99-NJY HEKAÝA
Ýokarky otagda
IKI gün geçdi. Bu gün hepdäniň dördünji güni, agşam. Isa 12 resuly bilen Pasha naharyny iýmäge ýokarky otaga çykdy. Otagdan çykyp barýan adam Iuda Iskariot. Ol Isany tutmaga kömek etmek üçin, ruhanylaryň ýanyna barýar.
Bir gün öň Iuda olaryň ýanyna gelip: «Isany tutup bersem, maňa näme berersiňiz?» diýip sorady. Olar hem oňa: «Otuz kümüş teňňe bereris» diýdiler. Häzir Iuda Isanyň nirededigini aýtmaga barýar. Eýsem, onuň edýäni erbet iş dälmi?
Pasha naharyny iýip, Isa täze bir üýtgeşik agşam naharyny girizdi. Ol resullara çörek berip: «Muny iýiň, sebäbi bu meniň siz üçin berjek bedenim» diýdi. Soňra şeraply käsäni berip: «Muny içiň, sebäbi bu meniň siz üçin dökýän ganym» diýdi. Injilde muňa «Rebbiň nahary» ýa-da «Rebbiň agşam nahary» diýilýär.
Ysraýyllylar Pasha naharyny iýip, Müsürde Hudaýyň perişdesiniň ysraýyllylaryň öýüniň «gapdalyndan geçip», müsürlileriň bolsa ilkinji çagalaryny öldürendigini ýatlaýardylar. Indi Isa şägirtleri üçin janyny berendigini ýatlatmak isleýär. Şonuň üçin olara bu üýtgeşik agşam naharyny her ýyl bellemegi tabşyrýar.
Rebbiň agşam naharyndan soň, Isa resullarynyň mert hem-de imanda berk bolmalydygyny aýtdy. Iň soňunda, olar Hudaýa öwgi aýdymlaryny aýdyp gaýdýarlar. Häzir eýýäm ýary gijedenem geçipdi. Gel, olaryň nirä gidenini bileli.
Matta 26:14—30; Luka 22:1—39; Ýahýa 13—17-nji baplar; 1 Korintoslylar 11:20.