasly bolmaga» çalyşsak, ýüregimizi gorarys (Luka 13:24; 1 Kor. 15:58).

18. Biz belli bir karara gelip bilmesek, näme etmeli?

18 Biz käwagt kyn meseleleri çözmeli bolýarys we käte anyk näme etmelidigini bilmeýäris. Şonda meseläni öz garaýşymyz boýunça çözmek islegi döräp biler. Emma şeýle ýagdaýlarda hemişe Ýehowadan görkezme soaramaly. Ýakup 1:5-de: «Siziň biriňize akyldarlyk ýetmezlik edýän bolsa, ol hemmelere jomartlyk bilen... berýän Hudaýdan dilesin» diýilýär. Gökdäki Atamyz bize dogry karara gelmek üçin mukaddes ruhuny berer (Luka 11:9, 13-nji aýatlary okaň).

Ýehowa wepaly galyň

19, 20. Biz näme etmegi berk ýüregimize düwmeli?

19 Süleýman hakyky seždeden ýüz öwrende, Hudaýyň gullukçylarynyň wepalylygyny synaýan agyr ýyllar başlandy. Birnäçe adamlar synaga döz gelmedi. Emma Ýehowa wepaly galanlar hem boldy.

20 Biz her gün kararlara gelenimizde ýa-da käbir zatlary saýlanymyzda wepalylygymyz synalýar. Biz hem gadymy döwürdäki wepaly gullukçylar ýaly Ýehowa wepaly galyp bileris. Geliň, hemişe ýüregimizi baglap, Ýehowa wepaly galalyň! Wepaly gullukçylaryna Ýehowanyň mundan beýläk hem ak pata berjekdigine ynamly boluň! (2 Pat. 22:26).

a Mukaddes Ýazyglarda Ýehowanyň garry pygambere ölüm jezasyny berendigi barada hiç zat aýdylmaýar.

Siz nähili jogap berersiňiz?

• Baýlyga bolan ýürekdäki höwesi näme üçin köki bilen sogurmaly?

• Ýehowa wepaly galmaga bize näme kömek eder?

• Pesgöwünlilik Hudaýa wepaly galmaga nädip kömek eder?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş