Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • my hek. 93
  • Isa köp adamlary doýurýar

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Isa köp adamlary doýurýar
  • Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
  • Meňzeş maglumat
  • Birnäçe çörek we balyk bilen müňlerçe adam doýýar
    Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
  • Isa köp adamlary doýurdy
    Mukaddes Kitapdan sapaklarym
  • Isa bizi nädip goraýar?
    Beýik Mugallymdan öwreniň
  • Tebigy betbagtçylygyň hötdesinden gelýän hökümdar
    Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
Başgalary
Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
my hek. 93

93-NJI HEKAÝA

Isa köp adamlary doýurýar

GORKUNÇ waka boldy. Isany suwda çokundyran Ýahýany ýaňyja öldürdiler. Patyşanyň aýaly Hirodiýa Ýahýany ýigrenip, onuň kellesini aldyrtdy.

Isa muňa gynanyp, bir çola ýere gidýär. Adamlar hem onuň yzyndan barýar. Isa adamlary görüp, ýüregi awaýar. Ol Hudaýyň patyşalygy barada gürrüň berip, syrkawlary sagaldýar.

Şol agşam şägirtleri Isanyň ýanyna gelip: «Indi giç boldy. Biz çola ýerde. Adamlary goýber, ýakyndaky obalara gidip, özlerine çörek satyn alsynlar» diýdi.

Emma Isa olara: «Olar gitmesin, gaýtam, siz olara iýmäge zat beriň» diýýär. Soňra Filipusdan: «Adamlary doýurmak üçin çöregi nireden satyn alarys?» diýip soraýar.

Filipus Isa: «Her kime biraz çörek ýeter ýaly köp pul gerek bolar» diýýär. Şonda Andreas: «Çöregimizi göterýän oglanda bäş çörek bilen iki balyk bar. Ýöne şeýle köp adama ýetmezmikä diýýän?» diýýär.

Şonda Isa adamlara otuň üstünde oturmagy buýurýar. Isa Hudaýa sagbolsun aýdyp, çörekleri bölüşdirýär. Şägirtleri bolsa çörekleri we balyklary adamlara paýlaýar. Şol ýere 5 000 sany erkek adam we müňden hem köp aýallar we çagalar ýygnanypdy. Olaryň hemmesi doýýançalar iýdiler. Şägirtler artyp galan çörekleri ýygnanda, 12 sany sebet dolýar!

Soňra şägirtler Isanyň haýyşy boýunça Jelile deňzinden geçmek üçin gaýyga münýärler. Gije güýçli şemal turup, gaýygy eýläk-beýläk çaýkaýar. Şägirtler muňa gaty gorkýarlar. Daňdana golaý, suwuň ýüzünde ýöräp gelýän adamy görýärler. Olar muňa düşünmän, gorkudan ýaňa gygyrýarlar.

Isa: «Bu men, gorkmaň» diýip, olary köşeşdirýär. Olar bolsa ynanmaýar. Şonda Petrus: «Ýa Reb, bu sen bolsaň, maňa suwuň ýüzi bilen ýanyňa barmagy buýur» diýýär. Isa oňa: «Gel» diýýär. Petrus gaýykdan düşüp, suwuň ýüzünde ýöreýär. Emma birdenkä Petrus gorkup, suwa gark bolup başlaýar. Ýöne Isa ony halas edýär.

Soňra Isa ýene-de müňlerçe adamy doýurýar. Bu gezek ol ýedi çörek we birnäçe balyjak bilen doýurýar. Çörek bu gezek hem hemmelere artygy bilen ýetýär. Isanyň adamlar barada edýän aladasy seni haýran galdyranokmy? Hudaýyň Patyşalygynda biz hiç zadyň aladasyny etmeris!

Matta 14:1—32; 15:29—38; Ýahýa 6:1—21.

Öwrenmek üçin soraglar

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş