BIRINJI BAP
Maşgala bagtynyň syry barmy?
1. Adamzat jemgyýetinde agzybir maşgala näme üçin ähmiýetli orun tutýar?
MAŞGALA—adamzat jemgyýetinde gadym zamandan bäri örän ähmiýetli orun tutýar. Agzybir maşgalalar bütin taryhyň dowamynda jemgyýetiň agzybir bolmagyna ýardam edýärdi. Maşgala çagalary terbiýelemek üçin möhüm rol oýnaýar.
2—5. a) Bagtly maşgaladaky çaganyň özüni nähili duýýandygyny gürrüň beriň. b) Käbir maşgalalarda nähili kynçylyklar bolýar?
2 Bagtly maşgala howpsuz we asuda ýer. Birsalymlyk gowy maşgalany göz öňüne getireliň. Agşamlyk nahary başynda ata-ene çagalary bilen günüň dowamynda eden işleri barada gürrüň edýär. Çagalar biri-birinden öňürdip, ata-enesine mekdepde bolan wakalary aýdyp berýärler. Maşgala bilelikde dynç alanda, olaryň her biri ertirki güne güýç-kuwwat alýar.
3 Bagtly maşgaladaky çaga syrkawlanda ata-enesiniň onuň aladasyny edip, bütin gije gezekli-gezegine durup seretjekdigini bilýän bolsa gerek. Ol ata-enesiniň ýanyna nähili kyn mesele bilen gelse-de, öwüt-nesihat we goldaw aljakdygyny bilýär. Hawa, dünýäniň howpludygyna garamazdan, çaga özüni rahat duýýar.
4 Çagalar ulalandan soňra durmuş gurup, özbaşdak maşgala bolýar. Gündogar nakyllarynyň birinde şeýle diýilýär: «Ata-enäniň gadyryny çagaň bolanda bilersiň». Hawa, ata-enesini söýýän we olaryň gadyryny bilýän çagalar ulalanda öz maşgalasyny bagtly etmäge jan edýärler. Şeýle-de olar agtyklary bilen gürrüňdeş bolmakdan şatlyk tapýan gartaşan ata-enesiniňem aladasyny edýärler.
5 Mümkin, siz şeýle pikir edýänsiňiz: «Men öz maşgalamy söýýärin, ýöne ol şu ýerde aýdylan maşgala asla meňzemeýär. Maşgalamyzda menem işleýärin, ýanýoldaşymam. Iş wagtymyzyň dürli-dürli bolandygy sebäpli biri-birimizi görmäge zordan ýetişýäris. Biz görüşenimizde-de, diňe pul ýetmezçiligi barada gepleşýäris». Megerem, siz: «Çagalarym, agtyklarym başga şäherde ýaşaýarlar, meniň olary görmäge mümkinçiligim ýok» diýýänsiňiz. Şeýle sebäplere görä, bagtly ýaşaýan maşgala az. Emma şonda-da käbir maşgalalar bagtly ýaşaýar. Nädip? Maşgala bagtynyň syry barmy? Elbetde bar. Ýöne, ilki bilen, başga bir wajyp soraga seredeliň.
MAŞGALA NÄME?
6. Bu kitapda haýsy maşgalalar barada gürrüň ediler?
6 Günbatar ýurtlaryndaky maşgalalarda adat boýunça kakasy, ejesi, çagalary bile ýaşaýarlar. Atasy we enesi bolsa başardygyndan çagalaryndan aýry ýaşaýar. Olar daş garyndaşlary bilen gatnaşyp bilseler-de, olara bolan borçlary çäkli bolýar. Bu kitapda, esasan, şeýle maşgalalar barada gürrüň ederis. Ýöne soňky ýyllarda doly däl maşgalalar, ýagny ikinji nikanyň netijesinde dörän ýa-da dürli sebäplere görä ata-enesi bile ýaşamaýan birnäçe maşgalalar peýda boldy.
7. Uly maşgala näme?
7 Käbir halklarda uly maşgalalar giňden ýaýran. Şeýle maşgaladaky çagalar atasynyň, enesiniň, hatda daşky garyndaşlarynyňam aladasyny edýärler. Meselem, maşgala agzalary ýegenini, ýegençisini we daşky garyndaşlaryny terbiýelemekde arkalaşýar, hatda olaryň bilim almagy üçin okuwynyňam puluny töleýär. Bu kitapdaky ara alyp maslahatlaşyljak prinsipleri uly maşgalalar-da ulanyp biler.
MAŞGALA ABANÝAN KYNÇYLYKLAR
8, 9. Käbir ýurtlarda maşgala ýagdaýynyň erbetleşýändigini nähili kynçylyklar görkezýär?
8 Şu günler, gynansak-da, maşgalanyň ýagdaýy gitdigiçe erbetleşýär. Meselem, Hindistany alyp göreliň. Olaryň ýerli däplerine görä, öýlenen ýigit gelni bilen ata-enesiniň öýünde ýaşaýar, gelin öýüň işlerini şolaryň diýeni boýunça edýär. Häzir bolsa, hindi aýallarynyň öýüniň daşyndan hem iş gözleýändikleri geň galdyrmaýar. Muňa garamazdan, ol öýüň işlerine-de ýetişmeli. Şonuň üçin köp ýurtlarda eger aýal başga işde-de işleýän bolsa, maşgalanyň beýleki agzalaryna garanda, ol öýde näçeräk iş etmeli diýen sorag ýüze çykýar.
9 Gündogar ýurtlarynda uly maşgalalar dogan-garyndaşlary bilen ýakyn gatnaşygy saklaýar. Emma Günbatar ýurtlarynyň täsiri astynda hem-de ykdysady kynçylyklar sebäpli, şeýle maşgalalaryň garyndaşlyk gatnaşygy gowşaýar. Şonuň üçin gartaşan garyndaşlaryňa seretmeklik hormatly borç hasaplanman, gaýtam, kyn görülýär. Käbirleri gartaşan ata-enesine gaty rehimsiz garaýarlar. Dogrudanam, köp ýurtlarda garrylara hormat goýman, äsgermezçilik edýärler.
10, 11. Ýewropa ýurtlarynda maşgalanyň özgerendigini nähili deliller görkezýär?
10 Nikany bozmak adaty zada öwrülip barýar. XX asyryň aýaklarynda Ispaniýada sekiz nikadan biri bozulýardy, bary-ýogy 25 ýyl mundan ozal bolsa, ýüz nikadan diňe biri bozulýardy. Hasabat boýunça Ýewropada nikanyň iň köp bozulýan ýeri Beýik Britaniýa (10 nikadan 4-si bozulýar), şol sebäpli, ol ýerde atasyz ýa enesiz maşgala gitdigiçe köpelýär.
11 Germaniýada köp adamlar göräýmäge maşgala gurmak asla islemeýärler. Ol ýerde 1990-njy ýyllarda ýaşaýyş jaýlarynyň 35 göteriminde bir adam ýaşaýardy, 31 göteriminde bolsa iki adam ýaşaýardy. Şeýle-de Fransiýada adamlar seýrek durmuş gurýarlar, durmuş guranlar bolsa öňkä garanda, köplenç çalt aýrylyşýarlar. Olaryň köpüsi nikanyň jogapkärçiligini öz üstüne almajak bolup, nikasyz ýaşaşmagy halaýarlar. Şeýle ýagdaýy hemme ýerde görse bolýar.
12. Maşgala ýagdaýynyň üýtgändigi sebäpli, çagalar nähili horluk çekýär?
12 Eýsem, bu çagalara nähili täsir edýär? Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda we beýleki ýurtlarda nikasyz dogulýan çagalaryň sany barha artýar, hatda käbir eneleriň özi entek ýetginjek. Köplenç şeýle ýetginjek gyzlaryň aýry-aýry erkek adamlardan birnäçe çagalary bar. Bütindünýä maglumatynda köçede entäp ýören millionlarça öýsüz-öwzarsyz çagalar barada aýdylýar, olaryň köpüsi zulum-rehimsizlikden ýaňa öýünden gidýärler. Käbir ata-eneler bolsa, çagalaryny ekläp bilmän öýünden kowýar.
13. Maşgalanyň bagtly bolmagyna, esasan, nähili kynçylyklar päsgel berýär?
13 Hawa, maşgalalaryň ýagdaýy gaty agyr. Ýokarda aýdylanlardan başga-da ýetginjekleriň ata-enesine gulak asmazlygy, çagalara bolan rehimsizlik, nikadaky zorluk, arakkeşlik we durmuşyň beýleki kynçylyklary maşgalanyň bagtly bolmagyna päsgel berýär. Köp çagalar we ulular üçin maşgala howpsuz hem asuda ýer diýip bolmaýar.
14. a) Käbirleri maşgala howp abanýandygyny nämeden görýärler? b) I asyrda ýaşan bir belli kanunçy dünýäniň ýagdaýyny nähili beýan etdi we onuň sözleriniň ýerine ýetişi maşgala nähili täsir edýär?
14 Maşgala näme üçin howp abanýar? Käbirleri munuň sebäbini aýallaryň önümçilikde işlemeginden görýär. Başgalar bolsa şu günki ahlagyň pese düşmeginden görýär. Mundan başga-da sebäpler bar. Takmynan iki müň ýyl mundan ozal, bir belli kanunçy maşgala nämäniň täsir etjekdigini şeýle sözler bilen aýtdy: «Soňky günlerde juda kyn döwrüň boljakdygyny bilip goý. Sebäbi adamlar özüni bilýän, puly söýýän, öwünjeň, tekepbir, Hudaýa dil ýetirýän, ata-enesine gulak asmaýan, gadyr bilmez, biwepa, dogan-garyndaşlaryny söýmeýän, eglişik etmeýän, töhmetçi, özüne erk etmeýän, zalym, ýagşylygy ýigrenýän, dönük, kesir, gopbamsy, Hudaýy däl-de, lezzeti söýýän» bolar (2 Timoteos 3:1—4). Şu günler bu sözleriň ýerine ýetýändigine kim şübhelenip biler? Dünýäniň şu ýagdaýyny görüp, maşgalalara howp abanýandygyna hiç kim geň galmasa gerek?
MAŞGALA BAGTYNYŇ SYRY
15—17. Bu kitap nämä esaslanyp, maşgala bagtynyň syryny aýan edýär?
15 Maşgalany bagtly etmek barada örän köp maslahat berilýär. Meselem, Günbatar ýurtlarynda maslahat berýän kitaplardan we žurnallardan ýaňa dükanlar hyryn-dykyn. Emma adamlaryň berýän maslahatlary biri-birine garşy gelip, bu gün peýdaly bolup görünýän maslahatlar ertir ýaramsyz bolmagy mümkin.
16 Maşgala durmuşy üçin ynamly görkezmäni nireden tapyp bolar? Siz maslahat almak üçin takmynan 1900 ýyl mundan öň ýazylan kitaby okamak islärmisiňiz? Belki, siz şeýle kitaby könelişendir öýdýärsiňiz? Aslynda, maşgala bagtynyň hakyky syryny şeýle kitapdan tapyp bolýar.
17 Bu kitap—Mukaddes Ýazgylar. Bu kitabyň Hudaýyň ylhamy bilen ýazylandygyna hemme zat güwä geçýär. Mukaddes Ýazgylarda: «Ýazgylaryň hemmesi Hudaýyň ylhamy bilen ýazylyp, öwretmek, käýemek, dogry ýola getirmek we Hudaýyň dogry kadalary boýunça terbiýelemek üçin peýdalydyr» diýilýär (2 Timoteos 3:16, 17). Eliňizdäki kitap arkaly şu günler maşgalada ýüze çykýan kynçylyklary Mukaddes Ýazgylaryň kömegi bilen «dogry ýola getirip» bolýandygyna serederis.
18. Nika barada sorag ýüze çykanda näme üçin Mukaddes Ýazgylara ýüzlenmek dogry?
18 Eger-de siz Mukaddes Ýazgylaryň maşgalaňyzyň bagtly bolmagyna kömek etjekdigine şübhelenýän bolsaňyz, onda şu sözler barada oýlanyp görüň: maşgalany hem şol kitabyň Awtory döretdi (Gelip çykyş 2:18—25). Mukaddes Ýazgylarda onuň adynyň Ýehowadygy aýdylýar (Zebur 8:1). Ol biziň Ýaradyjymyz hem-de Atamyz. Şonuň üçin her bir maşgala gökdäki Atamyzyň öňünde borçly (Efesliler 3:14, 15). Adamzat ýaradylandan bäri, Ýehowa maşgala durmuşyna syn edip gelýär. Ol maşgalada kynçylyklaryň dörejekdigini we ony çözmek üçin nähili maslahatlaryň gerekdigini bilýär. Bütin taryhyň dowamynda Mukaddes Ýazgylaryň prinsiplerine eýerýän adamlaryň maşgalasy has bagtly ýaşaýardy.
19—21. Nikada ýüze çykýan kynçylyklary Mukaddes Ýazgylaryň kömegi bilen çözüp bolýandygyny haýsy mysallar görkezýär?
19 Meselem, Indoneziýada öý hojalykçy bir aýal humarly oýunlary halaýardy. Ol ýanýoldaşy bilen hemişe käýişýärdi, ençeme ýyllap üç çagasynyň aladasyny etmeýärdi. Soňra ol Mukaddes Ýazgylary öwrenip başlaýar. Ol aýal ýuwaş-ýuwaşdan Mukaddes Ýazgylaryň ynama mynasypdygyna göz ýetirdi. Mukaddes Ýazgylardaky maslahatlary durmuşynda ulanyp başlandan soň, ol ýakymly aýal bolup, maşgalasyny bagtly etdi.
20 Ispaniýada ýaşaýan öý hojalykçy bir aýal şeýle gürrüň berýär: «Maşgalamyzda kynçylyklar döräp başlanynda durmuş guranymyza bary-ýogy bir ýyl bolupdy». Ol är-aýalyň garaýyşlary köp zatda gabat gelmeýärdi, olar diňe jedelleşip, düzüwli gepleşmeýärdiler. Gyzjagazynyň bardygyna garamazdan, olar aýrylyşmak islediler. Emma olara aýrylyşmankalar Mukaddes Ýazgylary okap görmeklerini maslahat berdiler. Olar Mukaddes Ýazgylardaky erkeklere we aýallara berlen maslahatlary durmuşynda ulanyp başladylar. Birnäçe wagtdan soň olar biri-biri bilen asuda gepleşmegi öwrendi, olaryň kiçi maşgalasyna bagt indi.
21 Mukaddes Ýazgylar gartaşan adamlara-da kömek edýär. Ýaponiýaly bir är-aýalyň mysalyna seredeliň. Äri gaharjaň adamdy, käwagt uraýmasy-da bardy. Ilki bilen, olaryň gyzlary ata-enesiniň päsgelçiligine garaman, Mukaddes Ýazgylary öwrenip başlaýar. Biraz wagtdan kakasy-da gyzlaryna goşulýar, emma ejesi garşylyk görkezmegini dowam edýär. Wagtyň geçmegi bilen ejesi Mukaddes Ýazgylardaky prinsipleriň maşgalasyna gowy täsir edýändigine göz ýetirip başlaýar. Sebäbi gyzlary ejesiniň aladasyny edýärdi, ýanýoldaşy bolsa öňküdenem ýumşady. Şeýle özgerişler bu aýaly Mukaddes Ýazgylary öwrenmäge höweslendirdi, Hudaýyň Sözi oňa-da gowy täsir etdi. Bu gartaşan aýal: «Biz indi hakykatdanam är-aýal bolduk» diýip, telim sapar aýtdy.
22, 23. Mukaddes Ýazgylar ähli milletdäki adamlaryň maşgala durmuşynyň bagtly bolmagyna nädip kömek edýär?
22 Maşgala bagtynyň syrynyň bardygyna göz ýetiren adamlar kän. Olar Mukaddes Ýazgylardaky maslahatlary kabul edip, öz durmuşynda ulanyp başladylar. Olar hem beýleki adamlar ýaly zalym, ahlaksyz we ykdysady taýdan kyn döwürde ýaşaýar. Galyberse-de, olar bikämil, emma şonda-da nikany Döredeniň islegini ýerine ýetirip bagtly ýaşaýar. Mukaddes Ýazgylarda Ýehowa Hudaý: «Men saňa peýdaly zatlary öwredýän, seni ýöremeli ýoluňdan alyp barýan Hudaýyň Ýehowadyryn» diýýär (Işaýa 48:17).
23 Mukaddes Ýazgylaryň ýazylanyna takmynan iki müň ýyl geçse-de, onuň maslahatlaryny häzirem ulanyp bolýar. Şeýle-de bu kitap ähli adamlar üçin ýazylan. Mukaddes Ýazgylar amerikanlaryň ýa-da ruslaryň kitaby däl. Ýehowa «ähli milletleri döretdi» we ol biziň nähili ýaradylandagymyzy oňat bilýär (Resullaryň işleri 17:26). Mukaddes Ýazgylardaky prinsipler hemmeler üçin peýdaly. Eger siz hem şu prinsipleri durmuşyňyzda ulansaňyz, maşgala bagtynyň syryny bilersiňiz.