Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • lfb sap. 87 sah. 204—sah. 205 abz. 3
  • Isanyň soňky agşam nahary

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Isanyň soňky agşam nahary
  • Mukaddes Kitapdan sapaklarym
  • Meňzeş maglumat
  • Halypamyzyň agşam nahary
    Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
  • Ýokarky otagda
    Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
  • «Muny meni ýada salmak üçin berjaý ediň»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2013
  • Isanyň bellejek soňky Pasha baýramy golaýlaýar
    Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
Başgalary
Mukaddes Kitapdan sapaklarym
lfb sap. 87 sah. 204—sah. 205 abz. 3
Isa 11 resuly bilen Ýatlama agşamyny belleýär

87-NJI SAPAK

Isanyň soňky agşam nahary

Ýehudylar her ýyl Pasha baýramyny belleýärdi. Ol Nisan aýynyň 14-ne bellenilýärdi. Şeýdip, olar Ýehowanyň eden ýagşylygyny ýatlaýardy. Ysraýyllar öň Müsürde gul bolup ýaşaýardy. Ýehowa olary şol ýerden alyp çykdy. Olary söz beren ýurduna getirdi. Biziň eramyzyň 33-nji ýylydy. Isa şägirtleri bilen Iýerusalimde bir öýüň ýokarky otagynda otyrdy. Olar Pasha baýramyny belleýärdi. Iýip-içip bolansoňlar, Isa şägirtlerine: «Şu gün biriňiz meni duşmanlara satarsyňyz» diýdi. Olaryň ýüregi ýarylyp: «Kim ol?» diýişdiler. Isa: «Şu çöregi kime bersem, şoldur» diýdi. Soňra Isa çöregi nahara batyryp, Iuda Iskariýota uzatdy. Iuda turup gitdi.

Soňra Isa doga etdi, çörekleri bölüp şägirtlerine paýlady. Olara: «Alyň, iýiň. Şu çörek meniň bedenimi aňladýar» diýdi. Soňra ýene-de doga edip, şägirtlerine şerap uzatdy. Olara: «Alyň, içiň. Bu meniň ganymy aňladýar. Şu gan arkaly günäleriňiz geçiler. Söz berýärin, siz gökde meniň bilen patyşa bolarsyňyz. Şu agşam naharyny meni ýatlamak üçin her ýyl belläň» diýdi. Isanyň şägirtleri her ýyl şeýle edýärler. Häzir oňa Halypamyzyň Ýatlama agşamy diýilýär.

Agşamlyk naharyndan soň, şägirtler dawalaşyp başladylar. Olar: «Men uly-da, men uly» diýişdiler. Ýöne Isa: «Kim uly bolsa, özüni kiçi ýaly alyp barsyn. Başgalara hyzmat etsin» diýdi.

Isa şägirtlerine şeýle diýdi: «Siz meniň dostlarym. Şonuň üçinem size Atamdan öwrenen zatlarymy gürrüň berýärin. Men tizden göge, Atamyň ýanyna giderin. Siz ýerde galarsyňyz. Biri-biriňizi söýüň, şonda adamlar meniň şägirdimdigiňizi bilerler. Bir-biriňizi meniň sizi söýşüm ýaly söýüň».

Iň soňunda Isa Ýehowa doga edýär. Ondan şägirtlerini goramagy haýyş edýär. Şeýle-de olara agzybir bolmaga kömek etmegi soraýar. Ol Hudaýyň adynyň mukaddes bolmagy üçinem doga edýär. Soňra Isa şägirtleri bilen aýdym aýdyp, Ýehowany şöhratlandyrýar. Şondan soň olar öýden çykyp gaýdýarlar. Biraz wagtdan Isany tussag edýärler.

«Gorkma, kiçi süri! Ataňyz size Patyşalygy bermek isleýär» (Luka 12:32).

Soraglar: Isa şägirtlerine näme söz berdi? Isa soňky agşam naharynda şägirtlerine nämeleri öwretdi?

Matta 26:20—30; Luka 22:14—26; Ýahýa 13:1, 2, 26, 30, 34, 35; 15:12—19; 17:3—26

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş