Gökdäki pitne
Şeýtan ýylany ulanyp, How ene bilen gürleşende, How ene onuň Hudaýa garşy pitnesine goşuldy.
Ýehowanyň ýaradan perişdeleriniň ählisi gowudy. Ýöne soňra bir perişde ýaman boldy. Ol Şeýtan Iblis. Şeýtan ýerdäki adamlaryň Ýehowa däl-de, onuň özüne sežde etmegini isledi. Ine, şeýle waka bolup geçdi.
Erem bagynda süýji miweli ençeme agaçlar bardy. Ýehowa Adam ata we onuň aýaly How enä şol agaçlaryň hemmesiniň miwesinden arkaýyn iýiberiň diýdi. Emma bir agaç bardy, Hudaý onuň miwesinden iýmegi gadagan etdi. Hudaý şol agajyň miwesinden iýseňiz, hökman ölersiňiz diýip duýdurdy (Barlyk 2:9, 16, 17).
Bir gezek How ene ýeke özükä, ýylan oňa gep goşdy. Elbetde, ýylanyň özi geplänokdy, How ene bilen gürleşmek üçin ony Şeýtan Iblis ulanýardy. Şeýtan How enä şol gadagan edilen miweden iýseň, Hudaý ýaly paýhasly bolarsyň diýdi. Şeýle-de, sen ölmersiň diýip söz berdi. Bu sözleriň bary ýalandy. Ýöne How ene Şeýtana ynanyp, miwäni iýdi. Soňra şol agajyň miwesinden Adam ata-da berdi, ol hem iýdi (Barlyk 3:1-6).
Bolup geçen şu wakadan Şeýtanyň pitneçi hem ýalançydygyny bilýäris. Ol How enä Hudaýa gulak asmasaň hem, ölmersiň diýdi. Emma ol ýalan sözleýärdi! Aslynda, How ene-de, Adam ata-da öldi. Şeýtan şol wagt ölmese-de, oňa ölüm garaşýar, sebäbi ol günä etdi. Ol häzir diri we adamlary aldap ýör. Ol şol öňküsi ýaly ýalançy, adamlara Hudaýyň kanunyny bozdurjak bolýar (Ýahýa 8:44).
Beýleki perişdeleriň pitnesi
Soňra beýleki perişdeler hem ýaman boldular. Olar ýerdäki owadan aýal-gyzlary görüp, olar bilen jyns gatnaşygyny etmek islediler. Şeýlelikde, olar Ýer ýüzüne düşüp, erkek adamyň keşbine girdiler we şol aýal-gyzlardan özlerine aýal aldylar. Şeýdip olar Hudaýyň islegine garşy çykdylar (Barlyk 6:1, 2; Ýahuda 6).
Ýaman perişdeler aýal-gyzlar bilen ahlaksyzlyk etmek üçin ýere düşdüler.
Bu bolsa adamlara köp betbagtçylyk getirdi. Şol perişdeleriň aýallarynyň çagasy boldy, ýöne olar beýleki çagalara meňzeş däldi. Olar ägirt uly, ýaman we zalym adamlar bolup ýetişdiler. Tizden bütin Ýer ýüzi zorlukdan doldy, şonuň üçin hem, Ýehowa Ýer ýüzüne uly tupan indirip, ýaman adamlaryň hemmesini ýok etdi. Diňe Nuh atly dogry adam we onuň maşgalasy Tupanda diri galdy (Barlyk 6:4, 11; 7:23).
Ýöne ýaman perişdeler heläk bolmadylar, olar göge dolandylar. Ýöne olara jeza berildi. Ýehowa olara dogry perişdeleriň arasyna gaýdyp barmaga we goşulmaga rugsat bermedi. Şondan bäri Ýehowa olara ynsan keşbine girmegi gadagan etdi. Ahyrsoňy olar beýik höküm güni heläk bolarlar (2 Petrus 2:4; Ýahuda 6).
Şeýtan gökden zyňyldy
Şeýtan we onuň ýaman perişdeleri gökden zyňyldy.
XX asyryň başynda gökde uruş turdy. Injiliň Ylham kitaby ony şeýle beýan edýär: «Gökde uruş turdy. Mikaýyl [direlen Isa Mesih] we onuň [ýagşy] perişdeleri aždarha [Şeýtan] bilen uruşdylar. Aždarha-da öz [ýaman] perişdeleri bilen gaýtawul berdi. Ýöne ýeňmäge güýji ýetmän, gökdäki ýerlerini elden berdiler. Iblis ýa şeýtan diýip atlandyrylan uly aždarha, bütin dünýäni azdyrýan köne ýylan perişdeleri bilen ýer ýüzüne zyňyldy».
Uruş näme bilen gutardy? Soňra Injilde şeýle habar berilýär: «Eý gökler we göklerde ýaşaýanlar, munuň üçin begeniň!». Ýagşy perişdeler muňa örän begendiler, sebäbi Şeýtan we onuň ýaman perişdeleri, ýagny ruhlar indi gökde däldi. Eýsem bu waka ýerdäki adamlara nähili täsir etdikä? Injilde şeýle diýilýär: «Ýer we deňiz waý siziň halyňyza! Çünki iblis wagtynyň azlygyny bilip, gahar-gazaba münüp, siziň üstüňize geldi» (Ylham 12:7-9, 12).
Hawa, Şeýtan we onuň ýaman perişdeleri adamlary hakykatdan-da azdyrýar hem-de olaryň gününi agyrlaşdyrýar. Şol ýaman perişdelere arwah-jynlar diýilýär. Olar Hudaýyň duşmany. Olaryň ählisi ýamanlyk edýärler.