Maşgala durmuşyna şatlan
Maşgalalar hakykatdan-da bagtly bolup bilerlermi?
Nädip?
Şu kitapçanyň sahypalarynda görkezilen agzybir we bagtly maşgalalar ýaly seniň bilýän maşgalalaryň barmy? Ähli ýerde maşgalalar bozulýar. Nika bozulmagy, iş baradaky gaýgylanmalar, ýekelikde çaga terbiýeleýän ene-atalaryň aladalary, lapykeçlik — bularyň hemmesi agyr ýagdaýa getirýär. Maşgala durmuşyny öwrenýän bir ekspert zeýrenip aýdýar: «Maşgala dargamagy baradaky maglumatlar indi her kime aýan boldy».
Näme üçin bu gün maşgalalar şeýle agyr ýagdaýa sezewar bolýarlar? Biz maşgala durmuşyna nädip şatlanyp bileris?
Maşgalanyň başlanyşy
Bu soraglara jogap bermek üçin, nikanyň we maşgalanyň döreýşi barada bilmegimiz gerek. Sebäbi, eger bularyň Döredijisi — Ýaradany bar bolsa, onda maşgala agzalary goldawy ondan gözlemelidir, çünki maşgala durmuşyna biziň nädip doly şatlanyp biljegimizi ol hemmelerden hökman gowy bilmeli.
Geň zat, köp kişi maşgala gurluşynyň Döredijisi ýok diýip hasap edýärler. «Amerikan ensiklopediýasy» («The Encyclopedia Americana») aýdýar: «Käbir alymlar nikanyň döreýşini, adamdan pesde duran haýwanlaryň jübüt birleşmegi bilen baglamakçy bolýarlar». Emma Isa Mesih erkegiň we aýalyň ýaradylyşy barada aýdypdy. Ynandyryjy maglumat hökmünde, Ol, Mukaddes Ýazgylaryň irki habaryny getirip aýtdy: «Hudaýyň goşanyny ynsan aýyrmasyn» (Matta 19:4—6).
Hawa, Isa Mesih dogry aýdýar. Paýhasly Hudaý ilkinji adamlary döredip, olaryň maşgala durmuşy bagtly bolmagy üçin aladalandy. Hudaý birinji ysan jübütini nikada birleşdirip, erkek adam «aýalyna ýapyşar we bir beden bolarlar» diýdi (Barlyk 2:22—24). Belki, onda, bu gün döreýän maşgala problemalary, Ýaradyjynyň öz Sözünde, Mukaddes Ýazgylarda bellän kadalaryny bozmakdan döreýändir?
Haýsy ýol üstünlige eltýär?
Seniň bilşiň ýaly, şu wagtky dünýä diňe özüňi bilmeklige we öz bileniňi etmeklige ýardam edýär. Birleşen Ştatlarda bir maliýe işgäri, kolleji gutarýan okuwçylara şeýle diýdi: «Açgözlük zordyr. Sen açgöz boluber, şonda-da özüň hakda gowy pikirli bolup bilersiň». Ýöne maddy baýlyk üçin kowalaşma üstünlige eltmeýär. Hakykatda, baýlyga kowalaşmak maşgala durmuşy üçin iň howply zatlaryň biridir, çünki ol, adamlaryň aragatnaşygyna päsgel berip, olaryň wagtyny we puluny alýar. Munuň tersine, Mukaddes Ýazgylaryň bary-ýogy iki sany tymsaly, bize, bagt üçin nämäniň möhümdigini düşünmäge kömek edişine üns ber:
«Söýginiň bar ýerinde gök ösümlikli nahar duşmançylyk bilen iýilen bagöküzden gowudyr».
«Dawasyz gury çörek toý aşyndan doly dawaly öýden gowudyr».
Süleýmanyň Tymsallary 15:17; 17:1.
Nähili ynandyryjy tymsallar, şeýle dälmi? Şu barada pikir et, eger-de her bir maşgala şu ähmiýetler boýunça ýaşan bolsa, dünýä gör nähili üýtgeşik bolardy! Mukaddes Ýazgylar, şeýle hem maşgala agzalary bir-birleri bilen nähili gatnaşmalydygy barada gymmat gollanma berýär. Onda berilýän birnäçe maslahatlara üns ber:
Ärlere: «Aýalyňy öz teniň kimin söý» (Efesliler 5:28—30).
Ýönekeý, emma örän peýdaly! Şeýle hem Mukaddes Ýazgylar äre «hatyny syla» diýip maslahat berýär (1 Petrus 3:7). Ol muny, aýalyna aýratyn üns bermegi bilen, mähir, düşünje we goldaw bildirmegi bilen edýär. Şeýle hem ol onuň pikirine hormat goýýar we ony diňleýär. (Deňeşdir, Barlyk 21:12.) Eger her bir är özi bilen nähili gatnaşylmak isleýän bolsa, aýaly bilen hem şonuň ýaly aladaly gatnaşyk etse, bu her bir maşgala üçin haýyr getirer. Sen şunuň bilen razymysyň? (Matta 7:12).
Aýallara: «Öz äriňe uly hormat goý» (Efesliler 5:33, TD).
Aýal öz ärine, onuň kyn wezipesini ýerine ýetirmekde kömek edip maşgalanyň bagtyna ýardam edýär. Bu başdan göz öňüne tutulan zat, sebäbi Hudaý aýaly erkege «goşmaça kimin kömekçi» bolsun diýip berdi (Barlyk 2:18, TD). Aýal öz äriniň kararlaryny goldap we maşgala maksatlaryna ýetmekde onuň bilen işleşip oňa hormat goýanda, maşgala durmuşyna geljek eşretleri sen göz öňüne getirip bilýärmisiň?
Är-aýala: «Ärler we aýallar bir-birine wepaly bolmalydyrlar» (Ýewreýler 13:4, Today’s English Version).
Eger olar bir-birine wepaly bolsalar maşgala durmuşy şübhesiz gowulyk getirýär. Zyna köplenç maşgalany bozýar (Süleýmanyň Tymsallary 6:27—29, 32). Şonuň üçin Mukaddes Ýazgylaryň bize öwredýäni akyldarlykdyr: «Ýaşlygyň aýaly bilen şatlan... onuň söýgüsinden mydama serhoş bol... sen näme üçin bir keseki... aýaly bagryňa basjak?» (Süleýmanyň Tymsallary 5:18—20).
Ene-atalara: «Çagaňy [başdan] gitmeli ýoluna öwrenişdir» (Süleýmanyň Tymsallary 22:6).
Haçan ene-atalar öz çagalaryna wagtyny we ünsüni berenlerinde, maşgala durmuşy hökman gowlanýar. Şonuň üçin Mukaddes Ýazgylar ene-atalara, «öýde oturanda-da, ýoldan barýarka-da, ýatanda turanda-da» öz çagalaryny dogry prinsiplere öwretmegi maslahat berýär (Kanunyň Gaýtalanyşy 11:19). Şeýle hem Mukaddes Ýazgylar, ene-atalar çagalaryny tertip-düzgüne öwredip, olara söýgi bildirmelidiklerini aýdýar (Efesliler 6:4).
Çagalara: «Eý çagalar, Rebde ene-ataňyzyň sözlerine gulak asyň» (Efesliler 6:1).
Dogry, bu bikanunlyk dünýäsinde ene-atalaryňyza hemişe gulak asmak aňsat däl. Emma maşgalany Döredeniň aýdýanyny etmek akyllylykdyr. Siz şunuň bilen razymysyňyz? Biziň maşgala durmuşymyzy nädip has bagtly etmelidigini Ol gowy bilýär. Şonuň üçin jan çekip öz ene-atalaryňyza gulak asjak boluň. Erbetlik etmäge höwes döredýän dünýäniň ähli duzaklaryndan gaçmakda hyjuwdan doly boluň (Süleýmanyň Tymsallary 1:10—19).
Her bir maşgala agzasy Mukaddes Ýazgylaryň maslahatyny näçe ulansa, şonça-da maşgala durmuşy şatlykly bolar. Maşgala bu gowy durmuşa diňe şu gün begenmek bilen çäklenmez, eýsem Hudaýyň wada beren geljekki ajaýyp täze dünýäsinde ýaşamaga-da umydy bolar (2 Petrus 3:13; Ylham 21:3, 4). Şonuň üçin Mukaddes Ýazgylary maşgala bilen bilelikde öwrenmegi özüňe endik et! Bütin dünýäde millionlarça maşgalalar Ebedi ýaşaýşa eltýän bilim atly, owadan bezelen kitabyň içinde berilýän gollanmanyň hakyky peýda getirýändigine göz ýetirdiler.
Şu kitapçadaky görkezilen aýatlar Mukaddes Ýazgylaryň türkmen dilindäki terjimesinden alyndy. Eger aýatdan soň TD belligi goýlan bolsa, onda şol aýat iňlis dilinde neşir edilen «Mukaddes Ýazgylaryň Täze Dünýä Terjimesinden» alnyp terjime edilendigini aňladýar.
«Suratlary ygtyýaryna berenler: Ýolbarsjyklar: mähribanlyk rugsady bilen HartebeSpoortdam Snake and Animal Park».