94-NJI HEKAÝA
Isa çagalary söýýär
ISANYŇ oglanjygy gujaklap durşuna seret. Görýäňmi, Isa çagalaryň aladasyny edýär. Oňa seredip duran adamlar bolsa resullary. Isa olara näme diýýärkä? Gel, bileli.
Isa we resullary ýaňy uzak ýoldan gelipdiler. Ýolda resullaryň arasynda jedel turupdy. Şonuň üçin Isa olardan: «Ýolda näme hakda jedel etdiňiz?» diýip soraýar. Aslynda, Isa olaryň näme hakda jedel edýänini bilýärdi. Ýöne Isa olaryň dogrusyny aýtjagyny ýa aýtmajagyny bilmek üçin sorady.
Resullar jogap bermediler, sebäbi ýolda kimiň uludygy hakda jedel edipdiler. Olaryň käbiri beýlekilerden uly boljak bolýar. Isa olara şeýle pikiriň nädogrudygyny nädip düşündirerkä?
Ol bir oglanjygy ýanyna çagyryp, resullaryň öňünde duruzdy-da: «Men siziň bir zada düşünmegiňizi isleýärin. Eger-de düzelip, çagalar ýaly bolmasaňyz, Hudaýyň patyşalygyna girmersiňiz. Kim şu çaga ýaly bolsa, patyşalykda şol hem iň uly bolar» diýdi. Isa näme üçin beýle diýdikä?
Çagalar uly ýa abraýly bolmak barada pikir etmeýär. Şonuň üçin resullar çagalardan görelde alyp, kimiň uludygy ýa abraýlydygy hakda jedel etmeli däldiler.
Isa çagalar barada alada edýändigini birnäçe gezek görkezipdi. Birnäçe aýdan käbir adamlar Isanyň ýanyna çagalaryny getirýär. Resullar bolsa çagalary Isanyň ýanyna goýbermeýärler. Ýöne Isa resullara: «Çagalar ýanyma gelsin, olary saklamaň, sebäbi Hudaýyň patyşalygyna şular ýalylar girer» diýýär. Soňra Isa çagalary gujaklap, olara ak pata berýär. Isanyň çagalary söýýändigi, eýsem, seni begendirmeýärmi?