Hudaý zalym dünýäni ýok edýär
18 Adam-atanyň nesli köpeldi. Olar hem juda erbetleşdiler. Hudaý olary ýok etmekçi boldy (Barlyk 6:1, 5, 7).
19 Emma Nuh atly bir gowy adam bardy (Barlyk 6:8, 9).
Ýehowa Hudaý oňa bir örän uly gämi ýasamagy tabşyrdy. Erbet adamlar ýok edilende Nuh we onuň maşgalasy şol gämide gutulup bilerdiler. Bu gämi ullakan bir guta meňzeşdi (Barlyk 6:13, 14).
20 Olar gäminiň içine bir giden haýwanlary aldylar (Barlyk 6:19—21).
21 Ýehowa örän güýçli ýagyş ýagdyrdy. Hemme erbet adamlar öldi. Gämidäkileriň hemmesi bolsa halas boldy. Munuň sebäbini bilýärmisiň? (Barlyk 6:17; 7:11, 12, 21; 1 Petrus 3:10—12).