Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • sp sah. 11—12
  • Arwah-jynlar ganhor!

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Arwah-jynlar ganhor!
  • Ölüleriň ruhy. Olar saňa kömek edip ýa-da zyýan ýetirip bilermi? Ölüleriň ruhy barmyka?
  • Meňzeş maglumat
  • Isa jynlardan has güýçli
    Beýik Mugallymdan öwreniň
  • Hudaýyň duşmanlary. Olar kim?
    Sen Hudaýyň dosty bolup bilersiň!
  • Ajaýyp gelejek
    Ölüleriň ruhy. Olar saňa kömek edip ýa-da zyýan ýetirip bilermi? Ölüleriň ruhy barmyka?
  • Perişdeler barada näme bilýärsiň?
    Ebedi ýaşaň! Mukaddes Kitap boýunça söhbetdeşlik
Başgalary
Ölüleriň ruhy. Olar saňa kömek edip ýa-da zyýan ýetirip bilermi? Ölüleriň ruhy barmyka?
sp sah. 11—12

Arwah-jynlar ganhor!

Şeýtan we onuň arwah-jynlary hemişe zalym hem howpludy. Gadym wagtlarda Şeýtan Hudaýa wepaly Eýýubyň malyny we hyzmatkärlerini ýok etdi. Soňra ol Eýýubyň on çagasynyň ýygnanan öýüne «gara ýel» iberip, olaryň hemmesini öldürdi. Şondan soň, Şeýtan Eýýuby «dabanyndan depesine çenli örän agyryly heýwere bilen keselletdi» (Eýýup 1:7-19; 2:7).

Isanyň günlerinde arwah-jynlar adamlary kör we lal edýärdiler (Matta 9:32, 33; 12:22) Olar bir adama daşlar bilen öz-özüni ýaralatdyryp, ony gaty gynadylar (Marka 5:5). Bir çagany bolsa gygyrdyp, ýere urdular we «köp silterlediler» (Luka 9:42).

Geçmişde arwah-jynlar adamlary kesel edýärdiler, käbir adamlary bolsa ýere urup, silterleýärdiler.

Şu günler Şeýtan we arwah-jynlar has-da zalym. Gökden zyňlandan bäri, olaryň zalym işleri köpeldi. Dünýä habarlary olaryň örän rehimsizdigini görkezýär. Käbir adamlary kesel edýärler. Beýleki adamlary gorkunç düýşler bilen gynap, ukusyz goýýarlar. Başgalara bolsa jynsy taýdan azar berýärler. Şeýle-de, adamlaryň akylyny azaşdyrýarlar, adam öldürdýärler ýa-da janyna kast etdirýärler.

Şu günler arwah-jynlar käbir adamlary zorluk etmäge itekleýärler, beýleki adamlary bolsa gijelerine gorkunç düýşler bilen gynaýarlar.

Surinamda ýaşaýan Lintina atly aýal bir jynyň, ýagny ýaman ruhuň onuň maşgalasyndan 16 adamy öldürendigini, özüni bolsa 18 ýyllap beden we ruhy taýdan gynandygyny gürrüň berýär. Jynlaryň «alaçsyz adamlary öler ýaly gynap, keýp alýandygyna» ol göz ýetirdi.

Ýöne Ýehowa gullukçylaryny Şeýtanyň hüjümlerinden gorap bilýär (Süleýmanyň tymsallary 18:10).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş