83-NJI SAPAK
Isa köp adamlary doýurdy
Biziň eramyzyň 32-nji ýylydy. Pasha baýramy ýetip gelýärdi. Şägirtler wagyzdan ýadap geldiler. Isa şägirtleri bilen dynç almak üçin gaýyga münüp Betsaýda gaýtdy. Ýöne kenara ýetip gelýärkäler, Isa köp adamyň üýşendigini gördi. Ol dynç almak islese-de, kesel adamlary sagaltdy we köp zatlary öwretdi. Irdenden agşama çenli Hudaýyň Patyşalygy barada gürrüň berdi. Agşamlyk şägirtler Isanyň ýanyna gelip: «Adamlar ajygypdyr. Olar gidip, iýmäge zat satyn alsynlar» diýdi.
Isa şägirtlerine: «Olar gitmesin, iýmäge zady siz beriň» diýdi. Şägirtler bolsa: «Adamlara iýmäge zady biz satyn alalymy?» diýdi. Filipus atly şägirt: «Bärde adam gaty köp. Munça adama çörek almaga pulumyz ýetmez» diýdi.
Isa olardan: «Iýmäge näme bar?» diýip sorady. Andreas: «Bäş çörek bilen iki balyk bar. Ol-a hiç kime ýetmez» diýdi. Isa: «Balyk bilen çörekleri getiriň» diýdi. Soňra adamlary otuň üstünde oturtdy. Olar topar-topar bolup oturdylar. Käbir toparlarda 50 adam, käbirinde bolsa 100 adam bardy. Isa balyk bilen çörekleri eline aldy. Ýokaryk seredip, Ýehowa doga etdi. Soň şägirtlerine berdi. Şägirtler adamlara balyk bilen çöregi paýladylar. Şol ýerde 5 000 erkek adam bardy. Ondan başga-da aýallar, çagalar hem bardy. Hemmeler iýip doýdular. Soň şägirtler galan çörekler bilen balyklary ýygnadylar. Hiç zat zaýalanmady. Ýygnanan zatlar 12 sebet boldy. Şeýdip, Isa gudrat bilen adamlary doýurdy.
Isa adamlaryň aladasyny edýärdi. Adamlar ony patyşa etjek boldular. Ýöne Ýehowa Isany şol wagt patyşa bellemändi. Isa-da muny bilýärdi. Şonuň üçinem ol gelen adamlary yzyna ugratdy. Şägirtlerine bolsa: «Jelile deňziniň beýleki tarapyna geçiň» diýdi. Şägirtler gaýyga münüp gitdiler. Isa Atasyna dileg etmek üçin daga gitdi. Isa näçe işli bolsa-da, wagt tapyp doga edýärdi.
«Zaýalanýan çöregi däl, zaýalanmaýan, ýagny ebedi ýaşaýyş berýän çöregi almaga jan ediň. Size şol çöregi Ynsan ogly berip biler» (Ýahýa 6:27).